2015-nji ýylyň 12-nji iýunynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda biziň ýurdumyza iş sapary bilen gelen Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Federal Daşary işler ministrliginiň globalizasiýa meseleleri, energetika we howanyň üýtgemegi boýunça ýörite wekili jenap Peter Fişer bilen duşuşyk geçirildi. Gepleşiklere Germaniýanyň Federal Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýada suw meseleleri boýunça utgaşdyryjy-bilermeni hanym Daniela Şes we Araly halas etmek boýunça Halkara Gaznasynyň (ECIFAS) tehniki direktory jenap Has-Ulrih Im dagylar gatnaşdylar.
Ara alnyp maslahatlaşmalaryň esasy mowzugy suw hojalygy meseleleri boldy. Suw serişdelerini tygşytly peýdalanmakda tagallalary birleşdirmek boýunça pikir alyşmalaryň dowamynda Türkmenistanyň suw meseleleri boýunça syýasatynyň esasy ugurlary barada gürrüň edildi.
Şunuň bilen birlikde nemes tarapy Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň suw diplomatiýasyny amala aşyrmak boýunça öňe süren halkara başlangyçlary bilen içgin gyzyklandy. Suw meselelerini ulgamlaýyn çözmek boýunça Türkmenistanyň alyp barýan işlerini seljerip, taraplar geljekde bu ugurda bilelikde hyzmatdaşlyk etmek we tagallalary birleşdirmek babatynda gyzyklanmalaryny beýan etdiler.
Gepleşikleriň barşynda Berlin prosessiniň wajyplygyny belläp, taraplar 2015-nji ýylyň 7-8-nji sentýabrynda Berlinde geçiriljek Suw we Merkezi Aziýada hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklary atly ministrler derejesindäki maslahatyna taýýarlyk meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Taraplar Merkezi Aziýada suw syýasatynyň we agzalan maslahatda seredilmegi mümkin bolan meselelere bilelikde garamagy şertleşdiler.
Duşuşygyň ahyrynda taraplar Türkmenistan bilen Germaniýa Federatiw Respublikasynyň arasynda toplanylan özara hereketleriň oňyn tejribesine daýanýan hyzmatdaşlygy mundan beýläk hem işjeňleşdirmäge taýýarlyklaryny beýan etdiler.