Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow iş sapary bilen Mary welaýatyna ugrady.
Mary welaýatynyň howa menzilinde uçaryň ýanynda milli lybasdaky gyzlar Türkmenistanyň Prezidentine gül desselerini gowşurýarlar. Döwlet Baştutanymyzy Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary, şeýle hem welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimleri garşylaýarlar.
Mary welaýatynyň medeniýet we sungat ussatlary milli Liderimizi joşgunly aýdymdyr-tanslar bilen mübärekleýärler.
Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow howa menzilinden awtoulagda şäheriň merkezinde ýerleşýän Gurbanguly hajy metjidine bardy, bu ýerde milli Liderimiz mukaddes Oraza aýy mynasybetli agzaçar sadakasyny berdi.
Döwlet Baştutanymyzyň awtoulag kerweniniň ugrunda milli Liderimizi köp sanly ýaşlar, welaýat merkeziniň ýaşaýjylary we myhmanlary mübärekleýärler.
Mukaddes Oraza aýynda berjaý edilýän gadymy agzaçar däbi aýratyn parasatly we çuňňur mana ýugrulandyr. Onda milletimiziň gadymdan gelýän tämizlige, rehimdarlyga we adalata ymtylmasynyň ruhy mazmuny öz beýanyny tapýar. Bu asylly türkmen däbi ynsana diňe bir beden tämizligini däl-de, ahlak arassalygyny, ruhy täzelenişi bagyş edip, häzirki wagtda ýagty geljege umydy pugtalandyryp, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň belent maksatlarynyň ýolunda täze belentliklere ýetmek üçin güýç-kuwwat berýär. Ynsanperwerlik taglymlary hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan alnyp barylýan ýurdumyzyň içeri we daşary syýasatynyň möhüm şerti hökmünde çykyş edýär. Gadymy türkmen topragynda amala aşyrylýan iri möçberli oňyn özgertmeler Watanymyzyň röwşen geljegine ynam döredýär we bu özgertmeler milletimiziň ruhy taýdan kämilleşmeginiň, halkymyzyň taryhynyň, gadymy däp-dessurlarynyň, dininiň gaýtadan dikeldilmeginiň we goralyp saklanmagynyň özboluşly alamaty astynda durmuşa geçirilýär. Ýakynda, şu mukaddes aýda döwlet Baştutanymyzyň Lebap welaýatynda täze metjidi gurmak barada Karara gol çekmegi buýsançly hakykatdyr.
Ak mermerli dört sany diňli we mawy gümmezleri, altyn çaýylan ýarymaý şekilleri bilen belent metjit Mary şäheriniň hakyky binagärlik bezegi bolmak bilen, bu ýerde täze taryhy eýýamda bina edilen Ruhyýet köşgüniň, welaýat taryhy ülkäni öwreniş muzeýiniň, Kemine adyndaky döwlet drama teatrynyň hem-de gümmeziniň astynda obserwatoriýa ýerleşdirilen Mary welaýat kitaphanasynyň binalary bilen bilelikde şäheriň ajaýyp künjegini kemala getirdi.
Bu metjit hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda 2009-njy ýylda açyldy we dindarlaryň haýyşy boýunça onuň bina edilmegine ýakyndan goldaw beren döwlet Baştutanymyzyň sarpasyna Gurbanguly Hajy metjidi diýlip atlandyryldy.
Metjidiň girelgesiniň ýanynda döwlet Baştutanymyzy Türkmenistanyň müftüsi, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň ymamlary, paýtagtymyzyň we ýurdumyzyň welaýatlarynyň hormatly ýaşululary, Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy, hökümet agzalary, harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary, şeýle hem welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimleri garşylaýarlar.
Döwlet Baştutanymyz mähirli garşylanandygy üçin ýygnananlara minnetdarlyk bildirip, hormatly ýaşululara ýüzlenmek bilen, ýerli ýaşaýjylaryň durmuş şertleri, olaryň iş-aladalary, maksatlary, şeýle hem sebitlerde möhüm ykdysady we durmuş meseleleriniň ýagdaýy bilen gyzyklanýar.
Milli Liderimiz welaýatyň ykdysadyýetiniň ösüşindäki gazanylanlar, durmuş ähmiýetli birnäçe taslamalaryň ýerine ýetirilişi hem-de welaýatyň ýolbaşçylarynyň öňünde durýan wezipeler barada aýtdy. Döwletimiziň geljekde hem sebitleriň ösüşine hemmetaraplaýyn goldaw berjekdigini, adamlaryň netijeli zähmet çekmegi hem-de mynasyp durmuşy üçin ähli şertleriň döretjekdigini bellemek bilen, milli Liderimiz hormatly ýaşululary ýakyn günlerde Mary we Lebap welaýatlarynda birnäçe häzirki zaman desgalarynyň açylyş we düýbüni tutmak dabaralaryna, şol sanda Türkmenabat şäherinde täze metjidiň düýbüni tutmak dabarasyna gatnaşmaga çagyrdy.
Hormatly ýaşulular milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa ýurdumyzda amala aşyrylýan iri möçberli oňyn özgertmeler, häzirki zaman türkmen obasyny ösdürmek baradaky ýadawsyz aladasy üçin çuňňur hoşallyklaryny beýan edip, döwlet Baştutanymyza berk jan saglyk, uzak ömür, türkmen halkynyň bagtyýarlygynyň bähbidine alyp barýan asylly işlerinde uly üstünlikler, iş saparynyň şowly bolmagyny arzuw etdiler.
Soňra Türkmenistanyň Prezidenti metjide girýär we özi üçin bellenen ýere geçýär. Metjitde bir bada iki ýarym müň adam namaza durup bilýär. Türkmenistanyň müftüsi Beýik Biribardan türkmen topragyna parahatçylyk we asudalyk, halkyň agzybirligini, hormatly Prezidentimize baş saglygyny we işleriniň rowaç bolmagyny dileg edýär.
Aýat-töwir okalandan soň, milli Liderimiz Beýik Biribaryň dergähinde ähli doga-dilegleriňiz, namaz-orazaňyz kabul bolsun! Goý, biziň ýurdumyzda asudalyk höküm sürsün! Goý, biziň halkymyz hemişe abadan we agzybirlikde ýaşasyn!diýip, ýygnananlaryň hemmesini bilelikde agzaçar sadakasy berilýän jaýa geçmäge çagyrdy.
Agzaçar nahary çekilmezden öň döwlet Baştutanymyz hormatly ýaşululary, agzaçar sadakasyna ýygnanan hemmeleri, olaryň üsti bilen bütin türkmen halkyny mukaddes Oraza aýynyň gelmegi bilen gutlaýar.
Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, mukaddes Oraza aýy öz gözbaşlaryny müňýyllyklardan alyp gaýdýar we türkmen halky üçin sogap aýy bolup, halkymyzyň pähim-paýhasyny, däp-dessurlaryny we milli gymmatlyklaryny özünde jemleýär.
Beýik akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragy hem: «Ýylyň dört paslynda on iki aýda, Remezan diýerler aýyň ýagşysyn» diýip, bu aýyň sahawatyny we gadyr-gymmatyny belläp geçipdir.
Oraza asyrlaryň dowamynda halkymyzy ynsanperwerlige, haýyr-sahawata ruhlandyryp gelýär. Mukaddes Oraza halkymyzyň milli medeni mirasydyr, geçmişden biziň günlerimize gelip ýeten ruhy gymmatlygydyr diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow nygtady. Bu gymmatlyklar mähriban halkymyzy hoşniýetli işlere, parahatçylyga, açyklyga çagyrýar, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hem ynsany ruhy tämizlige, arassa ahlaklylyga, hoşniýetli işlere gönükdirýän Orazanyň ähmiýeti örän uludyr.
Mukaddes Oraza aýynyň gelmegi bilen çagalar «Ýaremezan» aýdyp, her bir öý-ojaga ýagşy arzuwlar edýär. Rysgal-döwlet, bereket dileýär. Bu aýda milli däp-dessurlarymyza, gadymy adatlarymyza laýyklykda ýurdumyzyň şäherdir obalarynda, her bir öý-ojakda saçaklar giňden ýazylýar. Eziz halkymyzy jebisleşdirýän, ösüp gelýän nesillerimizde ynsanperwerlik duýgularyny kemala getirýän agzaçar sadakalary berilýär diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy. Agzybir halkymyz goňşy-golamlary, kowum-garyndaşlary we dost-ýarlary bilen bereketli saçaklaryň başynda il-günümiziň abadançylygy, berkarar Watanymyzyň asudalygy we rowaçlygy üçin ýagşy doga-dilegleri edýär. Biz hem ata-babalarymyzyň köp asyrlyk şöhratly taryhyna sarpa goýup, ruhy gymmatlyklarymyzy gorap saklaýarys, däp-dessurlarymyzy we urp-adatlarymyzy berjaý edýäris. Haýyr-sahawatly bu mukaddes aý milli senenamamyzda aýratyn orny eýeleýär. Ynsany ruhy taýdan kämilleşdirýär, onuň kalbyny tämizleýär, köňlüni nurlandyrýar. Şoňa görä-de, halkymyz Oraza aýyna, sahawatly Gadyr gijesine ruhubelentligiň we adalatyň aýdyň ýüze çykmasy hökmünde aýratyn sarpa goýýar diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.
Soňra milli Liderimiz tebärek çykmak we aýat-töwir okamak barada Türkmenistanyň müftüsine ýüzlenýär.
Döwlet Baştutanymyz aýat-töwir okalandan we sadaka berlenden soň, ýygnananlara ýüzlenip, goý, mukaddes Oraza aýynda ýurdumyzyň asudalygy, mähriban halkymyzyň agzybirligi we abadançylygy, berkarar Watanymyzyň rowaçlygy üçin edýän ähli doga-dilegleriňiz, namaz-orazaňyz Beýik Biribaryň dergähinde kabul bolsun diýdi. Goý, mübärek Oraza aýynyň her bir güni ýagşy niýetlere, asylly işlere, haýyr-sahawata beslensin! Goý, Garaşsyz Watanymyzda hemişe parahatçylyk, agzybirlik we asudalyk höküm sürsün! Mähriban halkymyz abadan we bagtyýar durmuşda ýaşasyn!
Hormatly Prezidentimiz agzaçar sadakasy tamamlanandan soň, ýene-de ýaşulular bilen söhbetdeş bolup, obalardaky işleriň ýagdaýy, ol ýerde durmuş-ýaşaýyş meseleleriniň çözülişi, jaý gurmak ýa-da ekin ekmek üçin mellek ýerleriniň bölünip berlişi, ýaşaýyş jaýlaryny gurmak üçin zerur karz serişdeleriniň berlişi, ilatynyň gaz, suw, elektrik energiýasy, agyz suwy bilen üpjün edilişi bilen içgin gyzyklandy. Şeýle hem milli Lideimiz durmuş ähmiýetli desgalaryň gurluşygy — mekdepleriň, çagalar baglarynyň, hassahanalaryň gurluşygy, ýaşlara bilim berlişi we olaryň iş bilen üpjünçiligi bilen gyzyklanyp, bu ugurda ýene-de nähili işler geçirilse, netijeli boljakdygy barada ýaşululara maslahat saldy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow gürrüňdeşligi dowam edip, şu ýyl berkarar döwletimiziň Garaşsyzlyga eýe bolanyna 24 ýyl dolýar. Çärýek asyra golaý wagtyň içinde ýurdumyz tanalmaz derejede düýpli özgerdi, Garaşsyz Türkmenistan asyrlara barabar ýol geçdi. Dünýäniň hemmetaraplaýyn ösýän abraýly döwletleriniň birine öwrüldi.
Şeýle hem ýurdumyzyň jemgyýetçilik durmuşynda uly özgertmeler bolup geçýär. Bu özgertmeler kanunlarymyzy, şol sanda Baş Kanunymyzy kämilleşdirmegi talap edýär diýip, milli Liderimiz aýtdy. Biz şu maksatlardan ugur alyp, Konstitusiýamyzy häzirki döwrüň talaplaryna laýyk özgertmek boýunça zerur işleri alyp barýarys. Ýörite döredilen Topar Esasy Kanunymyzy kämilleşdirmek boýunça halkymyzdan gelip gowuşýan köp sanly tekliplere seredýär. Biz gelip gowuşýan ähli teklipleri hasaba alarys diýip, hormatly Prezidentimiz ýaşululara ýüzlenmek bilen, olaryň öz tekliplerini we gymmatly maslahatlaryny ibermegini haýyş etdi, şol teklipler ýurdumyzyň Konstitusiýasynyň täze redaksiýasy işlenip taýýarlananda hökman göz öňünde tutular.
Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, häzirki döwürde ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ähli pudaklary ýokary depginler bilen ösýär. Ýurdumyzy senagat taýdan ösen döwlete öwürmek boýunça işler öz oňat netijelerini hem berýär. Şu maksatlardan ugur alnyp, köp sanly täze, döwrebap kärhanalar gurulýar. Nesip bolsa, şu saparymyzyň dowamynda hem birnäçe iri desgalary açyp, ulanmaga bereris diýip, milli Liderimiz aýtdy.
Soňra oba hojalygynda gazanylýan üstünlikler barada durup geçmek bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow edermen daýhanlarymyz ýylyň-ýylyna pagtanyň we gallanyň bol hasylyny ösdürip ýetişdirýärler, guşgursak gallamyz bilen halkymyzy doly üpjün edýäris, özümizden artýan gallany daşary ýurtlara hem iberýäris diýip belledi. Indi obalarymyz hem düýpli özgerýär. Oba milli maksatnamasy hem-de ilatly ýerleri arassa agyz suwy bilen üpjün etmek baradaky ýörite maksatnama oba ýerlerinde şäherdäkiden birjik-de kem bolmadyk şertleri döretmäge gönükdirilendir. Oba ilaty üçin indi diňe bir döwrebap ýaşaýyş jaýlaryny däl-de, eýsem ýaşamaga ähli şertleri bolan täze obalar we şäherçeler gurulýar.
Ýurdumyzyň kämil saglygy goraýyş ulgamyny döretmek boýunça döwletiň alyp barýan işleri barada durup geçmek bilen, hormatly Prezidentimiz ata-babalarymyzyň «Saglyk bolsa, beglik bolar» diýen parasatly sözlerini mysal getirdi. Onda halkyň saglygynyň ýurduň baýlygyna deňelýändigi aýdylýar. Şundan ugur alnyp, «Saglyk» döwlet maksatnamasy kabul edildi. Şu ýyl bu Maksatnamanyň kabul edilenine 20 ýyl dolýar. Geçen döwürde ilatymyzyň saglygyny berkitmek, ýurdumyzda sagdyn durmuş ýörelgelerini ornaşdyrmak boýunça köp işler edildi. Saglygy goraýyş ulgamyny dünýä derejesine çykarmak boýunça düýpli özgertmeleri geçirildi. Ýurdumyzda häzirki döwrüň ösen talaplaryna laýyk gelýän hassahanalary, Saglyk öýlerini giň gerim bilen gurduk we gurýarys. Ýurdumyzda köp sanly keselleriň ýok edilmegi, raýatlarymyzyň ömür dowamynyň uzalmagy geçirilen işleriň netijesine öwrüldi diýip, hormatly Prezidentimiz belledi.
Ilatymyz oňat dynç alar ýaly ähli şertleri döretmek maksady bilen, biz «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyny ösdürmäge aýratyn üns berýäris. Bu ýerde döwrebap myhmanhanalar, sagaldyş-dynç alyş merkezleri guruldy. Aşgabat şäherinde we ýurdumyzyň her welaýatynda häzirki döwrüň ösen talaplaryna laýyk gelýän şypahanalar gurlup, ulanmaga berildi diýip, milli Liderimiz hormatly ýaşululary Baýramalydaky ýa-da «Awazadaky» şypahanalarda, ýurdumyzyň beýleki şypahanalarynda dynç alyp, saglyklaryny berkitmäge çagyrdy.
Hormatly Prezidentimiz dili senaly ýaşululara ýüzlenip, Marynyň keramatly topragy bar. Bu ýerde Alp Arslan, Soltan Sanjar ýaly we beýleki köp sanly dünýä belli şahsyýetler ýaşap geçipdir. Bu toprakda halkymyzyň müňýyllyklara uzap gidýän taryhy bilen bagly gadymy ýadygärlikler, keramatly ýerler köp, siz taryhy ýadygärliklere aýlanyp görüň, keramatly ýerlere baryp, zyýarat ediň diýip aýtdy.
«Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek nobatdaky Ýaşulularyň maslahaty barada aýtmak bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ata-babalarymyzyň «Maslahatly biçilen don gysga bolmaz!» diýen parasatly sözlerini mysal getirdi. Biz bu pähime eýerip, Ýaşulularyň maslahatynda ýurdumyzyň durmuşyna degişli möhüm meseleleri, öňümizde durýan wezipeleri siziň bilen ara alyp maslahatlaşarys. Ata Watanymyzy mundan beýläk-de ösdürmegiň ýollaryny kesgitläris. Şoňa görä-de, bu Maslahata häzirden gowy taýýarlyk görmeli. Eger teklibiňiz ýa-da öňe sürjek meseläňiz, aýtjak pikiriňiz bar bolsa, onda Ýaşulularyň maslahatynyň garamagyna iberiň diýip, milli Liderimiz aýtdy.
Soňra hormatly Prezidentimiz Garaşsyz döwletimiziň Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna eýe bolmagynyň 20 ýyllyk şanly baýramyny giňden belläp geçmek we 2015-nji ýylyň «Bitaraplyk we parahatçylyk ýyly» diýip yglan edilmegi barada durup geçdi. Bu şanly sene mynasybetli biz köp sanly dabaraly çäreleri geçirmegi göz öňünde tutýarys. Bu dabaralara daşary ýurtlardan hem köp sanly ýokary derejeli myhmanlar geler diýip, milli Liderimiz hormatly ýaşululary bu baýramçylyk çärelerine işjeň gatnaşmaga çagyrdy.
Ýakynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» atly Rezolýusiýasyny gaýtadan kabul etdi diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sözüni dowam etdi we Bitaraplyk taglymatynyň Türkmenistanyň alyp barýan daşary syýasatynyň esasy ugruny kesgitlemekde, şeýle hem milli ykdysady ösüşiň wezipelerini üstünlikli çözmekde ähmiýetiniň uludygyny belledi.
Bu ugruň geçirilmegi dünýä bileleşiginiň Türkmenistana bolan halkara syýasy ynamyny ýokarlandyrdy, Netijede, ählumumy parahatçylygy goldamakda berkarar döwletimiziň halkara abraýy has-da artdy diýip, milli Liderimiz belledi. Şunuň bilen baglylykda, ata-babalarymyzyň «Kyýamat güni goňşudan!» diýip aýdan pähimini mysal getirmek bilen, döwlet Baştutanymyz Bitaraplyk syýasaty goňşular bilen, dünýäniň beýleki ýurtlary bilen agzybir, parahat we asuda durmuşda ýaşamaga gönükdirilendir diýip belledi. Biz Bitaraplyk hukuk ýagdaýymyza eýerip, dünýäniň dürli döwletleri we halklary bilen hyzmatdaşlygymyzy geljekde has-da ösdüreris diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sözüniň ahyrynda hormatly ýaşulularyň halkymyzyň agzybirligini berkitmekde, ýaşlarymyza edep-terbiýe bermekde uly işleri alyp barýandygyny belledi we olara bu möhüm ähmiýetli işleri üçin tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi hem-de ýaşululara berk jan saglyk, uzak ömür, abadan we bagtyýar durmuşda ýaşamagy tüýs ýürekden arzuw etdi.
Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýygnananlar bilen mähirli hoşlaşyp, bu ýerden ugrady.
Hormatly Prezidentimiziň Mary welaýatyna iş sapary dowam edýär.