Ýewropanyň Merkezi bankynyň başlygy Mario Draghi ykdysady dolanşykda ÝB agza ýurtlarynyň arasyndaky tapawutlylyklaryň aýrylmalydygyna ünsi çekdi.
Portugaliýada geçirilen ykdysady sammitde çykyş eden Draghi gerek bolan reformalar geçirilmese Ýewropanyň geljeginiň howply bolup biljekdigini mälim etdi.
Draghi reformalar üçin iň gowy wagtyň häzirki wagtdygyny nygtap, geçiriljek reformalaryň soňa goýulmaly däldigini belläp geçdi.
Ýewropanyň Merkezi bankynyň başlygy reformalaryň nädip geçirilmelidigini bolsa özleriniň dälde eýsem hökümetleriň işidigini aýdyp geçdi.
trtturkmen