4.9 C
Aşkabat
24.11.2024
DURMUŞ

Deňiz Myhmanhanasy

“Awaza” Milli syýahatçylyk zolagynyň sagaldyş öýleriniň gözden geçirilişiniň jemi jemlendi. Bu bäsleşik Türkmenbaşy şäheriniň birleşen kärdeşler arkalaşygy, häkimligi we onuň Awaza etraby tarapyndan guraldy. 

Emin agzalary bir aýyň dowamynda dynç alyş zolagynyň myhmanhanalar toplumy bilen tanyş boldular. Bäş ballyk ulgamynda müşderileri kabul etmegi we ýerleşdirmegi guramaklyga, otaglarda ýaşamagyň şertlerine, nahary taýýarlamaklyga, restoranlarda we kafelerde hyzmat edilmegine baha berildi, 

Gözden geçirilişe deňiz şypahanasynyň subýektleriniň ýigrimi ikisi gatnaşdy. Kenarýaka obýektleriň sagaldyş, sport-bejeriş-öňüni alyş we medeniýet-dynç alyş temalary bäsleşigiň emin agzalarynyň ünsüni çekdi. Suwdaky halas ediş gulluklarynyň işine, kenarýaka suwa düşülýän ýerleriň, ýüzülýän howuzlaryň, gök zolaga öwürmegiň, suw çüwdürimleriniň, ýollaryň we awtoduralgalaryň, hatda gijeki yşyklandyrylyşynyň ýagdaýyna hem baha berildi. 

Türkmenbaşynyň Nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň “Arzuw” dynç alyş merkeziniň bäsleşik geçirilýän meýdançasynda “Awazanyň” myhmanhanalarynyň we sagaldyş merkezleriniň ählisinden myhmanhanada hyzmat ediş hünärmenleriniň 110-ny ýygnady. 

Türkmenistanyň Derýa we deňiz ulaglary döwlet gullugynyň «Deňiz» myhmanhanasy Gran-pri baýragynyň eýesi boldy. Birinji orny Türkmenbaşynyň Nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň “Arzuw” dynç alyş merkezi eýeledi. Ikinji orna Türkmenistanyň Energetika ministrliginiň «Kuwwat» sagaldyş merkezi mynasyp boldy. Üçünji orun Türkmenistanyň Syýahatçylyk baradaky döwlet komitetiniň «Seýrana» myhmanhanasyna berildi. 



“Iň nusgawy merkez, sagaldyş merkezi” atly baýrak müşderilere hyzmat etmekde innowasion tehnologiýalaryny, önümçilik estetikasyny üstünlikli ornaşdyrylýandygy, otaglaryň oňaýlylygy we seýilgäh zolagynyň balneologiki şypahanalarynyň ýokary standartlaryna laýyk gelýändigi üçin Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşygynyň Milli merkeziniň “Daýanç” sagaldyş merkeziniň işgärlerine berildi. Bu myhmanhananyň direktory Gahryman Babamyradow hyzmat etmegiň ýokary standartlaryny gazanandygy we bütin ýylyň dowamynda myhmanhananyň müşderiden dolydygy üçin rekreasion toplumyň ýolbaşçysy diýlip atlandyryldy. 

“Söügüli hünärim” atly bäsleşikde “Daşoguz” sagaldyş we dynç alyş merkeziniň administratory Halida Sufiýewa, “Nebitçi” myhmanhanasyndan ofisiant Döwlet Annamämmedow, “Berkerar” myhmanhanasyndan barmen Eziz Akyýew dagy tapawutlanmagy başardylar. Aşpezleriň arasynda Bahargül Jumaýewa (“Daşoguz”) “birinjiligiň palmasy” diýen at berildi. Şeýle hem hünär bilimlerine we Awazanyň, Türkmenbaşy dynç alyş-şäheriniň tebigy-howa aýratynlyklary, welaýatyň we Türkmenistanyň taryhy-medeni hem-de tebigy ýadygärliklerine bagyşlanyp wiktorina geçirildi. 

Baýrakly orunlary alan toparlara Türkmenbaşy şäheriniň birleşdirilen kärdeşler arkalaşygynyň diplomlary we gymmat bahaly sowgatlary gowşuryldy. Bäsleşige gatnaşanlaryň käbirleri tomaşaçylaryň minnetdarlygyna mynasyp boldular.

Degişli makalalar

IL ARSLAN

Gün Urmadan Goranalyň

turkmenhabargullugy

Üsküdar Üniversitesi Türkmen Öğrencileri Bekliyor !

turkmenhabargullugy