Merkezi saýlaw toparynyň mejlisinde saýlaw uçastoklarynyň 2222-siniň ählisinde saýlawlar geçirildi diýlip ykrar edildi, saýlawçylaryň saýlawlara örän işjeň gatnaşandygy bellenildi.
Ähli saýlaw okruglarynda bir mandaty almak ugrunda iki we şondan-da köp dalaşgärler bäsleşdiler, galyberse-de, saýlawçylaryň sesleriniň umumy möçberiniň ýarysyndan gowragyny alan dalaşgär saýlanan diýlip ykrar edildi.
Welaýat, etrap we şäher halk maslahatlaryna saýlanan agzalaryň bilim we hünär derejesi örän ýokarydyr—olaryň aglabasy oba we suw hojalygynda, ýangyç-energetika toplumynda, bilim we saglygy goraýyş ulgamynda, döwlet häkimiýeti we dolandyryş edaralarynda işleýän ýokary derejeli hünärmenlerdir, kärdeşler arkalaşyklarynyň we ýaşlar guramasynyň işjeň agzalarydyr. Halk tarapyndan saýlananlaryň hataryna ýurdumyzda ýaşaýan milletleriň ählisiniň diýen ýaly wekilleri goşuldylar.
Milli we ýörite çagyrylan daşary ýurtly synçylaryň işine ýokary baha berildi we olar saýlaw uçastoklarynyň hemmesinde saýlawyň gidişiniň ähli tapgyrlarynda gözegçiligi amala aşyrdylar. Synçylar saýlaw toparlarynyň mejlislerine gatnaşdylar, saýlaw gutylaryna möhür basylyşyny synladylar, ses bermegiň başlanmagynyň öňüsyrasynda, ses bermegiň barşynda, sesler sanalanda, şeýle hem okrug boýunça saýlawlaryň netijeleri kesgitlenende we umumy netijeler jemlenende saýlaw geçirilen ýerlerde boldular.
Saýlawlaryň geçirilen gününiň dowamynda ses bermegiň netijeleri döwlet telewideniýesiniň we radiosynyň ähli ýaýlymlary boýunça aýan edildi. Ähli saýlaw uçastoklarynyň ygtybarly aragatnaşyk serişdeleri bilen üpjün edilendigi üçin, maglumatlary gijikdirmän işläp taýýarlamak we Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky Merkezi topara ibermek işinde bökdençlik ýüze çykmady.
Merkezi saýlaw toparynyň mejlisinde welaýat, etrap we şäher halk maslahatlaryna saýlanan agzalaryň düzümine garaldy we tassyklandy. Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda bu sanaw ýakyn wagtda çap ediler.
Şeýlelikde iki aý mundan ozal saýlawlaryň öňüsyrasynda başlanan uly möçberli işler türkmen halkynyň agzybirligini we jebisligini, onuň Garaşsyz, Bitarap döwletiň demokratik esaslaryny hemmetaraplaýyn ösdürmäge we pugtalandyrmaga taýýardygyny we muňa çalyşýandygyny aýdyň görkezip, üstünlikli tamamlandy. Ýurdumyz türkmen jemgyýetiniň durmuşynda demokratik ýörelgeleri ösdürmegiň, halk häkimiýetiniň gadymy däplerini dikeltmegiň we baýlaşdyrmagyň ýolunda täze we möhüm ähmiýetli ädimi ätdi. Aslynda, türkmenler asyrlaryň dowamynda şol ýörelgelere ygrarly bolup geldi, häzirki wagtda bu ýörelgeler hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň täze Galkynyş eýýamynda türkmen jemgyýetiniň durmuşynyň ähli ugurlarynda progressiw özgertmeleriň amala aşyrylmagyna esaslanýan syýasatynda öz beýanyny tapýar we döwrebap derejede kämilleşdirilýär.
referans: www.turkmenistan.gov.tm