17.9 C
Aşkabat
22.11.2024
YKDYSADYÝET

Birža Täzelikleri

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 23-si hasaba alyndy.

Daşary ýurt walýutasyna Russiýadan, Owganystandan we Özbegistandan gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen awtobenzini, polipropileni satyn aldylar, Şweýsariýanyň işewürler toparlarynyň wekilleri bolsa Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynda öndürilen göni arassalanan benzini satyn aldylar. Mundan başga-da, Birleşen Arap Emirliklerinden we beýleki ýurtlardan gelen işewürler tehniki ýod we tehniki propilen haltalary  (“Türkmenhimiýa” DK) satyn aldylar. Şeýle hem daşary ýurt walýutasyna arassalanan pagta ýagy, nah ýüplük, pagta-süýümi ýerlenildi. Satyn alan ýurtlar: Russiýa, Beýik Britaniýa, Birleşen Arap Emirlikleri, Singapur, Malta, Owganystan, Gyrgyzystan, Gruziýa, Ukraina. Geleşikleriň umumy bahasy ABŞ-nyň 25 million 875 müň dollaryndan gowrak boldy.

Depozit manat serişdelerine Pakistandan gelen täjirler jemi 1 million 228 müň manatlykdan gowrak nah ýüplük satyn aldylar. 

Degişli makalalar

18-nji Aprelde Türkmenistanyň Prezidentiniň Gazagystan Respublikasyna Döwlet Sapary Başlanýar

Hormatly Prezidentimiz Paýtagtymyzy we Welaýatlary Ösdürmek Boýunça Iş Maslahatyny Geçirdi

Türkmenistanyň Prezidenti Karara Gol Çekdi

turkmenhabargullugy