Mundan 65 million ýyl oazal ýok bolan dinozawrlar dünýäniń tas ähli künjeginde ýaşap geçipdir. Dinozawrlaryń 2 görnüşi dińe Türkmenistanda ýaşapdyr. Dinozawrlardan galan yzlar opurulmadan soń ýüze çykdy.
Yzlar Türkmenistanyń günorta-gündogarynda Özbegistan we Owganystan serhedinde ýerleşýän Köýtendagda ýerleşýär.
Köýtendagyndaky 1256 yz otçul dinozawrlara degişli. Yzlaryń iń ulusynyń 40 metr uzynlygyndaky dinozawra degişli bolandygy çak edilýär.
Geçirilen barlaglara görä sebitde ýaşan 15 görnüşden iki sanysy endemiki, ýangy Türkmenistana mahsus…
Millionlarça ýyllyń dowamynda topragyń aşagynda galan yzlar sebitde 50-60 ýyl ozal bolan opurulmadan soń ýüze çykypdyr.
referans: www.trtturkmen.com