17.9 C
Aşkabat
22.11.2024
GÜNÜŇ WAKALARY

Prezidentimiziň we Prezident Giorgiý Margwelaşwiliniň Gepleşikleri

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow iki günlük döwlet sapary bilen Gruziýa ugrady. Aşgabadyň Halkara howa menzilinde milli Liderimizi resmi adamlar ugratdylar.

Ýurdumyz oňyn bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik we giň halkara hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanan daşary syýasat strategiýasyny yzygiderli durmuşa geçirip, ýurdumyz daşary ýurtly hyzmatdaşlaryň ählisi, şol sanda Gruziýa bilen oňyn gatnaşyklary işjeň ösdürýär. Şu sapar hem-de nobatdaky ýokary derejedäki gepleşikler taraplaryň bar bolan kuwwaty we gatnaşyklary ösdürmek üçin uly geljegi nazara almak bilen, özara bähbitli türkmen-gruzin gatnaşyklaryna täze itergi bermäge çalyşýandyklarynyň nobatdaky aýdyň subatnamasydyr.

Iki sagada golaý uçuşdan soň, hormatly Prezidentimiziň uçary iki dostlukly ýurduň Döwlet baýdaklary bilen bezelen Tbilisi şäheriniň Halkara howa menziline gondy. Belent mertebeli türkmen myhmanynyň hormatyna uçardan resmi wekiliýetler zalynyň girelgesine çenli düşelen haly ýodajygynyň ugrunda Hormat garawulynyň esgerleri nyzama düzüldiler. Howa menzilinde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowy resmi adamlar mähirli garşyladylar. Türkmen Liderine gül desseleri gowşuryldy. 

Tbilisi şäherine bir gün öň gelen ýurdumyzyň resmi wekiliýetiniň agzalarynyň  saparyň öňüsyrasynda döwlet Baştutanymyzyň tabşyrmagy boýunça özleriniň gruzin kärdeşleri bilen iş duşuşyklaryny we  gepleşiklerini geçirendiklerini  bellemelidiris. Duşuşyklaryň barşynda dürli ulgamlarda ikitaraplaýyn netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy. Ýurdumyzyň wekiliýetiniň agzalary şeýle hem port hojalygyny we degişli düzümi guramak ulgamynda tejäribe alyşmak maksady bilen Gara deňziň kenarynda ýerleşýän Poti port şäherine baryp gördüler.

…Türkmen Lideriniň awtoulag kerweni Gruziýanyň Prezidentiniň Köşgüne tarap ugrady.  Bu ýerde, meýdançada hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy Gruziýanyň Prezidenti Giorgiý Margwelaşwili mähirli garşylady. Iki ýurduň Liderleri dostlarça salamlaşyp, ýörite bellenen ýere geçýärler.

Hormat garawulynyň serkerdesi döwlet Baştutanlaryna dabaraly hasabat berýär. Türkmenistanyň we Gruziýanyň Döwlet senalary ýaňlanýar. Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow  we Giorgiý Margwelaşwili Gruziýanyň Döwlet  baýdagyna hormat-sarpa goýýarlar we Hormat garawulynyň nyzama düzülen esgerleriniň öňünden geçýärler. 

Gruziýanyň Lideri belent mertebeli türkmen myhmanyny Gruziýanyň resmi wekiliýetiniň agzalary bilen tanyşdyrýar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow  gruziýaly kärdeşini ýurdumyzyň hökümet wekiliýetiniň agzalary bilen tanyşdyrýar. Şeýle hem Türkmenistanyň Baştutany Gruziýada işleýän diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylary bilen tanyşýar. 

Soňra Prezident Giorgiý Margwelaşwili hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy özüniň iş otagyna çagyrýar, şol ýerde ýokary derejede ikiçäk görnüşde ikitaraplaýyn gepleşikler geçirildi.  Ikiçäk duşuşyk başlamazdan öň, döwlet Baştutanlary iki ýurduň Döwlet baýdaklarynyň öňünde surata düşdüler. 

Prezident Giorgiý Margwelaşwili türkmen Liderini Tbilisede kabul edýändigine örän şatdygyny nygtap, Gruziýada  Türkmenistanyň Prezidentiniň şu döwlet saparyna  möhüm ähmiýet berilýändigini belledi. Gruziýanyň Lideri öz ýurdunyň Türkmenistan bilen däp bolan dostlukly döwletara gatnaşyklara ygrarlydygyny aýdyp, Gruziýanyň bar bolan kuwwat we umumy bähbitler nazara alnyp guralýan özara bähbitli ikitarpalaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge uly gyzyklanma bildirýändigini tassyklady. 

Pursatdan peýdalanyp, Gruziýanyň Prezidenti Türkmenistanyň Baştutanyny golaýda bellenilip geçilen doglan güni bilen gutlady we milli Liderimize berk jan saglyk, rowaçlyk hem-de ýurdumyzyň gülläp ösmeginiň we türkmen halkynyň bagtyýar durmuşynyň bähbidine alyp barýan giň möçberli asylly işinde täze ajaýyp üstünlikleri arzuw etdi. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Gruziýa döwlet sapary bilen gelmäge çakylygy we mähirli garşylanandygy üçin Prezident Giorgiý Margwelaşwilä  minnetdarlyk bildirip, Türkmenistanyň öz tarapyndan Gruziýa bilen dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmaga uly ähmiýet berýändigini nygtady. Şol gatnaşyklar bolsa özara hormat goýmak, birek-birege ynanyşmak ýörelgelerine we taraplaryň netijeli hyzmatdaşlygy giňeltmäge  bolan meýline esaslanýar. Şunuň bilen baglylykda, türkmen Lideri gruziýaly kärdeşine döwletara hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegine saldamly goşant goşýandygy üçin tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi. Prezident Giorgiý Margwelaşwiliniň geçen ýylyň dekabr aýynda Türkmenistana bolan resmi sapary bu hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine täze kuwwatyl itergi berdi. 

Türkmen döwletiniň Baştutany halkara gün tertibiniň meselelerine iki ýurduň garaýyşlarynyň umumylygyny ýa-da meňzeşdigini aýdyp, gruzin Liderine Gruziýanyň   ýurdumyzyň başlangyçlaryny goldaýandygy üçin minnetdarlyk sözlerini aýtdy. Şol başlangyçlar bolsa energetika, ulag-aragatnaşyk we gumanitar ulgamlarda halkara gatnaşyklaryny işjeňleşdirmäge ýardam edýär. Hormatly Prezidentimiz Gruziýanyň  Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň degişli Rezolýusiýalarynyň, şeýle hem BMG-niň Baş Assambleýasynyň 2015-nji ýylyň 3-nji iýunynda geçirilen 69-njy mejlisinde kabul edilen “Türkmenistanyň hemişelik bitaraplygy”  Rezolýusiýasynyň awtordaşy bolup çykyş edendigi üçin aýratyn minnetdarlyk bildirdi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu baradaky gürrüňi dowam edip,  BMG-niň ugry boýunça türkmen-gruzin hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de işjeňleşdirmegiň möhümdigini aýtdy.

Türkmenistanyň Baştutany ikitaraplaýyn söwda-ykdysady ulgamy, ulag we energetika pudaklaryny, şeýle hem gumanitar ulgamy hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlarynyň hatarynda görkezip, täze döwrüň hyzmatdaşlygyň kuwwatyndan netijeli peýdalanmaga täze çemeleşmeleri talap edýändigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz şu gepleşikleriň türkmen-grüzin gatnaşyklarynyň ileri tutulýan meselelerini hemmetaraplaýyn ara alyp maslahatlaşmak üçin oňat mümkinçilikleri döretjekdigine ynam bildirdi. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Gruziýa bilen däp bolan özara gatnaşyklary giňeltmäge çalyşýandygyny nygtap,   Prezident Giorgiý Margwelaşwilä berk jan saglyk, onuň jogapkärli işinde üstünlikler, dostlukly gruzin halkyna bolsa, abadançylyk we gülläp ösüş arzuw etdi. 

Özara düşünişmek, işjeň we oňyn ýagdaýda geçen duşuşygyň barşynda iki ýurduň Liderleri ozal gazanylan ikitaraplaýyn ylalaşyklaryň durmuşa geçirilişiniň barşyny ara alyp maslahatlaşdylar we geljegi nazara almak bilen häzirki döwürde hyzmatdaşlygyň esasy ugurlaryny anyklaşdyrdylar. Şunda Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow  we Giorgiý Margwelaşwili Türkmenistanyň hem-de Gruziýanyň netijeli hyzmatdaşlygy işjeň ösdürmäge we ony hil taýdan täze derejä çykarmaga taýýardygyny tassykladylar. 

Taraplar şeýle hem sebit we halkara gatnaşyklarynyň özara gyzyklanma bildirilýän möhüm meseleleriniň birnäçesi boýunça pikir alyşdylar. 

Soňra gepleşikler “Ekwtime Takaişwili”  zalynda giňişleýin düzümde, iki ýurduň resmi wekiliýetleriň agzalarynyň gatnaşymagynda dowam etdirildi. 

Gruziýanyň Prezidenti  Giorgiý Margweşwili hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy we Türkmenistanyň wekiliýetiniň agzalaryny gruzin topragynda   mähirli mübärekläp,  gruziýa döwlet sapary bilen gelmek baradaky çakylygy kabul edendigi üçin türkmen Liderine hoşallyk bildirdi. 

Gruziýanyň Lideri açyklyk, özara düşünişmek we ynanyşmak ýagdaýynda geçýän şu gepleşikleriň gün tertibine ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ençeme meseleleriniň, şeýle hem sebit we halkara gatnaşyklarynyň wajyp meseleleriniň girizilendigini belläp, bu ýokary derejedäki duşuşygyň iki ýurduň ähli ugurlar boýunça oňyn gatnaşyklary işjeňleşdirmäge taýýardygyny görkezýändigini nygtady. 

Gruziýanyň Prezidenti döwletara hyzmatdaşlygyň derejesine ýokary baha berip, gazanylan ylalaşyklaryň däp bolan syýasy gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmak, söwda-ykdysady, ylmy-tehniki, medeni-gumanitar ulgamlarda netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin ygtybarly esasy döredýändigini belledi. 

Şunda Gruziýanyň baştutany şu günki gepleşikleriň türkmen-gruzin gatnaşyklaryna täze itergi berjekdigine, olary hil taýdan täze derejä çykarmaga ýardam etjekdigine ynam bildirdi. Munuň özi özara bähbitlere doly laýyk gelýär. Şeýle hem halkara syýasatynyň meseleleri boýunça taraplaryň garaýyşlarynyň ýakyndygy, iki döwletiň sebit we halkara derejesinde parahatçylygy hem-de howpsuzlygy pugtalandyrmaga ýardam etmäge çalyşýandygy bellenildi. Şu maksatlar bilen Türkmenistan we Gruziýa BMG-niň we beýleki abraýly halkara guramalarynyň çäklerinde ysnyşykly hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegi göz öňünde tutýarlar. 

Şunuň bilen baglylykda, Gruziýanyň gyzyklanma bildirýän ýurtlaryň we halkara guramalaryň tekliplerini nazara almak bilen, energiýa serişdelerini üstaşyr geçirmek we ulag geçelgeleriniň orny boýunça halkara-hukuk resminamalary babatda Türkmenistanyň başlangyçlaryny doly goldaýandygy nygtaldy. 

Prezident Giorgiý Margweşwili söwda-ykdysady ulgamda türkmen-gruzin hazmatdaşlygy barada durup geçip, özara söwdanyň möçberlerini artdyrmak,  bu möhüm ugurda netijeli gatnaşyklary giňeltmek üçin hususy ulgamyň kuwwatyndan işjeň peýdalanmak maksady bilen, anyk çäreleriň görülmelidigini aýtdy. Bu babatda gazanylan ylalaşyklary iş ýüzünde durmuşa geçirmegiň täsirli guraly hökmünde bilelikdäki hökümetara toparyna möhüm orun degişlidir.           

Gruziýanyň Lideri ulag-üstaşyr ulgamda gatnaşyklar we bu ugurdaky kuwwaty doly peýdalanmak meselelerine degip geçip, Ýewropa –Kawkaz –Aziýa ulag geçelgesiniň bäsleşige ukyplylygyny ýokarlandyrmak, Türkmenbaşy, Batumi we Poti portlarynyň mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanmak meselelerine taraplaryň uly üns berendigini belledi. Şeýle hem Türkmenistanyň energiýa serişdelerini dünýä bazarlaryna ibermegiň ugurlaryny diwersifikasiýalaşdyrmaga gönükdirilen oýlanyşykly energetika syýasatynyň möhümdigi nygtaldy. 

Prezident Giorgiý Margweşwili türkmen döwletiniň Baştutanynyň şu saparanyň iki ýurduň we halklarynyň arasyndaky dostluk gatnaşyklaryny hem-de özara bähbitli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmaga ýardam etjekdigine ynam bildirip, öz tarapyndan Gruziýanyň gazanylan ylalaşyklaryň netijeli durmuşa geçirilmegine hemmetaraplaýyn ýardam etjekdigini nygtady.   

Türkmenistanyň Prezidentine söz berilýär. 

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň wekiliýetiniň adyndan mähirli garşylandyklary, myhmansöýerlik we netijeli işlemäge döredilen ajaýyp şertler üçin minnetdarlyk bildirip, şu ýokary derejedäki duşuşygyň  iki ýurduň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary we strategiki häsiýete eýe bolan türkmen-gruzin hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de berkitmegiň maksatlaryna hyzmat etjekdigine, özara hyzmatdaşlygy giňeltmäge we gatnaşyklaryň täze, geljegi uly bolan ugurlaryny ýüze çykarmaga ýardam etjekdigine ynam bildirdi. 

Häzirki döwürdäki ynanyşmagyň we özara düşünişmegiň derejesi Türkmenistana we Gruziýa öz gatnaşyklaryny geljegi nazara alyp, ynamly ýola goýmaga mümkinçilik berýär. Halkara syýasatynyň esasy meseleleri boýunça garaýyşlary özara sazlaşdyrmaga ýardam edýär. Şeýle hem ykdysadyýetde, söwdada, maýa goýum işinde, medeni-ynsanperwer ulgamda özara hyzmatdaşlyk etmegiň uzak möhletleýin meýilnamalaryny işläp taýýarlamaga şert döredýär diýip, türkmen döwletiniň Baştutany aýtdy. 

Şunuň bilen baglylykda, türkmen Lideri Gruziýanyň Prezidenti bilen geçirilen gepleşikleriň netijeli we many-mazmuna baý bolandygyny belledi. Gepleşikleriň barşynda  halkara syýasatynyň möhüm meseleleri boýunça pikir alyşyldy, ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ähli ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy, ozal gazanylan ylalaşyklaryň ýerine ýetirilişi seljerildi, şeýle hem geljek döwür üçin hyzmatdaşlygyň anyk ugurlary we ýollary kesgitlenildi. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow halkara howpsuzlygyny we durnuklylygy goldamak hem-de berkitmek bilen bagly meseleleriň gepleşiklerde seredilen möhüm meseleleriň biri bolandygyny aýtdy. Bu meseleler häzirki döwürde dünýäniň sebitleriniň birnäçesinde bolup geçýän wakalar bilen baglylykda, aýratyn möhüm ähmiýete eýe boldy. Türkmenistanyň we Gruziýanyň bu meseleler babatda garaýyşlary halkara hukugynyň kadalaryna we Birleşen Milletler Guramasynyň Tertipnamasyna gyşarnyksyz eýermäge esaslanandyr diýip, milli Liderimiz belledi. 

Türkmenistanyň Baştutany halkara we içerki dawalaryň ählisiniň diňe parahatçylykly, gepleşikleri geçirmek ýoly bilen çözülmelidigi babatda iki ýurduň garaýyşlarynyň  birmeňzeşdigini aýdyp, biz parahatçylygy goldamak, ylalaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işlere hemmetaraplaýyn ýardam bermäge taýýardygymyzy tassykladyk diýip belledi. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow  iki ýurduň dünýä giňişliginde, abraýly halkara guramalarynyň, ilkinji nobatda bolsa, Birleşen Milletler Guramasynyň, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň çäklerinde özara hyzmatdaşlygynyň meseleleri barada durup geçip,  Türkmenistanyň we Gruziýanyň hyzmatdaşlyk etmegiň baý tejribesini toplandygyny we şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň halkara başlangyçlaryny,  hususan-da, energetika howpsuzlygy, ulag pudagynda hyzmatdaşlyk, durnukly ösüş bilen bagly meselelerde we beýleki ugurlarda Gruziýanyň hemişe goldaýandygyny aýratyn nygtady. 

Öz nobatynda, biziň ýurdumyz hem halkara giňişliginde Gruziýa ýakyndan goldaw berýär, gruzin tarapynyň ähli netijeli teklipleriniň dünýä bileleşigi tarapyndan kabul edilmegi ugrunda işjeň çykyş edýär. Halkara guramalarynda özara goldaw bermek tejribesi özüniň peýdalydygyny we dogrudygyny subut etdi. Bu tejribe iki ýurduň, bütin dünýä bileleşiginiň uzak möhletli bähbitlerine doly laýyk gelýär. Ol mundan beýläk-de dowam etdiriler diýip, türkmen Lideri aýtdy. 

Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, iki ýurt hem halkara giňişliginde öz milli bähbitlerine laýyklykda özbaşdak, özygtyýarly syýasaty alyp barýar. Biz Gruziýanyň saýlap alan daşary syýasat ugruna hormat bilen garaýarys. Gruziýaly hyzmatdaşlarymyzyň hem biziň alyp barýan, Bitaraplyga esaslanýan syýasatymyza şeýle garaýşynyň bardygyny aýdyň görýäris diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy. 

Biziň ýurdumyz Gruziýa bilen öz gatnaşyklaryny, ilkinji nobatda, ikitaraplaýyn esasda ýola goýýar. Gatnaşyklaryň şeýle görnüşiniň netijelidigini we iki ýurduň hem bähbitlerine laýyk gelýändigini tejribe aýdyň görkezýär. Soňky döwürde biziň syýasy gatnaşyklarymyzyň mazmun taýdan has-da baýlaşandygyny we bir maksada gönükdirilendigini bellemek isleýärin. 
Iki ýurduň Daşary işler ministrlikleriniň derejesinde geňeşmeler we beýleki iş maslahatlary yzygiderli esasda geçirilýär. Bu bolsa bize ikitaraplaýyn gatnaşyklar bilen bagly we halkara derejesindäki dürli meseleler boýunça garaýyşlarymyzy beýan etmäge hem-de pikir alyşmaga mümkinçilik berýär,  bu meseleler boýunça umumy bir pikire gelmäge we özara düşünişmäge şert döredýär diýip, milli Liderimiz aýtdy. 

Parlamentara gatnaşyklar Türkmenistanyň we Gruziýanyň özara hyzmatdaşlygynda möhüm orny eýeleýär. Iki ýurduň kanun çykaryjy edaralarynda parlament dostluk toparlary döredildi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow  parlamentleriň arasyndaky gatnaşyklaryň has-da işjeňleşmegini goldaýandygyny aýdyp,  bu gatnaşyklary kanun çykaryş işinde özara düşünişmegiň we tejribe alyşmagyň oňat usuly bolup durýandygyny nygtady.   

Türkmen döwletiniň Baştutany köpugurly ikitaraplaýyn hyzmatdaşlykda möhüm orun eýeleýän söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmek meselelerine ünsi çekip, häzirki döwürde Türkmenistanyň we Gruziýanyň gatnaşmagynda giň möçberli halkara taslamalaryny göz öňünde tutmagyň we  amala aşyrmagyň ilkinji orna çykarylmalydygyny nygtady.  Bu ýerde gürrüň, ilkinji nobatda, energetika we ulag pudaklary barada barýar. 

Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz  soňky döwürde energetika pudagynda türkmen-gruzin özara hyzmatdaşlygyň  has-da işjeňleşendigini belledi. Ikitaraplaýyn derejede hem, beýleki gyzyklanma bildirýän döwletleriň gatnaşmagynda köptaraplaýyn derejede hem geňeşmeler yzygiderli geçirilýär. Şu ýylyň maý aýynda Aşgabatda Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň, Türkiýäniň we Ýewropa Birleşiginiň wekilleriniň gatnaşmagynda energetika pudagynda hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça dörttaraplaýyn duşuşyk geçirildi. Bu duşuşykda günbatar ugurda Hazar sebitinden energiýa serişdelerini çykarmak boýunça turbageçiriji üpjünçilik ulgamlaryny döretmegiň meýilnamalaryna gatnaşmagy Gruziýa teklip etmek barada ylalaşylan garaýyşlar beýan edildi. 

Bu geljegi örän uly bolan taslamadyr. Bu taslama diňe bir biziň ýurtlarymyzyň bähbitlerine laýyk gelmän, eýsem Ýewraziýa giňişliginde energetika howpsuzlygyny üpjün etmäge hem uly itergi berer. Ýewraziýa giňişliginde häzirki döwürde energiýa serişdelerini geçirýän ulgamlary diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek bilen bagly meseleler möhüm ähmiýete eýe bolýar diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, türkmen döwletiniň Baştutany Türkmenistanyň we Gruziýanyň energetika pudagynda hyzmatdaşlygy syýasylaşdyrmaga islendik synanyşyklara garşy çykyş edýändigini we ilkinji nobatda, ykdysady bähbitlerden ugur alýandygyny aýratyn nygtady. Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, taraplar bu meselede özara gatnaşyklary dowam etmek barada ylalaşdylar, beýleki gyzyklanma bildirýän hyzmatdaşlar bilen bilelikde iş alyp barmak barada bir pikire geldiler. Şunuň bilen baglylykda, iki ýurduň degişli edaralaryna anyk tabşyryklar berler. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ulag pudagynyň hyzmatdaşlygyň ýene-de bir möhüm, strategik ugrudygyny belledi. Günorta Kawkaz Hazar-Gara deňiz ulag-üstaşyr geçelgesiniň bir bölegi bolup durýar. Bu geçelgäniň ulanylmagy Ýewropa, Ýakyn we Orta Gündogar döwletleri bilen giň gerimli sebitara goşulyşmagy üpjün etmäge mümkinçilik berýär. Bu ugurda biziň bähbitlerimiz aýdyňdyr we doly laýyk gelýär. Biz bu meselede Gruziýa geljegi örän uly bolan hyzmatdaş hökmünde garaýarys diýip, milli Liderimiz nagtady. 

Mälim bolşy ýaly, geçen ýylyň sentýabr aýynda Aşgabatda «Owganystan– Türkmenistan–Azerbaýjan–Gruziýa» ulag geçelgesini döretmek meselesi boýunça dörttaraplaýyn duşuşyk geçirildi. Bu taslama oňa gatnaşýan ýurtlar we sebitiň beýleki döwletleri üçin dünýä bazarlaryna çykmaga täze mümkinçilikleri döretmäge gönükdirilendir. Onuň durmuşa geçirilmegi kontinental söwda-ykdysady gatnaşyklary has-da işjeňleşdirmäge mümkinçilik berer. Türkiýe hem bu üstaşyr geçelgä goşulmaga gyzyklanma bildirýändigini beýan etdi diýip, türkmen döwletiniň Baştutany aýtdy. 

Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistana we Gruziýa ýöriteleşdirilen halkara guramalarynyň çäklerinde bilelikde alyp barýan işlerini has-da işjeňleşdirmegiň  zerurdygyny, hususan-da, iki ýurduň  Birleşen Milletler Guramasynyň Ýewropa Ykdysady Komissiýasynda, Aziýa we Ýuwaş umman sebiti boýunça ykdysady we durmuş komissiýasynda özara hyzmatdaşlygy has-da ösdürse, maksadalaýyk boljakdygyny nygtady.

Milli Liderimiz ikitaraplaýyn söwda-ykdysady gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmekde Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-gruzin toparynyň işiniň möhüm ornunyň bardygyny aýdyp, bu topara işleriň ýagdaýyny düýpli seljermek, söwda dolanyşygynyň möçberlerini artdyrmagyň ýollaryny tapmak baradaky teklibini beýan etdi.  

Soňra türkmen döwletiniň Baştutany häzirki döwürde ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ugurlarynyň meýilnamalaşdyrylmagy strategik çemeleşmäni, giň garaýyşlary talap edýär diýip nygtady. Dünýä ykdysadyýetinde düýpli özgermeler we öňe gitmeler bolup geçýär. Şunuň bilen baglylykda, täze has giň möçberli maksatlary göz öňünde tutmagyň zerurlygy ýüze çykýar. Türkmenistan we Gruziýa dünýä ykdysadyýetinde bolup geçýän özgermelerde öz mynasyp ornuny eýelemelidir. Iki ýurtda hem bu ugurda ähli mümkinçilikler bar diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi. 

Iki ýurduň işewürlik edaralarynyň arasynda göni hyzmatdaşlygy we işewürlik gatnaşyklaryny ösdürmäge möhüm ähmiýet berilýär.  Milli Liderimiz Türkmenistanyň we Gruziýanyň  telekeçileriniň arasyndaky hyzmatdaşlyk etmegiň oňat we öňden gelýän däplerini  ýokary derejede netijeli ulanmagyň zerurdygyny belläp, hususy telekeçileri döwletara meýilnamalaryny we maksatnamalaryny durmuşa geçirmäge has işjeň çekmegiň  maksadalaýyk boljakdygyny, iki ýurtda hem ýöriteleşdirilen sergileri, bilelikdäki işewürler maslahatlaryny geçirmegi tejribä ornaşdyryp başlamagyň möhüm ähmiýetiniň  bardygyny nygtady.  Häzirki döwürde Türkmenistanda döwlete dahylly däl telekeçilik edaralary dürli ugurlarda iri taslamalary amala aşyrýarlar. Olar, hususan-da, ýaşaýyş jaý gurluşygynda, söwda üpjünçilik ulgamlaryny döretmekde iri taslamalary üstünlikli durmuşa geçirýärler. Bu ugurda hem umumy bähbitler we geljegi uly bolan taslamalar bolup biler diýip, Türkmenistanyň Baştutany aýtdy .

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow iki ýurduň halklaryny gadymyýetden gözbaş alýan gatnaşyklaryň baglanyşdyrýandygyny belläp,  bu ajaýyp mirasyň iki ýurduň we halkyň arasyndaky hyzmatdaşlygy we özara düşünişmegi many-mazmun taýdan has-da baýlaşdyrýandygyny, medeniýet, ylym, bilim ulgamlarynda bilelikde iş alyp barmak üçin giň mümkinçilikleri açýandygyny nygtady. 

Döwlet Baştutanymyz medeni-gumanitar ulgamdaky gatnaşyklar barada aýdyp, köpasyrlyk milli mirasa sarpa goýmaga, ony häzirki döwur bilen sazlaşykda baýlaşdyrmaga degişli meselelerde iki tarapyň hem garaýyşlarynyň birmeňzeşdigini belledi. Döredijilik intelligensiýasy üçin möhüm şertleriň döredilmegi, halkara fesitwallaryň, maslahatlaryň, döredijilik alyşmalarynyň geçirilmegi, ýurtlaryň ikisinde hem Medeniýet günleriniň guralmagy Türkmenistan bilen Gruziýanyň halklarynyň arasynda özara düşünişmek ýagdaýyny we dostluk gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmäge we pugtalandyrmaga ýardam eder diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow nygtady. 

Türkmenistan ähli ugurlar boýunça halkara hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge, ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň pudaklaryna innowasion tehnologiýalary çekmäge, öňdebaryjy tejribäni ornaşdyrmaga gyzyklanma bildirýär. Şunuň bilen baglylykda türkmen döwletiniň Baştutany iki ýurduň ylmy kuwwatynyň, tejribesiniň we alymlaryň işläp taýýarlamalarynyň utgaşdyrylmagynyň özara bähbitli hem-de netijeli boljakdygyna ynam bildirdi. 
    
Bilim ulgamynda ikitaraplaýyn gatnaşyklar barada aýdylanda, bu ulgamda hem netijeli hyzmatdaşlygy giňeltmek, talyplary alyşmak üçin uly mümkinçilikler bar. Milli Liderimiz bular barada aýtmak bilen, Türkmenistanyň anyk pudaklar boýunça ýokary derejeli hünärmenlere bolan hakyky isleglerini nazara alyp, iki ýurduň esasy ýokary okuw mekdepleriniň arasynda göni gatnaşyklary ýola goýmak meselesini öwrenmegiň we  mümkinçiligine seretmegiň  zerurdygyny belledi. Türkmen döwletiniň Baştutany ýokarda aýdylanlary jemläp, türkmen-gruzin gatnaşyklarynyň aýrylmaz bölegi hökmünde gumanitar-medeni hyzmatdaşlygyň ähmiýetini ýene-de bir gezek nygtady. 

Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly,  Tbilisä şu döwlet saparynyň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk etmek üçin uly mümkinçilikleriň bardygyny aýdyň görkezdi, halkara durmuşynyň möhüm meseleleri babatda garaýyşlaryň  ýakyndygyny tassyklady, ählumumy parahatçylygy we howpsuzlygy berkitmek ugrunda bilelikde iş alyp barmaga iki tarapyň hem taýýardygyny görkezdi. Milli Liderimiz gol çekmäge taýýarlanan resminamalaryň möhümdigini nygtady. Bu resminamalar öňe gitmäge, hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryny özleşdirmäge çalyşýandygymyza şaýatlyk edýär. Bu bolsa, Türkmenistanyň we Gruziýanyň halklarynyň uzak möhletli düýpli bähbitlerine laýyk gelýär.

Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow alyp baran işleri, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ähli meselelerine oýlanyşykly çemeleşýändikleri, bu meseleleri düýpli we gyzyklanma bildirip, ara alyp maslahatlaşmaga taýýardyklary üçin, gruzin hyzmatdaşlarymyza tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi.

Türkmen Lideri Gruziýanyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň 2015-nji ýylyň 3-nji iýunynda geçirilen 69-njy mejlisinde kabul edilen “Türkmenistanyň hemişelik bitaraplygy” Rezolýusiýasyny goldandygy, şeýlelikde 1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda BMG-niň agzasy bolan 185 döwlet tarapyndan gollanan Türkmenistanyň bitaraplyk hukuk derejesini ýene-de makullandygy üçin minnetadarlyk bildirip, Gruziýanyň Prezidentini Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 20 ýyllyk baýramyna bagyşlanyp, Aşgabatda şu ýylyň dekabr aýynda geçiriljek Halkara maslahatynyň işine we baýramçylyk çärelerine gatnaşmaga çagyrdy. 

Giňişleýin düzümde gepleşikler tamamlanandan soň, Gümmezli otagda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekmek dabarasy boldy. 

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy bilen Gruziýanyň Milli ylymlar akademiýasynyň arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakyndaky Ähtnama; Türkmenistanyň Maliýe ministrliginiň we Gruziýanyň Maliýe gözegçiligi gullugynyň arasynda jenaýatçylykly ýol arkaly alnan girdejileriň kanunlaşdyrylmagy we terrorçylygyň maliýeleşdirilmegi bilen bagly maliýe maglumatlaryny alyşmak babatda hyzmatdaşlyk etmek barada Özara düşünişmek hakyndaky Ähtnama; Sport babatda Türkmenistanyň Sport baradaky döwlet komiteti bilen Gruziýanyň Sport we ýaşlaryň işleri baradaky  ministrliginiň arasynda Özara düşünişmek hakyndaky Ähtnama; Bilim babatda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Türkmenistanyň Bilim ministrligi bilen Gruziýanyň Bilim we ylym ministrliginiň arasyndaky Ähtnama; Medeniýet we sungat babatda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Türkmenistan Hökümeti bilen Gruziýanyň hökümetiniň arasyndaky Ylalaşyga; Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara  türkmen-gruzin topary hakynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Gruziýanyň Hökümetiniň arasyndaky Ylalaşyga gol çekilýär. 

Ýygnananlaryň el çarpyşmasy astynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow we Gruziýanyň Prezidenti Giorgiý Margwelaşwili  Bilelikdäki Beýannama gol çekýärler. 

Resminamalara gol çekmek dabarasy tamamalanandan soň, iki döwletiň Baştutanlary köpçülikleýin habar beriş serişldeleriniň wekillerine ýüzlenme bilen çykyş etdiler. 

Gruziýanyň Prezidenti gpeçirilen gepleşikleriň netijeleri barada durup geçip, häzirki döwürde türkmen-gruzin gatnaşyklarynyň okgunly ösdürilmeginiň iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň has-da berkidilýändigine şaýatlyk edýändigini nygtady. 

Gruziýanyň Lideriniň belleýşi ýaly, ýokary derejede geçirilen şu duşuşygyň barşynda ileri tutulýan ugurlaryň birnäçesi boýunça döwletara hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň meselelerine aýratyn ähmiýet berildi. Şunda taraplar türkmen-gruzin gatnaşyklarynyň strategiki häsiýete eýedigini tassykladylar. Gepleşikleriň netijeleri boýunça ikitaraplaýyn resminamalaryň birnäçesine gol çekildi.   

Şunuň bilen baglylykda, Prezident Georgiý Margwelaşwili gepleşikleriň barşynda gazanylan ylalaşyklaryň diňe bir Türkmenistan we Gruziýa üçin däl, eýsem tutuş sebit üçin ägirt uly ähmiýete eýedigini nygtady. Şeýle hem Gruziýanyň energetika ulgamynda we ýurduň baý energiýa serişdelerini dünýä bazarlaryna çykarmakda Türkmenistanyň başlangyçlaryny hemmetaraplaýyn goldaýandygy bellenildi. Şunuň bilen birlikde gruzin Lideri taraplaýyň bilelikde  ulag geçelgelerini, şol sanda Owganystan-Türkmenistan-Azerbaýjan-Gruziýa geçelgesini döretmek barada ylalaşyga gelendiklerini hem-de bu ugurda çäreleriň işjeňleşdirilmegini goldamaga taýýardygyny habar berdi. Şeýlelikde, biz Türkmenistanyň dünýä ähmiýetine eýe bolan başlangyçlaryny goldaýarys diýip, Prezident Georgiý Margwelaşwili nygtady. 

Gruziýanyň Lideri şu gün gazanylan ylalaşyklaryň tutuş Ýewraziýa yklymynyň ýurtlary üçin amatly boljakdygyna ynam bildirip, Türkmenistanyň we Gruziýanyň arasyndaky gatnaşyklarynyň taryhynyň alyslardan gözbaş alýandygyny belledi. Bular barada aýtmak bilen, Gruziýanyň baştutany bitarap Türkmenistanyň öňe sürýän ähli başlangyçlaryny goldaýandygyny ýene-de bir gezek nygtady. 

Sözüniň ahyrynda Prezident Georgiý Margwelaşwili işjeň hem-de oňyn gepleşikler üçin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa we türkmen wekiliýetiniň agzalaryna tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi.    

Hormatly Prezidentimiz ýokary derejedäki duşuşygyň netijelerini teswirläp, gruziýaly kärdeşine Gruziýa döwlet sapary bilen gelip görmek baradaky çakylygy üçin minnetdarlyk bildirdi. Milli Liderimiz türkmen-gruzin gatnaşyklarynda bu sapara möhüm orun berilýändigini aýdyp, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň mundan beýläk hem uzakmöhletleýin esasda ösdüriljekdigine we strategiki häsiete eýe boljakdygyna ynam bildirdi. 

Şu günki gepleşikler deňhukuklylyk, açyklyk we özara hormat goýmak ýagdaýynda geçdi diýip, Türkmenistanyň Baştutany aýtdy. Meseleleriň ençemesi, şol sanda söwda-ykdysady we medeni-gumanitar ulgamlarda gatnaşyklara degişli meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow halkara meseleleri boýunça Türkmenistanyň we Gruziýanyň garaýyşlarynyň ýakyndygyny ýa-da birmeňzeşdigini belläp, şu meselelerde iki ýurduň maksatlarynyň hem gabat gelýändigini nygtady. Ählumumy parahatçylygy, howpsuzlygy, abadançylygy we durnukly ösüşi üpjün etmek şol meseleleriň esasysydyr. Taraplar bu meseleler boýunça hyzmatdaşlygy abraýly halkara guramalarynyň, ilkinji nobatda, BMG-niň we ÝHHG-niň, şeýle hem beýleki düzümleriň çäklerinde amala aşyrýarlar. 

Şu gepleşikleriň barşynda Türkmenistanyň öňe sürýän halkara başlangyçlarynyň bütindünýäde  ykrarnama eýe bolmak bilen, BMG-niň Baş Assambleýasynyň Rezolýusiýalarynda öz beýanyny tapandygy ýene-de bir gezek bellenildi. Hususan-da, munuň özi energetika howpsuzlygy meselelerine degişlidir diýip, milli Liderimiz sözüni dowam etdi we ýurdumyzda amala aşyrylýan “açyk gapylar” syýasatynyň oňat netijeleri berýändigini nygtady. Şunuň bilen baglylykda bellenilişi ýaly, Ýewropa ugry Türkmenistanyň gün tertibinden hiç wagt aýrylmaýar, hormatly Prezidentimiz bular barada aýtmak bilen, önüm öndürijiniň, üstaşyr geçirijiniň we energiýa serişdelerini sarp edijiniň arasyndaky deňhukukly gatnaşyklaryň energiýa howpsuzlygyny üpjün etmegiň esasy şerti bolup
durýandygyny nygtady. 

Ulag ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek, strategiki ugurlar boýunça ulag – üstaşyr geçelgeleri döretmek özara gatnaşyklaryň möhüm ugry bolup durýar. Gruziýanyň Prezidentiniň hem belleýşi ýaly, häzirki wagtda bu ulgamda birnäçe format hereket edýär diýip, türkmen döwletiniň baştutany aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz Owganystan-Türkmenistan-Azerbaýjan-Gruziýa formatyny belledi. Indi oňa Türkiýe hem goşuldy. Energetika howpsuzlygy ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek meseleleri hem şeýle usulda çözülýär. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, gepleşikleriň barşynda taraplar iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň ugry boýunça geňeşmeleri dowam etmegiň maksadalaýykdygy barada bir pikire geldiler. 

Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk barada aýdylanda bolsa, bu babatda haryt dolanyşygyny, şol sanda nebit önümleriniň, dokma we beýleki harytlaryň, şeýle hem hususy haryt öndürijileriň önümleriniň iberilişini artdyrmak üçin Türkmenistanda we Gruziýada ähli mümkinçilikler bar diýip, milli Liderimiz belledi. Geçirilýän bilelikdäki işewürler maslahatlary hem-de sergiler bu meseleleri çözmekde uly goldaw bolýar. Şu babatda hökümetara türkmen-gruzin toparynyň işine möhüm ähmiýet berilýär. 

Gepleşikleriň gün tertibine şeýle hem medeni-gumanitar ulgamda, şol sanda ylym we bilim ulgamynda hyzmatdaşlyk etmegiň möhüm meseleleri girizildi diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy we Türkmenistanyň hem-de Gruziýanyň ýokary okuw mekdepleriniň arasynda netijeli gatnaşyklary ýola goýmagyň, innowasiýalary, nou-haulary ornaşdyrmak boýunça tejribe alyşmagyň ähmiýetini nygtady. Bu meseleler  we olar boýunça pikir alyşmalar ertir Gruziýanyň Milli ylymlar akademiýasynyň wekilleri bilen geçiriljek duşuşygyň barşynda dowam etdiriler diýip, türkmen Lideri belledi. 

Türkmen we gruzin halklaryny köpasyrlyk taryhy gatnaşyklar, häzirki wagtda täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylýan däpleriň umumylygy baglanyşdyrýar diýip, Türkmenistanyň baştutany nygtady we ýaşlaryň döredijiligi üçin mynasyp şertleri döretmegiň möhümdigi, şeýle hem Türkmenistanyň Gruziýadaky Medeniýet günlerini we Gruziýanyň Türkmenistandaky Medeniýet günlerini geçirmek barada ylalaşyk gazanylandygyny nygtady. 

Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow 1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan “Türkmenistanyň hemişelik bitaraplygy” Rezolýasiýasynyň kabul edilendigine, golaýda bolsa, BMG-niň Baş Assambleaýasynyň 69-njy mejlisinde bu Rezolýasiýanyň gaýtadan kabul edilendigine ünsi çekdi. Ýurdumyzyň bitaraplyk derejesine eýe bolmagynyň 20 ýyllygy mynasybetli 2015-nji ýylyň 12-nji dekabrynda Aşgabatda BMG-niň howandarlygynda ýokary derejedäki Halkara maslahaty geçiriler diýip, türkmen Lideri belledi we Prezident Giorgiý Margwelaşwilini hem-de Gruziýanyň wekilietiniň agzalaryny bu foruma gatnaşmaga çagyrdy. 

Hormatly Prezidentimiz, däp bolşy ýaly, dostlukly ýagdaý geçen gepleşikleriň oňyn häsietini nygtap, pursatdan peýdalanyp, gruziýaly kärdeşine ikitaraplaýyn gatnaşyklary pugtalandyrmak işine goşýan saldamly goşandy üçin tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi we oňa jogapkärli döwlet işinde uly üstünlikler, Gruziýanyň halkyna bolsa parahatçylyk, rowaçlyk we gülläp ösüş arzuw etdi.                      

Güniň ikinji ýarymynda bu ýerde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Gruziýanyň Premýer-ministri Irakliý Garibaşwili bilen günortanlyk nahary boldy. Gruzin hökümetiniň ýolbaşçysy belent mertebeli myhmany mähirli mübärekledi. Hormatly Prezidentimiz we Gruziýanyň premýer-ministri iki ýurduň Döwlet baýdaklarynyň öňünde surata düşýärler. 

Mälim bolşy ýaly, dünýäde giňden ýaýran iş duşuşyklarynyň we gepleşikleriniň görnüşinde geçrilen günortanlyk naharynyň barşynda türkmen döwletiniň Baştutany we gruzin hökümetiniň ýolbaşçysy ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň geljegi barada pikir alşyp, söwda-ykdysady, şeýle hem gumanitar-medeni ulgamlarda netijeli gatnaşyklary ösdürmek üçin amatly mümkinçilikleriň bardygyny bellediler. Şunda şu gün ýokary derejeli geçirilen gepleşikleriň we olaryň netijeleri boýunça gol çekilen resminamalaryň, umuman, hyzmatdaşlygyň köpugurly kuwwatyndan netijeli peýdalanmaga gönükdirilen ikitaraplaýyn ylalaşyklaryň möhüm ähmiýeti nygtaldy. Şunuň bilen baglylykda,  hökümetara türkmen-gruzin toparynyň möhüm orny, şeýle hem bilelikdäki işewürler maslahatlaryny geçirmegiň möhümdigi  bellenildi. Bu topar hyzmatdaşlygyň täze wajyp usullaryny işläp taýýarlamaga we uzakmöhletleýin esasda özara bähbitli işewür gatnaşyklary işjeňleşdirmäge ýardam etmelidir.  

Energetika, şeýle hem ulag-aragatnaşyk ulgamlary, şol sanda Hazarýaka we  Gara deňiz sebitleriniň kuwwatyny nazara almak bilen ulag geçelgelerini ösdürmek ulgamynda  gatnaşyklar hyzmatdaşlygyň möhüm ugrularynyň hatarynda görkezildi. Munuň özi Türkmenistanyň we Gruziýanyň amatly ýerleşişi bilen şertlendirilendir. 

Şunuň bilen birlikde, bilim, ylym we medeniýet, saglygy goraýyş, şeýle hem sport we syýahatçylyk ulgamlarynda özara bähbitli gatnaşyklary çuňlaşdyrmak, bilelikdäki çäreleri geçirmek hem-de bu ugurlarda tejribe alyşmak üçin giň mümkinçilikler bar. 

Günortanlyk nahary tamalanandan soň, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow we Premýer-ministr Irakli Garibaşwili döwletara gatnaşyklarynyň ähli ugurlar boýunça mundan beýläk-de üstünlikli ösdüriljekdigine ynam bildirdiler. Hoşlaşanlarynda, Türkmenistanyň Baştutany we Gruziýanyň hökümetiniň ýolbaşçysy  iki ýurduň dostlukly halklaryna abadançylyk we gülläp ösüş arzuw etdiler. 

Şu gün şeýle hem hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Gruziýanyň Parlamentiniň başlygy Dawid Usupaşwili bilen duşuşygy geçirildi.                
           
Parlamentiň binasyna gelen milli Liderimizi Gruziýanyň parlemntiniň ýolbaşçysy garşylaýar we binanyň içine girmäge çagyrýar. Duşuşykdan öň, iki ýurduň Döwlet baýdaklarynyň öňünde surata düşmek dabarasy boldy.  

Dawid Usupaşwili türkmen döwletiniň Baştutanyny mübärekläp, bütin dünýäde oňyn syýasaty we döredijilikli halkara başlangyçlary bilen meşhur bolan  Türkmenistanyň Prezidenti bilen duşuşmagyň özi üçin we gruzin parlamentarileri üçin uly hormatdygyny belledi. Şunda türkmen Lideriniň Gruziýa şu döwlet saparynyň hem-de dostlukly döwletara gatnaşyklarynyň taryhynda täze möhüm sahypany açan ýokary derejedäki ikitaraplaýyn gepleşikleriň ähmiýeti nygtaldy. 

Duşuşygyň barşynda hormatly Prezidentimiz ählumumy ses bermek esasynda 4 ýyl möhlete saýlanylýan 150 deputatdan ybarat bolan Gruziýanyň Parlamentiniň  düzümi we işiniň esasy ugurlary bilen tanyşdyryldy.  

Öz nobatynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Gruziýanyň Parlamentiniň wekillerini Türkmenistanyň Mejlisiniň işiniň esasy ugurlary bilen tanyşdyrdy. Täze taryhy eýýamda döwletiň we jemgyýetiň durmuşynyň ähli ulgamlarynda ýaýbaňlandyrylan giň möçberli özgertmeleri kanunçylyk taýdan üpjün etmek babatda Mejlisiň işine möhüm orun degişlidir. 

Türkmenistan kanunçylyk-hukuk binýadyny kämilleşdirmek, milli kanunçylygy halkara hukugynyň kadalaryna laýyk getirmek boýunça netijeli çäreleri görüp, demokratik institutlary ornaşdyrmaga we kämilleşdirmäge, ýurdumyzyň raýatlarynyň häzirki zaman hukuk döwletinde kabul edilen jemgyýetçilik kadalaryny özleşdirmeklerine uly üns berýär. 

Biziň öňümizde strategik, möhüm maksatnamalaýyn wezipeler durýar. Bu ýerde gürrüň özgertmeleriň toplumlaýyn milli maksatnamasyny durmuşa geçirmek barada barýar. Bu milli maksatnama Türkmenistany gysga möhletde Ýer ýüzüniň iň häzirki zaman, ösen döwletleriniň hataryna goşmaga niýetlenendir diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sözüni dowam etdi. Bu maksatnama kuwwatly durmuş düzümlerini bazar ykdysadyýetini ösdürmek, eýeçiligiň dürli görnüşlerini höweslendirmek bilen utgaşdyrmagy öz içine alýar. Adamyň döredijilik we işewürlik başlangyçlaryny, durmuş taýdan işjeňligini goldamagy göz öňünde tutýar. Bu maksatnamada iň ýokary gymmatlyk we şol bir wagtda-da, bu maksatnamany durmuşa geçirmäge esasy gatnaşyjy hökmünde adam, raýat göz öňünde tutulandyr. Döwletimiz şahsyýetiň ileri tutulýandygyny, onuň hukuklaryny we azatlyklaryny goramaga taýýardygyny berk we ynamly beýan edýär diýip, milli Liderimiz nygtady.  

Adamyň öz mümkinçiliklerini doly açmagy we durmuşa geçirmegi üçin iň ýokary amatly şertleri döredýändigini, hemmeler üçin we jemgyýetiň  her bir agzasy üçin deň mümkinçilikleri üpjün edýändigini aýdyň beýan edýär. Biziň baş maksadymyz ynsanperwerlige we adalata esaslanmakdyr. Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik, hyzmatdaşlyk we hoşniýetli goňşuçylyk Türkmenistanyň alyp barýan daşary syýasat ugrunyň esaslaryny düzýär diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy. 

Biziň ýurdumyz adamzadyň toplan ähli täze, öňdebaryjy, iň oňat gazananlary üçin hemişe açykdyr. Bu, elbetde, daşary ýurtlaryň kadalaryny gönüden-göni kabul etmegi we üýtgetmän milli kadalara ornaşdyrmagy aňlatmaýar diýip, milli Liderimiz belledi. Biz Türkmenistanyň milli aýratynlyklary, köp asyrlaryň dowamynda emele gelen däp-dessurlary, halkymyzyň özboluşlylygy bilen öz netijeliligini subut eden dünýä tejribesiniň gazananlarynyň iň oňat nusgalarynyň paýhasly sazlaşdyrylmagynyň tarapdary bolup çykyş edýäris. Şundan ugur alyp, kanunçylyk binýadyny hemmetaraplaýyn özgertmegiň möhüm ähmiýeti bardyr. Ýurdumyzda Parlamentiň işini kämilleşdirmäge, içerki döwlet we halkara meselelerinde Parlamentiň ornuny berkitmäge we giňeltmäge aýratyn üns berilýär diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow nygtady. 

Ýurdumyzda demokratiýanyň kadalaryny ornaşdyrmakda köp partiýalylyk ulgamyny ösdürmek esasy ugurlaryň biridir. Soňky ýyllarda bu ugurda köp işler amala aşyryldy. 

2012-nji ýylda ýurdumyzda täze garaşsyz partiýa – Senagatçylar we telekeçiler partiýasy döredildi, Köpçülikleýin habar beriş serişdeleri hakyndaky Kanun kabul edildi. Bu Kanunyň kabul edilmegi bilen, Türkmenistanda garaşsyz metbugaty döretmek boýunça işiň başy başlandy. 

2013-nji ýylyň dekabr aýynda ýurdumyzda Türkmenistanyň Mejlisiniň  deputatlarynyň V çagyrylyşynyň saýlawlary geçirildi. Bu saýlawlar ilkinji gezek birnäçe syýasy partiýanyň wekilleriniň gatnaşmagynda geçirildi.  Türkmenistanyň täze döredilen Senagatçylar we telekeçiler partiýasy bu saýlawlara öz maksatnamasy we dalaşgärleri bilen gatnaşdy. Bu partiýadan dalaşgärleriň birnäçesi Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlygyna saýlandy. 

Häzirki döwürde ýurdumyzda Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň täze, kämilleşdirilen nusgasyny işläp taýýarlamak boýunça netijeli işler alnyp barylýar. Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň täze, kämilleşdirilen nusgasy ýurdumyzyň jemgyýetçilik we syýasy durmuşyny mundan beýläk-de demokratiýalaşdyrmaga gönükdirilendir. Bu işe giň halk köpçüligi, şol sanda parasatly ýaşulularymyz hem çekilýär. Parasatly ýaşulularymyzyň wesýetleri we durmuş tejribesi türkmen halky üçin hemişe esasy ahlak kadalary bolup hyzmat edip gelýär. Olaryň maslahatlary we teklipleri ýurdumyzyň Konstitusiýasynyň täze, kämilleşdirilen nusgasyny taýýarlamak boýunça alnyp barylýan işlerde göz öňünde tutular. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow halkara gatnaşyklary ulgamynda, dünýäniň onlarça ýurdy bilen ýola goýlan parlamentara gatnaşyklaryny ösdürmekde, bu ugurda wekiliýetleri işjeň alyşmakda Parlamentiň işiniň esasy ugurlaryny beýan etdi.   

Degişli makalalar

26 Haziran 2020 Tarihinde Türkmenabat’tan İstanbul’a Düzenlenecek Özel Uçak Seferine Ilişkin Duyuru ve Açıklama

2017-nji Ýylyň Apreli: Döwlet Baştutanymyzyň Daşary Syýasat Başlangyçlarynyň Ugry Bilen

Prezidentimiz ITERA Kompaniýasynyň Ýolbaşçysyny Kabul Etdi

syrach