19.9 C
Aşkabat
26.11.2024
DURMUŞ

Türkmen Halysy-Türkmeniň Kalby

Paýtagtymyzda ählihalk baýramynyň – Türkmen halysynyň baýramynyň öňüsyrasynda “Türkmen halysy-türkmeniň kalby” atly halkara sergisiniň açylyş dabarasy boldy. Ýurdumyzdaky bu uly pudaklaýyn çäräniň guramaçylary bolup, “Türkmenhaly” döwlet birleşigi hem-de Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy bilelikde çykyş etdiler. 

Halkymyzyň täsin medeni gymmatlygy bolan elde haly dokamak sungatyna aýratyn sarpa goýmagyň nyşany hökmünde, ähli halyçy gelin-gyzlarymyzyň hormatyna milli senenamamyzyň ilkinji şanly seneleriniň hatarynda ýola goýlan bu baýramçylyk biziň gülläp ösýän Watanymyzyň ajaýyp nyşanlarynyň birine öwrüldi. Halyçylaryň zehini we her günki yhlasly zähmeti bilen häzirki wagtda-da, gözelligi boýunça ajaýyp täze haly eserleri döredilýär. 

Bütin dünýäde abraý gazanan milli halyçylykda milletimiziň ähli ajaýyp häsiýetleri, iň esasysy bolsa oňa mahsus bitewilik we ruhubelentlik şöhlelenendir. Haly gölleri Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň döwlet nyşanlarynyň aýrylmaz bölegine öwrülip, türkmen halkynyň jebisligini we agzybirligini alamatlandyryp, özboluşly mana eýedir. 

Ak mermerli paýtagtymyzyň merkezinde ýerleşen türkmen halysynyň muzeýi ruhy we maddy medeniýetiň mirasynyň hakyky merkezi bolup durýar. Onda göl nyşanlarynyň dili bilen halkymyzyň bäş müňýyllyk taryhy beýan edilendir. 

Asylly däbe görä, muzeý toplumynyň ajaýyp zallary hem-de onuň töweregindäki meýdança Aşgabatda uly haly sergilerini geçirmegiň hemişelik ýerine öwrüldi. Ol dünýäniň ähli künjeginden türkmen halyçylyk sungatyna hormat goýýanlaryň ýyl-ýyldan barha köp ünsüni çekýär. 

“Türkmen halysy – türkmeniň kalby” atly halkara sergisine gatnaşmak üçin paýtagtymyza köp döwletden, şol sanda halyçylyk pudagynda ýurdumyzyň däp bolan hyzmatdaşlary—Germaniýadan, Russiýadan, Hytaýdan, Türkiýeden, Saud Arabystanyndan, BAE-den, Eýrandan, Pakistandan, Owganystandan, Belarusdan, Gazagystandan, Özbegistandan, Täjigistandan uly wekiliýet geldi. Daşary ýurtly myhmanlaryň 150-siniň hatarynda alymlar we hünärmenler, meşhur haly öndürijiler, işewürler, iri söwda we gurluşyk kompaniýalarynyň ýolbaşçylary we wekilleri bar. Şeýle hem el halysyna sarpa goýýan Bütindünýä assosiasiýasynyň, Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň, Stawropol döwlet uniwersitetiniň, milli medeniýet merkezleriniň wekilleri gatnaşýar. Olar dünýä medeniýetinde bu gadymy sungaty wagyz etmek işine öz ömürlerini bagyşlaýarlar. 



Türkmen halkynyň gadymy sungatynyň ähli gözel çeper däpleri bilen tanyşmak mümkinçiliginden peýdalanyp, sergä ilkinji gezek Ýaponiýadan myhmanlar geldiler. 

Şu gün bu ýerde ir ertirden baýramçylyk ruhunda aýdym-sazlar ýaňlanyp, tanslar ýerine ýetirildi. “Dokmaçylar” folklor-etnografik toparynyň hem-de paýtagtymyzyň ýetginjekler köşügniň “Şatlyk” tans toparynyň çykyşlarynda “janly rowaýat” hasaplanýan türkmen halysynyň döreýşiniň taryhy beýan edildi. Türkmen milli konserwatoriýasynyň gyzlar hor topary, Türkmen döwlet medeniýet institutynyň döredijilik toparlary ajaýyp halk aýdymlary bilen gutladylar. 

Serginiň açylyş dabarasyna gatnaşmak üçin bu ýere Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy, hökümetiň agzalary, parlamentňi deputatlary, ýurdumyzyň jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, Türkmenistanda resmi taýdan bellenen diplomatik wekilhanalaryň hem-de halkara guramalarynyň, şeýle hem ýurdumyzyň ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri we ýolbaşçylary, medeniýet we sungat işgärleri, talyp ýaşlar ýygnandylar. Bu ýere ýygnananlaryň arasynda pudaklaýyn kärhanalaryň ýolbaşçylary hem-de ýurdumyzyň ähli welaýatlaryndan görnükli halyçylar bar. Bu ýere ýygnananlar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Gutlagyny uly nüs bilen diňlediler. Gutlagda, hususan-da, “Türkmen halysy merdana halkymyzyň gadymyýetden gözbaş alýan, umumyadamzat medeniýetiniň genji-hazynasyna öwrülen ajaýyp sungatydyr. Biziň günsaýyn ösýän ata Watanymyzyň dünýä beren gymmatlyklarynyň biridir” diýlip nygtalýar. 

Häzirki halkara sergisiniň hem-de Türkmen halyşynaslarynyň bütindünýä jemgyýetiniň XV mejlisiniň ýurdumyzyň halyçylyk pudagynda gazanylan üstünlikleri, ýetilen belent sepgitleri, uz barmakly gelin-gyzlarymyzyň täsin sungatynyň köpdürlüligini ähli aýdyňlygy bilen görkezer diýip bellemek bilen, döwlet Baştutanymyz “Bu halkara sergisiniň öz önümlerini görkezýän, hyzmatlaryny hödürleýän kärhanalaryň we guramalaryň wekillerine, telekeçilere özara gyzyklanma bildirilýän meseleler boýunça pikir alyşmaga, hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge ýardam berjekdigine ynanýaryn” diýip nygtady. 

Hakyky sungatyň belentliklerine ünzüksiz barýan gadamlarynyň ýolunda türkmen halysynyň taryhy barada gürrüň berýän “Janly rowaýat” diýen täsin kitaby dünýä sowgat eden, gadymy milli däplere hakyky sarpa goýýan we onuň wagyzçysy bolan milli Liderimiziň sözlerini “Türkmenhaly” döwlet birleşiginiň halyçylyk kärhanalarynda ussat halyçylaryň dokan häzirki zaman halylaryndan hem-de muzeý gymmatlyklary bilen jemlenen owadan ekspozisiýa bütin aýdyňlygy bilen tassyklaýar. 

Ata-babalarymyzyň däplerini dowam edip, halyçylyk sungatynyň hakyky ussatlary Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe döredijilik ussatlygynyň egsilmez mümkinçiliklerini açyp, täze pikirlerini girizýärler. Häzir olar suratkeş dizaýnerler tarapyndan işlenip taýýarlanan nusgalar boýunça tutuş ýurdumyz boýunça bina edilýän köpsanly durmuş medeni ähmiýetli desgalaryň, bilim we sport edaralarynyň, myhmanhanalaryň we saglyk öýleriniň, edara-kärhanalaryň binalarynyň çeper bezelmegi üçin köpdürli halylary taýýarlamaga möhüm döwlet buýurmalaryny ýerine ýetirýärler. Diňe 2014-nji ýylda pudagyň kärhanalarynda 42 müň inedördül metrden gowrak, şu ýylyň ilkinji dört aýynda bolsa 15 müň töweregi inedördül metr haly önümleri taýýarlanyldy. 



Şeýle üstünlikler tutuş ýer ýüzünde şöhrat gazanan halyçylyk sungatyny yzygiderli ösdürmegi döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry hökmünde kesgitlän hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barýan uly işleriniň netijesinde mümkin boldy. Bu täsin çeper hünäri giňden wagyz etmek, nepisligi boýunça haýran galdyrýan gadymy eserleriň nusgalaryny saklamak maksady bilen, ýurdumyzyň halyçylyk sungatynyň önümçilik düzümi döwrebaplaşdyrylýar. Täze çeper halyçylyk kärhanalary ulanmaga tabşyrylýar. Olarda halyçylaryň netijeli zähmet çekmegi we oňaýly dynç almagy üçin amatly şertler döredilýär. 

Ine, ýurdumyzyň Garaşsyzlygyna gabatlanyp, 2014-nji ýylda geçirilen açylyş dabaralarynyň çäklerinde ýüňi ilkinji gaýtadan işleýän Marynyň fabriginde täze uly senagat desgasy—ýylda ýuwlan ýüňüň 4000 tonnasyny öndürýän önümçilik bölümi açyldy. Iň öňdebaryjy enjamlar bilen enjamlaşdyrylan täze önümçiligiň kuwwaty ýüň egriji fabrikler üçin çykarylýan çig malyň umumy möçberinden diňe ondan bir böleginiň pudagyň sarp edijiliginiň öwezini dolýandygyndan ybarat, önümiň köp bölegi bolsa içerki we daşarky bazaryň sarp edijilerine ugradylýar. 

Buýsanjyny äşgär edýän daşary ýurtly myhmanlar şöhratly ahalteke bedewleri janly ýaly görünýän arassa ýüňden we ýüpekden dokalan owadan halylary we beýlekileri surata düşürmek bilen haýran galdylar. 

Sergide şeýle hem Türkmen döwlet çeperçilik akademiýasynyň ussatlary we talyplary tarapyndan ýerine ýetirilen palas önümleriniň, ýagny dürli gobelenleriň köp dürli görnüşleri çykarylypdyr. 

Türkmen telekeçi zenanlary hem haly gölleriniň sazlaşykly beýan edilmeginde ýerine ýetirilen sowgatlyk önümleriniň uly toplumy, lowurdaýan owadan ýüpek ketenilerden taýýarlanan milli el işleriniň hem-de amaly sungatynyň nusgalary bu ýere gelýänleriň ünsüni özüne çekdiler. Şol önümler özboluşlylygy hem-de özbaşdak döredijilik çemeleşmesi bilen tapawutlanýar. 



Daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen giň medeni we söwda-ykdysady aragatnaşyklary ýurdumyzyň halyçylygyny ösdürmekde, gymmatly täsin el işlerini wagyz etmekde möhüm orun tutýar. Şeýle hyzmatdaşlyk Germaniýanyň, Italyiýanyň, Beýik Britaniýanyň, Gresiýanyň, Fransiýanyň we beýleki birnäçe ýurtlaryň kompaniaýalary bilen üstünlikli ösdürilýär. Şonuň netijesinde türkmen halylary dünýä bazarlaryna Türkmenistanyň önümleriniň eksport edilmeginde aýratyn paýy emele getirýär. 

Diňe 2014-nji ýylda umumy meýdany bäş ýarym müň inedördül metrden gowrak bolan haly önümleri daşary ýurtlara ugradyldy. Hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryny özleşdirip, hyzmatdaş ýurtlaryň işewür toparlary bilen ýygjam özara gatnaşyklary giňelýär. Munuň özi pudaklaýyn täze kärhanalaryň gurulmagy, fabrikleriň ýokary öndürijilikli enjamlar bilen enjamlaşdyrylmagy, innowasion tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy we beýlekiler bilen baglanyşyklydyr. 

Bu gün sergä gatnaşyjylaryň we myhmanlaryň hatarynda Türkiýeden bolan gurluşyk potratçylarynyň, Owganystanyň haly öndürijiler assosiasiýasynyň, Eýranyň “Solmaz Ak Ghala” we “Sonaye Gonbad” haly kärhanalarynyň wekilleri, Tibet halylarynyň assosiasiýasy hem-de Hytaýyň Sinhaý welaýatynyň Kaşmir korporasiýasy, Ýaponiýanyň hili goramak boýunça Tayo yusi guramasy bar. 

Sergi ekspozisiýalarynyň owadan görnüşleri, wakalaryň baýramçylyk öwüşgini, halyçylygyň milli däpleriniň gözbaşy hem-de milletiň baý halyçylyk mirasy barada düşünje almaga, türkmen halkynyň özboluşly medeniýetiniň we sungatynyň aýratynlyklaryny we häsiýetlerini oňat bilmäge we öwrenmäge mümkinçilik berdi. 



“Türkmen halysy – türkmeniň kalby” atly Halkara sergisi halyçylyk pudagynda ýurdumyzyň öndürijileriniň ozalky hyzmatdaşlar bilen bolşy ýaly, işewür hyzmatdaşlyga täze gatnaşýanlar bilen hem söwda-ykdysady gatnaşyklary has-da ösdürmekde we giňeltmekde nobatdaky ädime öwrüldi. Ol türkmen halyçylary bilen milletimiziň hem-de bütindünýä medeniýetiniň beýik gymmatlygy bolan elde haly dokamak milli sungatynyň daşary ýurtly höwesjeň wagyz edijileriniň arasynda täze döredijilk we işewür gatnaşyklary ýola goýmak üçin oňat mümkinçilik boldy. 

Ertir—31-nji maýda – şanly sene bolan Türkmen halysynyň resmi taýdan baýram edilýän gününde “Türkmenhaly” döwlet paýdarlar korporasiýasynyň maslahatlar zalynda Türkmen halyşynaslarynyň Bütindünýä jemgyýetiniň nobatdaky XV Halkara maslahaty açylar. 

Şol gün agşamara “Aşgabat” kinokonsert merkezinde ýurdumyzyň halyçylyk sungatynyň iň oňat işgärlerine döwlet sylaglarynyň gowşurylyş dabarasy bolar. Ol Türkmenistanyň sungat ussatlarynyň uly baýramçylyk konserti bilen utgaşar.

Degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidenti Sanly Wideoaragatnaşyk Arkaly Iş Maslahatyny Geçirdi

Iýunyň Baýramçylyk Senenamasynda-Aziada-2017-ä 100 Gün Galmagyna Bagyşlanan Dabaralar

Beýik Watançylyk Urşunyň Weteranlaryny we Uruşda Wepat Bolanlaryň Ýanýoldaşlaryny Gutlamak Dabarasy Boldy