6.9 C
Aşkabat
22.11.2024
DURMUŞ

Galla Baýramy Mynasybetli Dabaralar

Her ýyl iýul aýynyň üçünji ýekşenbesinde bellenilýän Galla baýramynyň öň ýanynda paýtagtymyzdaky Oba hojalyk toplumynyň mejlisler zalynda “Bitaraplyk we parahatçylyk ýylynda gallaçylyk pudagynda ýetilen sepgitler” atly ylmy-önümçilik maslahaty geçirildi. Ony Oba hojalyk ministrligi, “Türkmengallaönümleri” döwlet birleşigi, ýurdumyzyň jemgyýetçilik guramalary bilen bilelikde guradylar.

Maslahata oba hojalyk pudagynyň esasy hünärmenleri, alymlar, ugurdaş ylmy-barlag institutlarynyň işgärleri, ministrlikleriň we pudaklaýyn edaralaryň, şeýle hem jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, ýokary okuw mekdepleriň mugallymlary we talyplary gatnaşdylar. Maslahatyň hormatly myhmanlarynyň hatarynda belli ekerançylar, zähmet weteranlary, hormatly ýaşulular, ýurdumyzyň ähli sebitlerinden öňdebaryjy hojalyklaryň ýolbaşçylary bar.

Ýurdumyhyň zähmetsöýer ekerançylarynyň hormatyna esaslandyrylan Galla baýramy orak möwsüminiň üstünlikli tamamlanandygyny alamatlandyrýar. Ählhalk dabarasy bolan bu baýram gallaçy daýhanlaryň ýadawsyz zähmeti netijesinde bol hasyl berýän bereketli topraga özboluşly hoşallyk senasydyr.

Bitaraplyk we parahatçylyk şygary astynda geçýän şu ýyl şanly wakalara baýdyr. Ýurdumyzyň gallaçylary hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan öňlerinde goýlan wezipeleri üstünlikli amal edip, halkymyzyň abadançylygyny mundan beýläk-de ýokarlandyrmaga uly goşant goşdular. Amatsyz gelen howa şertlerine garamazdan, Watan harmanyna 1 million 400 müň tonnadan gowrak ak bugdaý tabşyryldy. Munuň özi ýurdumyzyň edermen ekerançylarynyň çylşyrymly howa şertlerinde hem gallanyň bol hasylyny ýygnamakda ýeterlik tejribesiniň we başarnygynyň bardygyna şaýatlyk edýär. 

Galla baýramyna bagyşlanan baýramçylyk çäreleriniň maksatnamasy Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň söwda merkezinde geçirilýän “Rysgal başy bugdaýdyr” atly sergi bilen açyldy. Onda ýurdumyzyň telekeçilik düzümleriniň öndürýän çörek we çörek önümleriniň dürli görnüşleri görkezilýär. 

Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň sergi zalynda ýaýbaňlandyrylan türkmen suratkeşleriniň, heýkeltaraşlarynyň döredijilik işleriniň sergisi daýhanlaryň zähmetini we ene topragyň tükeniksiz jomartlygyny wasp edýär. Paýtagtymyzyň “Parahat” medeni-dynç alyş merkezinde ussat gallaçylaryň we oba hojalyk işgärleriniň gatnaşmagynda  baýramçylyk çäresi geçirildi. 

Şu gün Oba hojalyk toplumynda geçirilen ylmy-önümçilik maslahaty umumy mejlis bilen açyldy, onda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň ähli halkymyza, zähmetsöýet babadaýhanlara, edermen gallaçylara iberen Gutlagy okaldy. 

Döwlet Baştutanymyz baýramçylyk mynasybeli tüýs ýürekden gutlamak bilen, “Biziň baş maksadymyz ýurdumyzda azyk bolçulygyny döretmekden ybaratdyr. Ata-babalarymyzyň asyrlarboýy sünnäläp, sungat derejesine ýetiren daýhançylyk kärini häzirki zaman ylmynyň gazananlary bilen baýlaşdyrmakda, dünýäniň ýokary öndürijilikli kämil tehnikalaryna başarnykly erk edip, öndürijilikli zähmet çekmekde, ähli zehinini, gujur-gaýratyny siňdirip, bol hasyl ýetişdirmekde nusgalyk iş bitirýän, başarjaň daýhanlarymyz sanardan köp” diýip belleýär.

Zähmetsöýer daýhanlarymyz tarapyndan ýetişdirilen bol galla hasyly her bir maşgalanyň rysgalydyr, bedew bady bilen öňe barýan garaşsyz döwletimiziň abadançylygynyň berk binýadydyr, biziň berekeli topragymyzyň egsilmeýän bereket çeşmesidir, diýip Milli Liderimiz hemmelere asylly zähmetinde uly üstünlikler arzuw etdi. 

Maslahatda çykyş edenleriň belleýşleri ýaly, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň halkymyzyň durmuş derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilen we durmuş ugurly  ykdysady syýasatynda oba hojalyk pudagyny ösdürmäge aýratyn üns berilýär. Ýurdumyzda oba hojalyk önümleriniň dürli gönüşleriniň, möhüm azyk önümleriniň öndürilişiniň möçberlerini artdyrmagyň hasabyna azyk bolçulygyny üpjün etmek  – milli Liderimiziň pudagyň öňünde goýan möhüm wezipesidir. 

Ýurdumyza BMG-niň Azyk we oba hojalyk guramasynyň Üçünji müňýyllygyň ösüş maksatlarynyň biri bolan hem-de bu guramanyň 2015-nji ýyl üçin maksatnamasynda kesgitlenilen wezipeleriň biri bolan azyk howpsuzlygyny üpjün etmekde ýetilen sepgitler üçin ýörite baýragynyň gowşurylmagy hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň durmuşa geçirýän öňdengörüjilikli syýasatynyň netijelidiginiň aýdyň subutnamasydyr. 

Munuň özi biziň Watanymyzyň ägirt uly üstünlikleriniň, şol sanda oba hojalyk pudagynda gazanan belent sepgitleriniň dünýä derejesinde nobatdaky gezek ykrar edilmegidir. Şu gezekki orak möwsüminde gazanylan netijeler ýurdumyzyň gallaçylyk pudagynyň we obaseneget toplumynyň ugurdaş pudaklaryny, şol sanda pudagyň düzümlerini gaýtadan enjamlaşdyrmaga we döwrebaplaşdyrmaga, öňde baryjy tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagyna, ekerançylary ýokary hilli tohum serişdeleri we zerur bolan mineral dökünler bilen üpjün etmäge gönükdirilen ösüş makstnamasynyň çäklerinde amala aşyrylýan toplumlaýyn çäreleri netijesinde mümkin boldy. 

Geçen ýyl esasy galla öndüriji sebitlerde bina edilip ulanma berlen, iň täze enjamlar we barlaghanalar bilen üpjün edilen häzirki zaman elewatorlarynyň umumy sygymy 360 müň tonna dänä deň bolup, olar ýygnalan hasyly ýokary hilli gaýtadan işlemäge we saklamaga mümkinçilik berýär. Ýurdumyzyň gallaçylarynyň gazanan zähmet üstünligi Türkmenistan üçin azyklyk bugdaýy daşary ýartlara iberýän ýurt hökmünde okgunly önsüşi nukdaýnazaryndan hem ägirt uly ähmiýete eýedir. 

 Türkmen önüm öndürijileriniň Italiýanyň Milan şäherinde  “Dünýäni azyk bilen üpjün ederis: durmuşyň hatyrasyna energiýa” atly şygar bilen geçýän “EKSPO-2015” Bütindünýä sergisine gatnaşmagy biziň ýurdumyzyň kuwwatly mümkinçilige eýe bolan okgunly ösýän döwlet hökmünde halkara ykrarnamasynyň, ýetilen sepgitleriň ýene bir aýdyň subutnamasydyr. Türkmen topragynda gadymy döwürlerden bäri ösdürilip ýetişdirilýän ak bugdaý başlarynyň şekiliniň hem-de eli türkmen çörekli gyzyň suraty sergidäki milli bölümimiziň “Azyk bolçulygy – parahatçylykly ösüş” şygary astyndaky esasy konsepsiýasynyň nyşanydyr. Sergide “Türkmengallaönümleri” Döwlet birleşiginiň kärhanalarynda taýýarlanylýan çörek we unaş önümleriiň giň görnüşi görkezilýär.

Maslahatyň umumy mejlisi tamamlanandan soň, gallaçy weteranlary we Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Syýasy geňeşi, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkezi, Agrar partiýanyň Merkezi geňeşi, Türkmenistanyň Zenanlar birleşigi we Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasy, “Daýhanbank” döwlet täjirçilik banky, “Türkmengallaönümleri” döwlet birleşigi we “Türkmenobahyzmat” döwlet birleşigi tarapyndan hem-de “Galkynyş”, “Nesil”, “Watan” we “Bereketli toprak” gazetleriniň redaksiýalary tarapyndan esaslandyrylan bäsleşigiň  ýeňijilerini sylaglamak dabarasy boldy. Hormatly Prezidentimiziň adyndan ýurdumyzyň iň gowy kombaýynçylaryna, gallasylaryna, mülkdarlaryna we awtoulag sürüjilerine gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy. 

Soňra maslahat Oba hojalyk toplumynyň mejlisler zalynda we Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde aýry-aýry bölümlerde öz işini dowam etdi. Olaryň gün tertibine ýurdumyzda gallaçylygy mundan beýläk-de ösdürmegiň möhüm wezipeleri, öňdebaryjy oba hojalyk tehnikasynyň önümçilige ornaşdyrylmagy, tohumçylyk we seçgi işinde ylmy-barlag işleriniň netijeleri, gallany senagat taýdan gaýtadan işlemekde iň täze tehnologiýalary peýdalanmak ýaly meseleler girizildi. 

Agşam meslahata gatnaşyjylar, paýtagtymyzyň köpsanly myhmanlary – iň gowy gallaçylar we mehanizatorlar türkmen paýtagtynyň günorta-gündogar böleginde bina edilen “Ak bugdaý” binasynyň öňündäki meýdança ýygnandylar, bu ýerde ekerançylaryň hormatyna medeniýet we sungat ussatlarynyň, döredijilik toparlarynyň gatnaşmagynda baýramçylyk konserti berildi.  

Degişli makalalar

Stambulda Nowruz Baýramy Mynasybetli Baýramçylyk Çäresi Geçirildi

turkmenhabargullugy

TÜRKMENISTANYŇ KANUNY

syrach

Awstriýa-Türkmen jemgyýetiniň “Galkynyş” Žurnalynyň Nobatdaky Sanynyň Tanyşdyryş Çäresi

syrach