8.9 C
Aşkabat
24.11.2024
DURMUŞ

Dalaşgärleri Bellige Almak Dowam Edýär

Möhüm jemgyýetçilik syýasy çäräni – Geňeş agzalarynyň saýlawlaryny hem-de aýry-aýry saýlaw okrugy boýunça Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň saýlawlaryny geçirmegiň senesine çenli bir aýdan hem az wagt galdy.

Şu gezek geçirilýän saýlawlar Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe türkmen jemgyýetini we döwletini demokratiýalaşdyrmagyň ýolunda Türkmenistanda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda amala aşyrylýan giň gerimli özgertmeleriň nobatdaky tapgyry bolup durýar. 

Türkmenistanda saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky Merkezi toparda TDH-a habar berişleri ýaly, saýlawlaryň öň ýanyndaky çäreleriň çäklerinde onuň möhüm tapgyrlarynyň biri bolan dalaşgärleri bellige almak we olaryň saýlawçylar bilen duşuşyklary dowam edýär. 

Dalaşgärleri hödürlemek syýasy partiýalaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň we birleşikleriniň, şeýle hem raýatlar toparlarynyň mejlislerinde we ýygnaklarynda amala aşyryldy. Bu çäre saýlawçylaryň giňden gatnaşmagynda geçirilip, oňa jemgyýetçilik guramalarynyň hem-de döwlet düzümleriniň wekilleri tarapyndan ýerlerde guralan ilat bilen geçirilen işler ýardam etdi. Dalaşgärler bellige alnandan soň öz ynanylan adamlary bilen saýlawçylar bilen duşuşyklary geçirmek, şeýle hem köpçülikleýin habar beriş serişdeleri arkaly wagyz-nesihat işlerine girişýärler.  

Ähli saýlaw okruglary boýunça bir orna birnäçe dalaşgär dalaş edýär. Munuň özi saýlawlaryň giň bäsdeşlik we açyklyk esasynda geçirilmegini üpjün eder. Saýlawlara milli synçylaryň gatnaşmagy bolsa saýlawlaryň açyk geçirilmegine ýardam eder. 

Dünýä tejribesinde giňden ulanylýan bu demokratik ýörelgeler ýerli öz özüňi dolandyryş edaralaryna iň mynasyp adamlaryň – ynsaply,  zähmetsöýer, guramaçylyk ukyplaryna, işjeň durmuş we raýat nukdaýnazaryna eýe bolan, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň eziz Watanymyzyň berkararlygyny, türkmen halkynyň abadançylygyny we rowaçlygyny berkitmäge gönükdirilen giň gerimli durmuş-ykdysady özgertmelerini durmuşa geçirmek üçin gujur-gaýratyny, bilimini we tejribesini sarp etmäge ymtylýan adamlaryň saýlanylmagyny üpjün etmäge gönükdirilendir.   

Milli kanunçylyga laýyklykda dalaşgärlere saýlawçylary bilen duşuşmak, saýlawlaryň öň ýanyndaky ýygnaklarda, maslahatlarda we köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde çykyş etmegi üçin birmeňzeş mümkinçilikler döredildi. Ähli raýatlara we jemgyýetçilik birleşiklerine dalaşgärleriň işewür we şahsy häsiýetlerini erkin we hemmetaralaýyn ara alyp maslahatlaşmak hukugy, şeýle hem ýygnaklarda we köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde wagyz etmek hukugy berildi. 

Häzir ýerlerde dalaşgärleriň we olaryň ynanylan adamlarynyň saýlawçylar bilen duşuşyklary geçirilýär. Dalaşgärler saýlawçylary milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başyny başlan özgertmeler ýoly bilen ýurdumyzyň üstünilkli ilerlemegine gönükdirilen maksatnamalarynyň düzgünleri bilen tanyşdyrýarlar. 

Degişli makalalar

Türkmenistanda Hazar Deňzi Boýunça Sebit Okuw Maslahaty Geçýär

syrach

Beýik Ýeňşiň Dabaraly Harby Ýörişinde Milli Goşunymyzyň Kuwwaty

Taryhy Waka Mynasybetli Täze Numizmatika Şaýy Pullary

syrach