15.9 C
Aşkabat
22.11.2024
DÜNÝÄ

Türkmenistanyň Hemişelik Bitaraplygy

Baş Assambleýa,

özüniň 1995-nji ýylyň 12-nji dekabryndaky 50/80A Rezolýusiýasyna salgylanyp,

her bir döwletiň öz daşary syýasatyny halkara hukugynyň kadalaryna we ýörelgelerine hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň Tertipnamasyna laýyklykda garaşsyz kesgitlemäge özygtyýarly hukugyny tassyklap,

Türkmenistanyň hemişelik bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň sebitde parahatçylygy we howpsuzlygy pugtalandyrmaga ýardam berýändigini, şeýle hem sebitiň ýurtlary we dünýäniň döwletleri bilen parahatçylykly, dostlukly hem-de özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmekde Türkmenistanyň tutýan işjeň we oňyn ornuny ykrar edip,

bitarap Türkmenistanyň Merkezi Aziýada we Hazar deňziniň sebitinde ykdysady, durmuş, medeni we ekologiýa hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de pugtalandyrmaga gönükdirilen başlangyçlaryny goldap,

Birleşen Milletler Guramasynyň ýolbaşçylygynda bitarap Türkmenistanyň 1995-nji we 1996-njy ýyllarda Aşgabatda yzygiderli täjigara gepleşiklerini geçirmäge degişli başlangyjy netijesinde geçirilen täjigara gepleşiklerine goşan goşandyny, şeýle hem Türkmenistanda owganara gepleşiklerini we 1997-nji ýylda Owganystan boýunça halkara maslahatyny geçirmegi netijesinde hem-de ylalaşmak meseleleri boýunça geljekde hem Owganystanyň esasy orny eýelemeginde Türkmenistanyň çäklerinde hemmetaraplaýyn gepleşikleri geçirmäge taýýardygy netijesinde Owganystanda gapma-garşylygy düzgünleşdirmäge Türkmenistanyň goşandyny aýratyn belläp,

Merkezi Aziýanyň ähli döwletleriniň başlangyjy boýunça we halkara bileleşiginiň goldamagynda 2007-nji ýylyň dekabrynda Aşgabatda döredilen, Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça Sebit merkeziniň şol döwletleriň arasynda has ysnyşykly hyzmatdaşlygy höweslendirmegiň we şeýle hyzmatdaşlyga ýardam bermegiň, ýagdaýyň mümkin bolan çylşyrymlaşmagyna çenli dartgynlylygyň bolup biljek ojaklaryny ýüze çykarmagyň we ýok etmegiň, parahatçylyga hem-de howpsuzlyga içerki we transmilli wehimlere we howplara garşy çäreleri görmegiň hem-de sebitde durnukly ösüşe goldaw bermegiň hasabyna sebit meselelerini çözmekde Merkezi Aziýa döwletlerine ýardam bermekde möhüm orny eýeleýändigini ykrar edip,

şeýle hem, sebitde adatdan daşary çylşyrymly ýagdaýlar we tebigy betbagtçylyklar bolan halatynda Birleşen Milletler Guramasynyň ulgamynyň berýän adatdan daşary ynsanperwerlik kömegi babatda utgaşdyrmagy pugtalandyrmagyň goldanylýan ýörelgelerine, şol sanda bitaraplyk ýörelgelerine laýyklykda ynsanperwer kömegi bermekde we eltmekde bitarap Türkmenistanyň oňyn ornuny ykrar edip,

sebiti ösdürmäge ýardam berýän, sebitdäki özara baglanyşygy üpjün etmek üçin, Türkmenistanyň bitaraplygynyň ykdysady we geoykdysady taraplarynyň möhüm ähmiýetini belläp hem-de şunuň bilen baglylykda, energiýa serişdelerini durnukly üstaşyr geçirmäge we ygtybarly ulag hem-de üstaşyr geçelgelerini ösdürmäge degişli Türkmenistanyň başlangyçlaryny goldap,

Türkmenistanyň hemişelik bitaraplyk hukuk ýagdaýyny Kartahana-de-Indiasda, Kolumbiýada 1995-nji ýylda geçirilen Goşulyşmazlyk hereketine gatnaşyjy ýurtlaryň döwlet we hökümet baştutanlarynyň XI Maslahatynyň jemleýji resminamasynda Goşulyşmazlyk hereketiniň ýurtlarynyň beýan edilen goldawyny belläp,

1. Türkmenistanyň yglan eden hemişelik  bitaraplyk hukuk ýagdaýyny goldaýandygyny täzeden beýan edýär;

2. Birleşen Milletler Guramasyna agza döwletleri Türkmenistanyň bu hukuk ýagdaýyny hormatlamaga we goldamaga hem-de  onuň  garaşsyzlygyny, özygtyýarlylygyny we çäkleriniň bitewüligini hormatlamaga täzeden çagyrýar;

3. Türkmenistanyň Hökümetiniň 2015-nji ýyly «Bitaraplyk we parahatçylyk ýyly» diýip yglan etmek baradaky çözgüdini hem-de Türkmenistanda 2015-nji ýylyň dekabrynda «Bitaraplyk syýasaty: parahatçylygyň, howpsuzlygyň we ösüşiň hatyrasyna halkara hyzmatdaşlygy» atly halkara maslahatyny geçirmek baradaky çözgüdini goldaýar.

Degişli makalalar

WTI-niň Bahalary Taryhy Minusa Düşmeden Soňra Ýene-de Položitel Ýagdaýda Geldi

Gök daşy dünýäniň golaýyndan geçdi.

syrach

Ukraina tabyn bolan Krym Awtonom Respublikasynda 31-nji oktýabrda ýerli we umumy saýlawlar geçirler.

syrach