2015-nji ýylyň 19-njy maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde türkmen paýtagtyna iş sapary bilen gelen Eýran Yslam Respublikasynyň Ýol we şäher gurluşyk ministrliginiň geňeşçisi, ministrligiň taslamalaryny maliýe taýdan üpjün etmek syýasatyny utgaşdyrmak we işletmek boýunça Geňeşiniň başlygy jenap Asgar Fahriýe Kaşan tarapyndan baştutanlyk edilýän wekiliýeti bilen gepleşikler geçirildi.
Dostluk ýagdaýynda geçen duşuşygyň başynda taraplar iki ýurduň gatnaşyklarynyň häzirki ýagdaýy we geljegi barasynda pikir alyşdylar, we üstümizdäki ýylyň mart aýynda Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Hasan Ruhanynyň Türkmenistana amala aşyran döwlet saparynyň dowamynda ýetilen ylalaşyklaryň ýerine ýetirilişiniň barşy bilen tanyşdylar. Bu jähtden ikitaraplaýyn söwda-ykdysady gatnaşyklaryny giňeltmek we energetika ulgamynda özara hereketleri işjeňleşdirmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Hususan-da, kuwwatlylygy 400 kilowolta barabar bolan Mary-Sarahs ugry boýunça ýokary woltly elektrik geçirijisiniň gurluşygy bilen bagly meselä garaldy.
Duşuşygyň dowamynda ulag ulgamynda iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň ösdürilmegine aýratyn üns berildi. Geljekde Sarahs serhet nokadyndan awtoulag geçirijiligini köpeltmäge mümkinçilik berjek, Tejen derýasynyň üstünden geçiriljek Sarahs-Sarahs täze awtomobil köprüsiniň gurluşygynyň taslamasy ara alnyp maslahatlaşyldy. Mundan başga-da, duşuşykda Türkmenistanda amala aşyrylýan dürli taslamalara, şol sanda ýol we infrastruktura desgalarynyň gurluşygyna Eyranyň kompaniýalaryny we işewürlerini çekmek meselesi babatda hem pikirler alyşyldy.
Şeýle hem taraplar syýahatçylyk ulgamynda we telekeçiligi goldamakda hyzmatdaşlygy ösdürmek meseleleri boýunça gepleşikleri geçirdiler. Yzygiderli dürli derejelerdäki türkmen-eýran duşuşyklary we gepleşikleri taraplaryň iki ýurtlaryň arasynda däp bolan hyzmatdaşlygyň ähli ugurlarynda diýen ýaly dostlukly gatnaşyklaryny yzygiderli ösdürmäge çalyşýandyklarynyň subutnamasydygy bellenildi.