13.9 C
Aşkabat
22.11.2024
DÜNÝÄ

AHMET DAWUTOGLY AŞGABADA GIDER

Daşary işler ministri Ahmet Dawutogly iki çäk duşuşyklar geçirmek we Türkmenistanyñ hemişelik Bitaraplyk statusyny almagynyñ 15 ýyllygyna bagyşlanyp geçiriljek dabaralara gatnaşmak üçin şu gün Aşgabada gider.

Daşary işler ministrligi tarapyndan berlen ýazmaça beýanatda Türkmenistanyñ “sebitara we halkara hyzmatdaşlyga bitaraplyk syýasaty bilen uly goşant goşýandygy” nygtaldy.

Beýanatda Türkmenistanyñ bitaraplyk statusynyñ 1995-nji ýylyñ 12-nji dekabrynda BMG-nyñ Baş Asambleýasynda kabul edilen ýörite karar bilen, şeýle hem halkara jemgyýetçiligi tarapyndan kabul edilendigi nygtaldy.

Daşary işler ministri Ahmet Dawutoglynyñ saparynyñ Daşary işler ministri derejesinde 9 ýyl soñ guraljak ilkinji özara sapar bolmagy taýdan ähmiýetli bolandygy bellenildi.

Ahmet Dawutoglynyñ saparynyñ çäginde Türkiýäniñ we Türkmenistanyñ Daşary işler ministrlikleriniñ arasynda 2011-2012-nji ýyllary öz içine alýan iş meýilnamasyna gol çekişilmeginiñ göz öñünde tutulýandygy bildirildi.

referans: www.trtturkmen.com

Degişli makalalar

Türkmenistanyň Raýatlygyna Kabul Edilenlere Pasportlar Gowşuryldy

turkmenhabargullugy

Kerri Putin Lawrow Duşuşygy

syrach

GYRGYZYSTANDA UMUMY SAÝLAW GEÇIRLER

syrach