4.9 C
Aşkabat
25.11.2024
GÜNÜŇ WAKALARY

Tbiliside Halkara Ylmy Maslahat Geçirildi

Tbilisi şäherinde Gruziýanyň Milli Ylymlar akademiýasynyň binasynda Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 20-ýyllygyna bagyşlanyp “Konstitusiýa we Magtymguly Pyragynyň şygyrýet güni” atly halkara ylmy maslahat geçirildi.

Çäre Gruziýanyň Milli Ylymlar akademiýasynyň ýardam bermeginde Türkmenistanyň Gruziýadaky Ilçihanasynyň başlangyjy bilen guraldy.

Maslahat başlamazyndan öň oňa gatnaşyjylar ýörite taýýarlanylan sergide Magtymguly Pyragynyň döredijiligine we şygyrýetine bagyşlanan kitaplar, beýik türkmen şahyrynyň dünýäniň dürli dillerine terjime edilen eserleri bilen tanyşmaga mümkinçilik aldylar. Şeýle hem maslahata gatnaşyjylar Türkmenistanyň syýasatyna we diplomatiýasyna, taryhyna we medeniýetine bagyşlanan kitaplar bilen tanyşdylar. Maslahata gatnaşyjylara Türkmenistanyň ýeten belent sepgitleri hakyndaky wideofilm hem görkezildi. 

Maslahatyň işine diplomatik korpusyň, halkara guramalarynyň wekilleri, Gruziýanyň Milli Ylymlar akademiýasynyň akademikleri, professor-mugallymlary gatnaşdylar.

Gutlag sözleri bilen Gruziýanyň Milli Ylymlar akademiýasynyň Prezidenti, biologiýa ylymlarynyň doktory, professor, akademik G.Kwesitadze, Türkmenistanyň Gruziýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi D.Muratow, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň ýanyndaky Milli golýazmalar institutynyň Direktory, filologiýa ylymlarynyň doktory A.Aşyrow, filologiýa ylymlarynyň doktory, professor, akademik M.Şanidze, Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň ýanyndaky Türkmen döwlet ýöriteleşdirilen çeperçilik mekdebiniň uly mugallymy A.Annaýew, biologiýa ylymlarynyň doktory, professor, akademik T.Uruşadze, filologiýa ylymlarynyň doktory, professor, akademik A.Silagadze dagylar çykyş etdiler.        

Olar öz çykyşlarynda gyşarnyksyz abraýy bilen türkmen halkynyň dünýä halklary bilen ynsanperwer gatnaşyklaryny ýola goýmak işinde meýletin wekil bolan beýik türkmen akyldarynyň keşbiniň kemala getirilmegine ýardam eden Magtymguly Pyragynyň döredijiligi we şygyrýeti, onuň mazmuny hakynda gürrüň berdiler. Şeýle-de bitaraplygyň türkmen nusgasy hem-de ýurduň bitaraplyk derejesiniň parahatçylygy we durnuklylygy saklamakdaky oňyn täsiri hakynda gürrüň edildi. 

 

Çäräniň ahyrynda maslahata gatnaşyjylaryň öňünde Türkmenistanyň medeniýet ussatlary çykyş etdiler. Çäre tamamlanandan soňra ylmy maslahata gatnaşyjylar Türkmenistanyň Gruziýadaky Ilçihanasynyň adyndan maslahata işjeň gatnaşandyklary hem-de onuň guralmagyna ýardam edendikleri üçin Hormat hatlary bilen sylaglandylar. 

Degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidenti Hindistanyň Ýolbaşçylaryna Gynanç Bildirdi

turkmenhabargullugy

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Dünýä Türkmenleriniň Ynsanperwer Birleşiginiň XX Maslahatyna Gatnaşyjylara Gutlag Hatyny Iberdi

Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň Mejlisi Göni Wideoaragatnaşyk Arkaly Geçirildi

turkmenhabargullugy