13-nji iýunda Aşgabatda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bilen düýn agşam resmi sapar bilen Türkmenistana gelen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary jenap Pan Gi Munuň arasynda duşuşyk bolar.
Bu iri we abraýly halkara guramasynyň ýolbaşçysynyň ýurdumyza indi ikinji gezek gelýändigi bellärliklidir. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň we BMG-niň Baş sekretary Pan Gi Munyň arasynda 2010-njy ýylyň aprelinde geçirilen geçen saparky duşuşyk däp bolan hyzmatdaşlygyň täze sepgitlerini açyp, Türkmenistanyň hem-de BMG-niň möhüm ugurlarda, şol sanda ählumumy howpsuzlygy üpjün etmekde, demokratik edaralary ösdürmekde, gender syýasatynda, daşky gurşawy goramakda we beýleki ugurlarda özara gatnaşyklary pugtalandyrmaga çalyşýandygyny we oňa taýýardygyny tassyklady.
BMG-niň Baş sekretarynyň şu sapary dünýä bileleşiginiň Garaşsyz hem Bitarap Türkmenistana, ýurdumyzyň Merkezi Aziýa sebitinde artýan ornuna, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň oňyn daşary syýasat ugruna aýratyn gyzyklanmasynyň aýdyň subutnamasydyr. Milli Liderimiziň daşary syýasat ugry bolsa ähli ýurtlaryň durmuş-ykdysady ösüşini, dünýäniň halklarynyň bagtyýar durmuşyny hem-de abadançylygyny üpjün etmegiň bähbidine parahatçylygy we ählumumy howpsuzlygy pugtalandyrmaga, giň halkara hyzmatdaşlygyna gönükdirilendir.
Birleşen Milletler Guramasynyň maksatlaryna hem-de wezipelerine doly laýyk gelýän bu taglymatlaýyn strategiýa köp babatda Türkmenistan bilen BMG-niň arasyndaky gatnaşyklaryň netijeli häsiýete eýe bolmagyny kesgitledi. Olar häzirki döwrüň wajyp meselelerini çözmekde uzakmöhletli, strategiki hyzmatdaşlar bolup çykyş edýärler.
Türkmenistan BMG-niň işjeň agzalarynyň biri bolmak bilen, bu bütindünýä guramasynyň abraýyny artdyrmagyň we ornuny pugtalandyrmagyň tarapdary bolup çykyş edýär. Bu gurama XXI asyrda dünýäniň gapma-garşylyksyz ösmegi üçin berk esasy döretmek, halklaryň we döwletleriň arasyndaky dostluk gatnaşyklaryny hem-de özara düşünişmegi pugatlandyrmak maksady bilen, milletleriň deňligi we özara hormat goýmagy ýörelgeleri esasynda olaryň birleşmegine ýolbaşçylyk etmelidir.
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýakynda bolan mejlisinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň Birleşen Milletler Guramasy, onuň esasy düzümleri bilen hyzmatdaşlygyň strategiki häsiýetini ýene-de bir gezek nygtap, dünýä derejesinde wajyp ugurlary öz içine alýan däp bolan şeýle hyzmatdaşlygyň netijesinde dürli ulgamlarda üstünlikli amala aşyrylan we häzir durmuşa geçirilýän maksatnamalaryň hem-de taslamalaryň beýanyny tapandygyny kanagatlanmak bilen belledi.
Türkmenistan halkara konwensiýalarynyň 90-dan gowragyna goşulmak bilen, öz üstüne alan borçnamalaryna ygrarly bolmagynda galýar, Gyzyklanma bildirýän hyzmatdaşlaryň ählisi aýry-aýry döwletler, şeýle hem abraýly halkara guramalary hem-de sebit düzümleri bilen sazlaşykly gatnaşyklary ýola goýýar.
Türkmenistanyň açyklygy, onuň milletler bileleşiginiň belent ýörelgelerine ygrarlydygy köp babatda 1995-nji ýylda oňa özboluşly Bitaraplyk derejesiniň berilmegini kesgitledi. Bu abraýly hem hormatly dereje Türkmenistana Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan dünýäniň 185 ýurdunyň biragyzdan ses bermeginde berildi. Häzirki wagtda Bitaraplyk derejesiniň sebitde howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň möhüm şerti hökmünde ykrar edilendigi tötänden däldir. Şu ýylyň dekabrynda Türkmenistan özüniň Bitaraplyk derejesiniň 20 ýyllygyny giňden we dabaraly ýagdaýda belläp geçer.
Hut ýubileý ýylynda, BMG-niň Baş Assambleýasynyň 69-njy mejlisinde “Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy” kararnamasynyň biragyzdan goldanandygy bellärliklidir. Bu resminamanyň kabul edilmegi bilen, BMG ýene-de Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk derejesini goldaýandygyny beýan etdi. Munuň özi ýurdumyzyň sebit we dünýä möçberinde parahatçylygy, howpsuzlygy hem-de durnukly ösüşi üpjün etmek işine saldamly goşandynyň ählumumy ykrarnamasynyň aýdyň subutnamasyna öwrüldi.
Türkmenistanyň hem-de BMG-niň hyzmatdaşlygy özara gatnaşyklaryň baý we örän netijeli tejribesine daýanyp, ýylsaýyn täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylýar. Şunuň bilen baglylykda, häzirki wagtda Türkmenistanyň BMG-niň esasy edaralarynyň birnäçesiniň, şol sanda 2013-2015-nji ýyllar üçin Ykdysady we Durmuş Geňeşiniň (EKOSOS), 2012-2015-nji ýyllar üçin BMG-niň ilat we ösüş baradaky komissiýasynyň, 2012-2015-nji ýyllar üçin BMG-niň neşe serişdeleri baradaky komissiýasynyň, şeýle hem hemişelik esasda BMG-niň bosgunlaryň işleri boýunça Ýokary Komissarynyň Maksatnamasynyň Ýerine ýetiriji komitetiniň agzasy bolup durýandygyny bellemelidiris. Munuň özi ýurdumyzyň gazanan üstünlikleriniň, toplan oňyn tejribesiniň ählumumy ykrar edilmeginiň ýene-de bir aýdyň subutnamasydyr. Ýurdumyzyň ähli ulgamlarda giň möçberli özgertmeleri amala aşyrmakdaky bu tejribesi dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan giňden goldanylýar.
Birleşen Milletler Guramasynyň we bilelikdäki taslamalara hem-de maksatnamalara işjeň gatnaşýan Türkmenistanyň köpýyllyk hyzmatdaşlygy şol bir wagtyň özünde däp bolan gatnaşyklaryň çäginden çykýar. Şunda döwletimiziň oňyn başlangyçlaryň ençemesini öňe sürendigini bellemelidiris. Olaryň biri-de Aşgabatda BMG-niň öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň açylmagy bilen baglanyşyklydyr. BMG-niň bu ygtybarly düzümi Merkezi Aziýa döwletleriniň hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmakda, bar bolan meseleleri oňyn we özara kabul ederlikli ýagdaýda çözmek üçin olaryň tagallalaryny birleşdirmekde möhüm orun eýeleýär.
Türkmenistan täze pikirleri öňe sürmek bilen, häzirki zaman dünýäsiniň wajyp meselelerini çözmäge hil taýdan täze çemeleşmeleri görkezýär. Türkmen Lideriniň energetika howpsuzlygyny we turbageçiriji düzümiň ygtybarlylygyny üpjün etmäge, şeýle hem üstaşyr-ulag geçelgeleriniň täze halkara ulgamyny döretmek boýunça ählumumy hyzmatdaşlygy ýola goýmaga gönükdirilen möhüm halkara başlangyçlary hem munuň aýdyň subutnamasydyr. Mälim bolşy ýaly, BMG-niň agzasy bolan döwletleriň giň goldawyna we makullamagyna eýe bolan bu başlangyçlar hem BMG-niň Baş Assambleýasynyň ýörite kararnamalary bilen berkidilip, Birleşen Milletler Guramasynyň derejesinde döwletara gepleşikleriniň başyny başlady.
Türkmenistan BMG-niň Baş Assambleýasynyň, şeýle hem beýleki möhüm maslahatlaryň münberinden beýleki oňyn teklipleriň, şol sanda bütin dünýäde ekologiýa abadançylygyny üpjün etmäge we durnukly durmuş-ykdysady ösüşi üçin ähli şertleri döretmäge degişli teklipleriň birnäçesini öňe sürdi.
BMG bilen özara gyzyklanma bildirilýän hyzmatdaşlygyň ikitaraplaýyn esasda hem, ýagny BMG-niň 2010-2015-nji ýyllar üçin Türkmenistanyň ösüşine ýardam bermek baradaky Çarçuwaly Maksatnamasynyň çäklerinde ösdürilýändigini bellemelidiris. Türkmenistanyň hökümetiniň hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň ýurdumyzda işleýän edaralarynyň arasyndaky gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitleýän bu giň möçberli resminama ýurdumyzyň milli bähbitlerini we durmuş-ykdysady ösüşiň ileri tutulýan ugurlaryny nazara almak bilen, Türkmenistany durnukly ösdürmäge gönükdirilendir. Şol ileri tutulýan ugurlar bolsa müňýyllygyň ählumumy maksatlaryna doly laýyk gelýär.
BMG-niň Baş sekretarynyň şu sapary Türkmenistanyň we BMG-niň arasyndaky strategiki hyzmatdaşlygyň täze tapgyryna badalga bermäge ýardam etmelidir, Müňýyllygyň Maksatlaryna ýetmekde ýene-de bir möhüm ädim boljak täze bilelikdäki taslamalaryň hem-de maksatnamalaryň birnäçesini ara alyp maslahatlaşmaga we soňy bilen durmuşa geçirmäge kuwwatly itergi bermelidir. Saparyň maksatnamasynyň esasy we iň ähmiýetli bölegi bolsa BMG-niň Baş sekretary Pan Gi Mun bilen hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň duşuşygy bilen baglanyşyklydyr.