17.9 C
Aşkabat
22.11.2024
YKDYSADYÝET

Bütindünýä bankynyň wekilleriniň sapary

Şu gün Aşgabatda bolmagynyň çäklerinde wekiliýetiň agzalary «Türkmennebit» we «Türkmengaz» döwlet konsernleriniň ýolbaşçylary bilen duşuşdylar. Duşuşygyň barşynda Türkmenistanda ýangyç-energetika toplumyny döwrebaplaşdyrmak we ösdürmek boýunça amala aşyrylýan maksatnamalar bilen baglylykda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň meselelerine garaldy.

Türkmenistanyň ykdysadyýet we ösüş ministrliginde hem-de Maliýe ministrliginde geçirilen gepleşiklerde özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmek, hususan-da, mundan beýläk-de Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge gönükdirilen täze taslamalary we maksatnamalary maliýeleşdirmek ulgamynda gatnaşyklary berkitmek meselesine aýratyn üns berildi.

Wekiliýetiň agzalary sebitiň durnukly ösüşinde Türkmenistanyň möhüm orun eýeleýändigini nygtap, Bütindünýä bankynyň özara gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge gyzyklanma bildirýändigini aýtdylar. Şunuň bilen baglylykda ýakyn wagtda orta möhletli geljegi üçin biziň ýurdumyz bilen hyzmatdaşlygyň strategiýasyny işläp taýýarlamagy tamamlamagyň göz öňünde tutulýandygy bellenildi. Munuň özi bu esasy halkara maliýe guramasy bilen ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy hil taýdan täze derejä çykarmaga mümkinçilik berer we ony anyk many-mazmun bilen baýlaşdyrar.

Geçirilen duşuşyklaryň netijeleri boýunça olara gatnaşyjylar Bütindünýä banky bilen Türkmenistanyň yzygiderli ösýän özara bähbitli hyzmatdaşlygy Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň durmuşa geçirýän daşary syýasat strategiýasynyň örän netijelidigini tassyklaýar diýip bellediler. Şol daşary syýasat strategiýasy bolsa oňyn bitaraplyk, parahatçylygy söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk we giň halkara hyzmatdaşlyk ýörelgeleri esasynda guralýar. 

referans: www.turkmenistan.gov.tm

Degişli makalalar

Statistika Boýunça Pudagara Geňeşiň Mejlisi

syrach

Birža Täzelikleri

Birža Täzelikleri

turkmenhabargullugy