6.9 C
Aşkabat
22.11.2024
GÜNÜŇ WAKALARY

Türkmenistanda Pakistanyň Ilçisi Bilen Duşuşyk

2015-nji ýylyň 18-nji maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Pakistan Yslam Respublikasynyň Türkmenistana täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi jenap Abdul Malik bilen duşuşyk geçirildi.

Duşuşygyň başynda Ilçi özüniň ynanç hatlarynyň nusgasyny gowşurdy. Gepleşikleriň dowamynda taraplar Türkmenistan bilen Pakistan Yslam Respublikasynyň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklarynyň syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarynda häzirki ýagdaýy we ösüşiniň geljegi, şol sanda halkara guramalarynyň, esasan hem BMG-niň, çäklerinde özara bähbitli hyzmatdaşlygyň giňeldilmegi barada pikir alyşdylar.

Pakistan Yslam Respublikasynyň Premýer-ministriniň ýakynda Türkmenistana boljak resmi saparynyň meseleleri, şeýle hem ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň gün tertibine degişli bolan meseleler gepleşikleriň esasyny düzdi.

Taraplar energetika ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek, hususan-da “Türkmenistan – Owganystan – Pakistan – Hindistan” (TOPH) gaz geçirijisiniň taslamasy boýunça meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar. Bu babatda konsorsiýumy döretmek boýunça taýýarlyk işlerini bilelikde üstümizdäki ýylyň sentýabryna çenli, gaz geçirijiniň gurluşygyny bolsa 2015-nji ýylyň ahyryna çenli başlamaklyk göz öňünde tutulýandygy aýdyldy.

Şeýle hem taraplar söwda-ykdysady gatnaşyklaryny ösdürmegiň işjeň guraly hökmünde bilelikdäki Hökümetara komissiýasyny belläp geçdiler we iki ýurduň hünärmenleriniň bilelikde taýýarlan komissiýa baradaky Ylalaşyga gol çekmekligi özara bähbitli işi ulgamlaýyn esasda alyp barmaga mümkinçilikler döretjegini nygtadylar. 

Hyzmatdaşlygyň dürli ugurlarda giňeldilmeginiň möhümdigini belläp, Ilçi öz ýurdunyň Türkmenistandaky doly ygtyýarly wekili hökmünde iki döwletiň arasyndaky özara bähbitli gatnaşyklary we oňyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek üçin tagallalary etjekdigine ynandyrdy.  

Degişli makalalar

Türkmen Tennisçisi Isa Mämmetgulyýew Ýaryşlaryň Ikinji Aýlawyna Çykdy

Türkmenistanyň Ýaşulularynyň Dabaraly Maslahaty

syrach

«Türkmenstandartlary» Gullugy Halkara Akkreditasiýasyny Tassyklady

turkmenhabargullugy