13.9 C
Aşkabat
25.11.2024
GÜNÜŇ WAKALARY

Sian Şäherinde Türkmen-Hytaý Işewürler Maslahaty Geçirildi

2015-nji ýylyň 21-nji maýynda Hytaý Halk Respublikasynyň Şensi welaýatynyň merkezinde Gündogar we Günbatar Hytaýyň arasynda hyzmatdaşlyk, bazar gatnaşyklary we maýa goýum boýunça 19-njy Halkara ýarmarkasynyň çarçuwasynda şeýle-de Ýüpek ýolunyň halkara ekspozisiýasy “Beýik Ýüpek ýoly-özara bähbitli hyzmatdaşlygyň ýoly” atly  türkmen-hytaý wekilçilikli işewürler maslahaty geçirildi.

Çäre Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 20 ýyllygyny bellemegiň we Türkmenistanda 2015-nji ýylyň Bitaraplyk we Parahatçylyk ýyly diýlip yglan edilmeginiň çäklerinde geçirildi. Çäräniň guramaçylary bolup Şensi welaýatynyň Halk Hökümeti, Sian şäheriniň hökümeti we  Türkmenistanyň HHR-ki Ilçihanasy çykyş etdiler.  

Bilelikdäki forumyň işine Şensi welaýatynyň we  Sian şäheriniň hökümetiniň ýokary wezipeli döwlet işgärleri, öňdebaryjy kompaniýalaryň wekilleri  we ýolbaşçylary gatnaşdy. Türkmen tarapyna çärede Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler Birleşmesiniň  wekilleri we Sian şäheriniň ýokary okuw jaýlarynda  okaýan türkmen talyplary gatnaşdylar.

Forumyň gün tertibinde – Türkmenistanyň hem-de Hytaýyň maýa goýum  gorlary barada tanyşdyrylyş, söwda ulgamyndaky öňden görüjilikli gatnaşyklar ugrunda pikir alyşyldy şeýle hem türkmen-hytaý döwlet we işewürlik ulgamyndaky wekilleriniň arasynda tejribe alyşyldy.

Forumyň çäklerinde taraplar Türkmenistanyň hem-de Hytaýyň arasyndaky söwda gatnaşyklar boýunça meseleleri boýunça pikirleri alyşdylar we Türkmenistanyň hem-de Hytaýyň Baştutanlary tarapyndan söwda ulgamynda özara bähbitli sebit we halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek boýunça möhüm başlangyçlaryň üstünlikli durmuşa geçirilmegine ýardam bermek babatda biragyzdan belläp geçdiler. Taraplar Sian işewürler maslahatynyň Türkmenistanyň we Hytaýyň Beýik Ýüpek ýoluny hil taýdan täze derejede dikeltmek boýunça tagallalaryna ýokary baha berdiler. Şeýle-de Sian we Mary şäherleriniň hem-de  Şensi we Ahal welaýatynyň  doganlyk gatnaşyklaryny berkitmeklige we ösdürilmegine esasy üns berildi. 

Forumyň barşynda oňa gatnaşyjylara Türkmenistanda daşary ýurtly maýa goýum goýujylar üçin ediljek mümkinçilikler we ýeňillikler barada doly maglumatlar berildi. Forumyň soňundaky ara alnyp maslahatlaşmalaryň üsti bilen ykdysadiýetiň esasy ösen pudaklary barada dogry baha bermäge mümkinçilik döredi we iki ýurduň işewürleriniň arasynda göni aragatnaşyk etmek üçin belli meselelere seredildi, şeýle hem bilelikdäki iri maýa goýum taslamalarynyň pudaklaýyn we sebitara derejesinde söwda hyzmatdaşlygyny giňeltmek ugrundaky meseleleri  durmuşa geçirmäge bolan mümkinçiliklere seredildi .

Degişli makalalar

2016-njy Ýylda Türkmenistanda Lebap Welaýatynyň Farap Etraby Iň Gowy Diýlip Ykrar Edildi

IV halkara Gaz kongresi öz işini tamamlady.

syrach

Türkmenistanyň Prezidenti “Awaza” Milli Syýahatçylyk Zolagyny Ösdürmgiň Taslamalary Bilen Tanyşdy

syrach