2015-nji ýylyň 18-nji maýynda Konstitusiýa we Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli Türkmenistanyň Ukrainadaky Ilçihanasy Kiýew şäherinde türkmeniň Beýik akyldary we şahyry Magtymgulynyň ýadygärligine gül goýmak dabarasy geçirildi.
Gül goýmak dabarasyna gatnaşyjylar bolup Ukrainanyň DIM-niň ýolbaşçylary, Ýokary Radanyň deputatlary, Ukrainanyň Bilim we Medeniýet ministrlikleriniň wekilleri, daşary ýurtly Ilçiler, şäher häkimliginiň ýolbaşçylary, alymlar, paýtagtyň medeni we döredijilik intelegensiýasy, Ukrainadaky ýaşaýan türkmenler, mekdep okuwçylary, Kiýewiň ýokary okuw jaýlarynda okaýan talyplar we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri çykyş etdiler.
Ýygnananlaryň öňünde Türkmenistanyň Ukrainadaky Ilçisi N.Amanmyradow, Ukrainanyň DIM-niň ministriniň birinji orunbasary N.Galibarenko, Ýokary Radanyň deputaty N.Lawrik, ÝHHG Ýöriteleşdirilen monitor missiýasynyň başlygy, Ilçi Ýe. Apokan, jemgiýetçilik işgäri, jurnalist we syýasatçy, Ukrainanyň ýazyjylar birleşiginiň agzasy P.Mowçan we beýlekiler çykyş etdiler.
Çärä gatnaşyjylar özleriniň çykyşlarynda Magtymguly Pyragynyň ömri we döredijiligini, türkmen we dünýä edebiýatyndaky ornuny belläp geçdiler. XVIII asyrda ýaşap geçen Magtymguly Pyragy özbaşdak we gülleýan ýurduň, kuwwatly we berk türkmen döwletiniň arzuwynda bolupdyr. Beýik türkmen şahyrynyň arzuwy Türkmenistanyň döwlet garaşsyzlygyna eýe bolanyndan soňra hasyl boldy.
Şol gün Magtymgulynyň goşgulary Kiýewdäki türkmen diplomatik wekilliginiň kabul edişlik zalynda ýaňlandy. Dabaraly ýagdaýda kabul edilen myhmanlar Kiýewiň ýokary okuw jaýynda bilim alýan talyplaryň ýerine ýetirmeginde türkmen edebiýatynyň nusgawy şahyrynyň durmuş ýoly barada edebi-çeper kompozisiýa tomaşa etdiler. Magtymgulynyň Watana bolan söýgi, azatlyk söýüji halkyna buýsanç duýgusyndan doly goşgulary Kiýewiň milli lingwistik uniwersitetiniň talyplary tarapyndan türkmen, ukrain, fransuz, rus, arap, grek, iňlis we özbek dillerinde ýerine ýetirildi.