15.9 C
Aşkabat
22.11.2024
GÜNÜŇ WAKALARY

Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga Gol Çekdi

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Aşgabat şäheriniň binagärlik-şähergurluşyk keşbini has-da gözelleşdirmek hem-de “Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Maksatnamasynda” ýurdumyzyň nebitgaz toplumynyň öňünde goýlan wezipeleri durmuşa geçirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, “Türkmengaz” döwlet konsernine Aşgabat şäheriniň Çoganly ýaşaýyş toplumynyň günbatar tarapynda Okuw merkezi toplumynyň taslamasyny düzmek hem-de ony ýanaşyk ýerleri abadanlaşdyryp gurmak barada “Türkmennebitgazgurluşyk” döwlet konserni bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi.

Gurluşyk işlerine 2015-nji ýylyň iýun aýynda başlamak hem-de toplumy 2016-njy ýylyň dekabr aýynda ulanmaga doly taýýar edip tabşyrmak bellenildi. 

*** 

Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, wezipe borçlaryny talaba laýyk ýerine ýetirmän, işde goýberen kemçilikleri üçin, Aşgabat şäheriniň häkimi Nurmämmedow Rejepgeldi Meläýewiçe berk käýinç yglan edildi we ýol berlen kemçilikleri gysga wagtyň içinde düzetmese, eýeleýän wezipesinden boşadyljakdygy oňa duýduryldy.  

*** 

Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, wezipe borçlaryny talaba laýyk ýerine ýetirmän, işde goýberen kemçilikleri üçin, Türkmenistanyň energetika ministri Saryýew Geldi Muhammedowiçe  berk käýinç yglan edildi we ýol berlen kemçilikleri gysga wagtyň içinde düzetmese, eýeleýän wezipesinden boşadyljakdygy oňa duýduryldy.  

Degişli makalalar

«Aziýanyň Çagalary-2019» Oýunlarynda Ýaryşlar Dowam Edýär

turkmenhabargullugy

Türkmenistanyň Prezidenti Döwlet Howpsuzlyk Geňeşiniň Göçme Mejlisini Geçirdi

turkmenhabargullugy

Göç idaresi: Turizm Amaçlı Kısa Dönem İkamet İzinleri Hakkında duyuru

turkmenhabargullugy