10.9 C
Aşkabat
02.02.2025
GÜNÜŇ WAKALARY

Türkmenistanyň DIM-de Geçirilen Duşuşyk

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Aşgabada iş sapary bilen gelen Katar Döwletiniň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy Haled ben Muhammed Al Atiýýa bilen duşuşyk geçirildi.

Bu ýerde bolan iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň arasyndaky syýasy geňeşmeleriň, şeýle hem özara bähbitleriň we iki ýurduň durmuş-ykdysady ösüşiniň ileri tutulýan ugurlaryny nazara almak arkaly üstünlikli ösdürilýän ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we mümkinçilikleri barada pikir alyşmalaryň barşynda Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki hökümetara toparynyň işiniň ähmiýeti bellenildi.

Medeni-gumanitar ulgamynda gatnaşyklary işjeňleşdirmek barada aýtmak bilen, duşuşyga gatnaşyjylar Türkmenistanda we Katarda medeniýet günlerini guramak, iki ýurduň arasynda sport ulgamynda hyzmatdaşlygy giňeltmek meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Katar Döwletiniň Daşary işler ministriniň saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyplary bilen duşuşyk geçirildi.

Degişli makalalar

Türkmenistanyň DIM-nde Angola Respublikasynyň Ilçisi Bilen Duşuşyk Geçirildi

syrach

Türkmenistanyň Prezidenti 18-19-njy Aprelde Gazagystan Respublikasynda Döwlet Sapary Bilen Bolar

Türkmenistanyň Prezidenti Tailand Patyşalygynyň Premýer-Ministrine Gynanç Bildirdi

syrach