Pakistan Yslam Respublikasynyň Premýer-ministri Muhammad Nawaz Şarifiň Türkmenistana resmi sapary tamamlandy.
Ozal habar berlişi ýaly, düýn Aşgabatda türkmen-pakistan gepleşikleri üstünlikli geçirildi. Bu gepleşikler goňşy halklaryň gadymdan gelýän dostluk we doganlyk däplerine ygrarlydygyny, taraplaryň köpýyllyk netijeli hyzmatdaşlygy iki ýurduň ägirt uly kuwwatyna we bähbitlerine laýyk gelýän hil taýdan täze derejä çykarmaga taýýardygyny görkezdi.
Günorta Aziýa ýurdunyň hökümetiniň baştutanynyň sapary Türkmenistanyň halkara abraýynyň barha artýandygynyň hem-de hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň durmuşa geçirýän parahatçylyk söýüjilik syýasatyna ýokary baha berilýändiginiň nobatdaky subutnamasyna öwrüldi. Gyzyklanma bildirýän hyzmatdaşlaryň ählisi bilen dostluk, doganlyk we özara bähbitli gatnaşyklary hemmetaraplaýyn pugtalandyrmak şol syýasatyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir.
Ýokary derejedäki duşuşyk Türkmenistanyň we Pakistanyň milli bähbitleriň mundan beýläk-de ýakynlaşmagyna we ikitaraplaýyn, şeýle hem köptaraplaýyn görnüşde, ilkinji nobatda, iri halkara guramalarynyň we sebit düzümleriniň çäklerinde doly möçberli gatnaşyklary ýola goýmaga gönükdirilen berk syýasy ugruny äşgär etdi.
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow we Pakistanyň Premýer-ministri Muhammad Nawaz Şarif häzirki döwrüň möhüm meseleleri, hususan-da, bütin dünýäde we sebitde parahatçylygy hem-de ählumumy howpsuzlygy üpjün etmäge, durnukly ösüşiň maksatlaryna ýetmäge degişli esasy meseleler boýunça iki ýurduň garaýyşlarynyň laýyk gelýändigini bellediler.
Nygtalyşy ýaly, ýurtlaryň ikisi hem sebit meseleleri boýunça ysnyşykly gatnaşyk edip, sebitde netijeli halkara hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmak boýunça bilelikde tagalla edýär. Iki ýurduň arasyndaky energetika we ulag pudaklaryndaky netijeli hyzmatdaşlyk parahatçylygyň we ösüşiň bähbitlerine laýyk gelýär.
Iri energetika taslamasy Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan transmilli gaz geçirijisini gurmak baradaky taslama munuň aýdyň subutnamasy bolup durýar. Garaşylyşy ýaly, ýakyn wagtda bu taslama iş ýüzünde durmuşa geçirilip başlanar.
Taraplaryň däp bolan gatnaşyklara kuwwatly itergi bermek baradaky meýilleri Aşgabat duşuşygynyň netijeleri boýunça gol çekilen ikitaraplaýyn resminamalarda öz aýdyň beýanyny tapdy. Bu resminamalar ilki başdan birek-birege hormat goýmak hem-de özara goldamak esasynda guralýan döwletara gatnaşyklarynyň öňden bar bolan kadalaşdyryjy-hukuk binýadyny ep-esli giňeltdi.
Türkmenistana saparynyň ikinji, jemleýji gününde Pakistan Yslam Respublikasynyň Premýer-ministri Muhammad Nawaz Şarif türkmen paýtagtynyň ajaýyp ýerleriniň biri bolan Garaşsyzlyk binasyna gül goýdy.
Dostlukly ýurduň hökümetiniň baştutany täze taryhy eýýamyň ägirt uly üstünlikleriniň aýdyň beýany bolan uly binanyň etegine gül dessesini goýup, däp bolşy ýaly, Hormatly myhmanlar seýil bagynda iki doganlyk halkyň arasyndaky müdimi dostlugyň nyşany hökmünde agaç nahalyny oturtdy.
Soňra belent mertebeli myhmanyň awtoulag kerweni paýtagtymyzyň Halkara howa menziline tarap ugur aldy, şol ýerden Pakistanyň Premýer-ministri Aşgabatdan ugrady.