2015-nji ýylyň 20-nji iýunynda Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynda harby gullukçylara nobatdaky harby derejelerini bermek dabarasy geçirildi.
Türkmen döwleti türkmenistanlylaryň parahat durmuşynyň hem-de döredijilikli zähmetiniň ygtybarly sütüni bolup durýan ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň goranyş kuwwatyny has-da pugtalandyrmak babatda yzygiderli we hemmetaraplaýyn alada edýär. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan toplumlaýyn harby özgertmeleriň çäklerinde harby we hukuk goraýjy edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny düýpli döwrebaplaşdyrmak alnyp barylýar, olar üçin iň häzirki zaman ýörite tehnikalary satyn alynýar. Ýokary hünärli harby gullukçylary taýýarlamak, şeýle hem harby gullukçylaryň gulluklary we döwrebap durmuşy üçin ähli zerur şertleri döretmek, täze nusgadaky harby şäherçeleri, serhet galalaryny, Watan goragçylary we olaryň maşgalalary üçin ähli amatlyklary bolan ýaşaýyş jaýlaryny gurmak durmuşa geçirilýän harby özgertmeleriň esasy ugry bolup durýar.
Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň mejlisler otagynda baýramçylyk çäresi açyk diýip yglan edilýär. Türkmenistanyň Döwlet senasy ýaňlanýar. Soňra dabara Gullugyň serkerdeler toparyna dabaraly ýagdaýda nobatdaky harby derejelerini dakmak çäresi bilen dowam etdirildi. Täze harby derejelerine eýe bolan harby gullukçylar Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçlerininiň Belent Serkerdebaşysy, goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedowa türkmen halkynyň röwşen geljegini üpjün etmekdäki ýadawsyz yhlasy, bimöçber ünsi we atalyk aladasy üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirmek bilen, adalatlylygyň, mertligiň we watançylygyň nusgasy bolup, özleriniň mähriban Watanymyzyň parahatçylygynyň, asudalygynyň goragynda mundan beýläk-de mäkäm durjakdyklaryna ynandyrdylar.