Paýtagtymyzyň «Ýyldyz» myhmanhanasynyň maslahatlar zalynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň ýardam bermeginde ÝHHG-niň Aşgabatdaky Merkezi tarapyndan Köpçülikleýin habar beriş serişdeleri hakyndaky kanunçylygy kämilleşdirmek taslamasynyň çäklerinde tegelek stoluň başynda duşuşyk geçirildi. 2015-nji ýylyň 2-nji iýulynda tamamlanan tegelek stoluň işine ýurdumyzyň metbugatyna we teleradioýaýlymlaryna wekilçilik edýän žurnalistler, Mejlisiň deputatlary, şeýle hem degişli döwlet we bilim edaralarynyň hünärmenleri gatnaşdylar.
Bu iki günlük çäre redaksiýalaryň we žurnalistleriň hukuklaryny hem-de borçlaryny kadalaşdyrýan kanunçylyk binýadyny kämilleşdirmek ulgamyndaky halkara we milli bilermenleriň arasynda öňdebaryjy tejribeleri we seljermeleri alyş-çalyş etmäge ýardam bermek maksady bilen guraldy. Çärä gatnaşyjylar şonuň ýaly-da bu kadalaşdyryjy-hukuk esaslarynyň düşündiriliş usullarynyň halkara standartlary we ÝHHG-niň borçnamalary bilen laýyklygyny hem ara alyp maslahatlaşdylar.
ÝHHG-niň Aşgabatdaky Merkeziniň Başlygy, Ilçi Iwo Petrowyň belleýşi ýaly: 1975-nji ýylda Helsinki jemleýji beýannamasyna gol çekileninden bäri ÝHHG öz agza-döwletlerini köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň erkinligine, beýan etmek erkinligine we maglumatyň erkin akymyna ýardam etmeklige çagyrýan borçnamalaryň giň toplumyny işläp düzdi. Bu borçnamalar edil 40 ýyl mundan öň bolşy ýaly, häzirki wagtda hem derwaýys bolup durýar we biz Türkmenistanyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleri hakyndaky kanunçylygynyň döwrebaplaşdyrylmagyna hem-de ÝHHG-niň degişli borçnamalaryny ýerine ýetirmeklige gönükdirilen tagallaryny uly höwes bilen goldaýarys.
Litwadan we Russiýa Federasiýasyndan bolan halkara bilermenler žurnalistleriň hukuklarynyň we azatlyklarynyň hukuk kepillikleri, redaksion garaşsyzlyk we žurnalistleriň habar çeşmeleriniň goraglylygy ýaly meseleleriň üstünde durup geçdiler. Tegelek stoluň başyndaky ara alyp maslahatlaşmalara gatnaşyjylar žurnalistikadaky etiki standartlar, ynsan mertebesiniň we iş abraýynyň goraglylygy, şeýle-de öz-özüňi kadalaşdyrmak boýunça pikirleri alyşdylar.