Golaýda Aşgabatda geçirilen iri saglygy goraýyş forumlary giň jemgyýetçilik seslenmesini döredip, şol günlerde dünýä metbugatynda peýda bolan köpsanly makalalarda öz beýanyny tapdy. Golaýdaky we alysdaky ýurtlaryň köpsanly metbugat we elektron neşirlerindäki makalalarda bellenilişi ýaly, türkmen paýtagtynda halkara guramalarynyň gatnaşmagynda geçirilen, Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy (BSGG) bilen bilelikde guralan Gazanan üstünliklerimizi berkitmek sagdyn geljegimiziň esasydyr atly halkara saglygy goraýyş maslahatyna, şeýle hem geçirilen ilatyň sagdyn iýmitlenmeginiň ýokary derejeli milli strategiki maslahata wekilçilik eden daşary ýurt wekiliýetleriniň şeýle ýokary derejesi we köp sanlylygy türkmen döwletiniň Baştutany Gurbanguly Berdimuhamedowyň saglygy goraýyş ulgamynda halkara hyzmatdaşlygynyň täze ugurlarynyň başyny başlamaga meýillidigine şaýatlyk edýär.
Seljerijiler we syýasatşynaslar halkara saglygy goraýyş forumynyň Aşgabada Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň we BSGG-niň Ýewropa sebiti boýunça edarasynyň ýolbaşçylaryny hem-de bilermenlerini, Ýewropanyň we dünýäniň beýleki sebitleriniň 30-dan gowrak ýurdundan wekilleri, meşhur daşary ýurtly alymlary we hünärmenleri jemländigine ünsi çekdiler. Forumlara gatnaşan wekilleriň käbiri Garaşsyz Türkmenistanyň Bitaraplyk syýasatyny dünýä dünýäde wagyz etmäge goşan goşandy we saglygy goraýyş ulgamynda özgertmeler maksatnamalaryny durmuşa geçirmekdäki hyzmatlary hem-de Türkmenistanyň we beýleki döwlet hem-de halkara guramalarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy üstünlikli ösdürmek babatdaky tagallalary üçin belent döwlet sylaglaryna mynasyp boldy. Şol günlerde geçirilen ilatyň sagdyn iýmitlenmeginiň ileri tutulýan wezipeleri boýunça ýokary derejeli milli strategiki maslahaty hem Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň, BMG-niň Çagalar gaznasynyň, ÝNISEF-iň birnäçe ýurtlaryndaky edaralarynyň, BMG-niň Ilat gaznasynyň we iýmitlenmek meseleleri boýunça beýleki pudagara komitetleriniň düzümine girýän guramalaryň, şeýle hem Russiýanyň Ylymlar akademiýasynyň hem-de Gazagystan Respublikasynyň Iýmit akademiýasynyň ylmy-barlag institutlarynyň halkara bilermenleri gatnaşdylar.
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň saglygy goraýyş maslahatynyň açylyş dabarasynda eden çykyşy dünýäniň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň, hususan-da, esasy halkara täzelikler agentlikleriniň aýratyn gyzyklanmasyny döretdi.
Meşhur internet-neşirler, köpsanly gazetler we žurnallar Türkmenistan bilen Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň arasyndaky gatnaşyklaryň taryhyndaky bu täze möhüm waka aýry-aýry makalalary bagyşladylar. Şol makalalar bilen bilelikde köpsanly suratlar hem çap edildi.
Türkmen paýtagtynda şeýle dünýä derejesindäki möhüm ähmiýetli çäräniň geçirilmegi Türkmenistanyň halkara abraýynyň barha artýandygynyň, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň oňyn döredijilikli syýasatynyň giňden ykrar edilýändiginiň, türkmen Lideriniň başlangyjy boýunça we ýolbaşçylygynda milletiň beden we ruhy saglygyny pugtalandyrmak boýunça amala aşyrylýan çäreleriň netijeli häsiýete eýe bolýandygynyň aýdyň subutnamasydyr diýlip, dünýä metbugatynda bellenilýär.
Şu forumyň Aşgabatda çagyrylmagy Müňýyllygyň ösüş maksatlaryny hem-de Saglyk-2020 strategiýasyny nazara alyp, saglygy goraýşyň döwrebap milli syýasatyny işläp taýýarlamak bilen, Türkmenistanyň diňe bir giň halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmäge gönükdirilen we ähli ýurtlaryň hem-de halklaryň jana-jan bähbitlerine laýyk gelýän möhüm başlangyçlary öňe sürmek bilen çäklenmän, eýsem, olary iş ýüzünde durmuşa geçirmek boýunça netijeli ädimleri ädýändiginiň nobatdaky subutnamasydyr.
Täzelikler neşirleriniň synçylary Türkmenistanyň abraýly halkara we sebit guramalary bilen özara gatnaşyklarynyň netijeliligini belläp, Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň Baş direktory Margaret Çanyň we BSGG-niň Ýewropa sebitit boýunça edarasynyň direktory Žužanna Ýakabyň Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda saglygy goraýyş ulgamynyň milli nusgasyny döretmek we daşary ýurtlaryň iň gowy tejribesini nazara almak bilen ony mundan beýläk-de ösdürmek boýunça Türkmenistanda durmuşa geçirilýän çäreleriň netijeli häsiýete eýedigi barada aýdan sözlerini mysal getirdiler.
Hususan-da, TURKMENISTAN. RU elektron gazetiniň habar berşi ýaly, BSGG-niň ýolbaşçysy Margaret Çan öz çykyşynda Türkmenistanyň çilimkeşlige garşy göreşmekde uly ösüş gazanandygyny belledi. Onuň aýtmagyny görä, Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň golaýdaky syny ýurtda ilatyň bary-ýogy 8 göterimi çilim çekýär, munuň özi bütin dünýäde iň pes görkezijidir.
Daşary ýurtlaryň köpçülikleýin habar beriş serişdeleri hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň: Türkmenistan halkara durmuşyna işjeň gatnaşýan döwlet hökmünde dünýä derejesinde sagdynlygy we abadançylygy üpjün etmäge öz mynasyp goşandyny goşýar. Biziň ýurdumyz bu ugurda ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň tarapdary bolup çykyş edýär. Dürli derejelerde, hususan-da, halkara guramalarynyň çäklerinde häzirki we geljekki nesiller üçin uly ähmiýeti bolan meseleleri yzygiderli öňe sürýär we bu meseleleri çözmäge işjeň gatnaşýar diýen sözlerini mysal getirdiler.
Ýeri gelende aýtsak, türkmen Lideriniň çykyşyndan jümleler döwrebap internet-tehnologiýalar arkaly örän çaltlyk bilen bütin dünýä ýaýrap, esasy habarlar agentlikleriniň täzelikler ulgamlarynda orun aldy.
Adamyň saglygy, beden we ruhy taýdan sazlaşykly ösmegi häzirki döwürde Türkmenistanyň alyp barýan syýasatynyň ileri tutulýan esasy ugurlarynyň biridir, Raýatlarymyzyň saglygy barada alada etmek döwletiň borjudyr. Her bir döwletiň durmuş-ykdysady taýdan ýokary depginler bilen ösmeginiň girewidir, Biziň alyp barýan içeri syýasatymyz, ilkinji nobatda, ilatyň abadan we bagtyýar durmuşda ýaşamagyna, ösüşiň belent sepgitlerine ýetmäge, raýatlarymyzyň saglygyny goramaga bolan konstitusion hukuklaryny berjaý etmäge gönükdirilendir, Biziň yglan eden «Döwlet adam üçindir!» diýen syýasatymyz berkarar Watanymyzy gülläp ösýän, mähriban halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmagy üpjün edýän döwlete öwürmäge niýetlenendir,«Saglyk» döwlet maksatnamasynyň esasy maksady ilatyň saglygyny goramakdan, adamlaryň ömrüniň dowamlylygyny uzaltmakdan we jemgyýetiň hemmetaraplaýyn ösmegini üpjün etmekden, sagdyn durmuş kadalaryny ornaşdyrmakdan ybaratdyrtürkmen döwletiniň Baştutanynyň şu we beýleki köpsanly aýdan pähimleri uly bolmadyk habarlaryň, şeýle hem düýpli teswirlemeleriň esasyny düzdi.
Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligine (TDH) salgylanyp bellenilişi ýaly, soňky 20 ýylyň dowamynda Saglyk döwlet maksatnamasynyň hem-de saglygy goraýyş ulgamyny düýpli özgertmegiň çäklerinde ägirt uly işler amala aşyryldy. Şol işleriň netijesinde ilatyň ömrüniň ortaça dowamlylygy artdy. Iň täze enjamlar bilen üpjün edilen döwrebap saglygy goraýyş edaralarynda ýokary hilli lukmançylyk hyzmatlary ilat üçin elýeterli boldy. Öňüni alyş çäreleriniň geçirilmegi netijesinde keselleriň sany azaldy. Ýurdumyzyň derman senagatyny ösdürmek we derman serişdeleriniň öndürilişini artdyrmak boýunça giň möçberli çäreler geçirildi, hünärmenleri taýýarlamaga we olaryň hünär derejesini ýokarlandyrmaga, lukmançylyk ylmyny ösdürmäge aýratyn üns berildi.
Kämilleşdirilen kanunçylyk binýady saglygy goraýyş ulgamynda giň möçberli özgertmeleri üstünlikli amala aşyrmagyň ygtybarly esasy boldy. Soňky ýyllarda bu binýadyň üstüni Raýatlaryň saglygyny goramak hakynda, Adatdan daşary ýagdaýlary öňünden duýdurmak we aradan aýyrmak hakynda, Azyk önümleriniň hilini we howpsuzlygyny üpjün etmek hakynda, Raýatlaryň saglygyny temmäki tüssesiniň täsirinden we temmäki ulanmagyň netijelerinden goramak hakynda, Farmasewtika işi we derman serişdeleri bilen üpjün etmek hakynda, Türkmenistanyň Kanunlary we beýleki wajyp resminamalar ýetirdi.
1996-njy ýylda girizilen meýletin saglygy goraýyş ätiýaçlandyrmasy hem halkara bileleşiginiň oňyn bahasyna mynasyp boldy. Häzirki wagtda jemi 3 milliondan gowrak adam döwlet meýletin saglygy goraýyş ätiýaçlandyrmasynyň ýeňilliklerinden peýdalanýar. Ýaýradylan habarlarda bellenilişi ýaly, ol Türkmenistanyň raýatlaryna we olaryň eklenjindäki 16 ýaşa çenli çagalara bahasy 90 göterim arzanladylan derman we saglygy goraýyş maksatly serişdeleriň 128 görnüşini döwlet dermanhanalaryndan almaga şert döretdi. Bejeriş- öňüni alyş edaralarynda 50 göterim möçberlerinde arzanladylan tölegli saglygy goraýyş hyzmatlarynyň ähli görnüşlerinden peýdalanmaga mümkinçilik berdi.
Käbir makalalaryň awtorlary azyk önümlerini baýlaşdyrmagyň möhümdigini bellediler. Munuň özi ýokanç däl keselleriň öňüni almakda möhüm orun eýeleýär. Soňky ýyllarda Türkmenistanda döwlet derejesinde duzy ýodlaşdyrmak, uny demir we foliý kislotasy bilen baýlaşdyrmak arkaly keselleriň öňüni almak boýunça giň möçberli çäreler üstünlikli durmuşa geçirilýär.
Howply ýokanç keselleriň birnäçesiniň doly ýok edilendigi hakyndaky köp sanly halkara güwänamalary, şol sanda drakunkulýoz, poliomielit we gyzzyrma keselleriniň aradan aýrylandygyny tassyklaýan güwänamalar halkara bileleşiginiň hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda Türkmenistanda döredilýän saglygy goraýyş ulgamynyň milli nusgasynyň netijeliligini ykrar edýändiginiň aýdyň subutnamasy boldy.
Bellenilişi ýaly, ýurdumyzda milli Liderimiziň ýolbaşçylygynda sagdyn durmuş ýörelgesini berkarar etmek boýunça uly işler alnyp barylýar. Şol işlerde adam saglygy üçin zyýanly endiklere, hususan-da, çilimkeşlige garşy göreşi güýçlendirmäge aýratyn ähmiýet berilýär. Hut Aşgabat şäherinde Saglyk-2020 maksatnamasynyň düzgünleri bilen baglylykda ýokanç däl keselleriň öňüni almak we olara garşy göreşmek boýunça Jarnamanyň kabul edilmegi tötänden däldir. 2013-nji ýylyň dekabr aýynda türkmen paýtagtynda Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň Ýewropa boýunça ministrler maslahaty geçirildi.
Türkmenistan 2011-nji ýylda BSGG-niň temmäkä gözegçilik etmek boýunça halkara ülňülerine we ugrukdyryjy ýörelgelerini belleýän Çarçuwaly konwensiýasyny tassyklap, temmäki tüssesine garşy giň möçberli çäreleri durmuşa geçirip başlady. Ýurdumyzda baryp 2000-nji ýylda jemgyýetçilik ýerlerinde çilim çekmek gadagan edilipdi. 2013-nji ýylda Raýatlaryň saglygyny temmäki tüssesiniň täsirinden we tämmäki ulanmagyň netijelerinden goramak hakyndaky Kanun güýje girdi. Saglyk-2020 syýasaty babatda BSGG-niň Ýewropa sebiti boýunça edarasy bilen bilelikde 2012-2016-njy ýyllar üçin temmäki tüssesine garşy göreşmek boýunça çäreleriň milli meýilnamasy işlenip taýýarlanyldy. Häzirki wagtda bu meýilnama üstünlikli durmuşa geçirilýär. Ilatyň arasynda işjeň geçirilýän düşündiriş işleri, ýurdumyzda satylýan temmäki önümleriniň bahalarynyň artdyrylmagy, çilimkeşlige gözegçilik etmek boýunça berk çäreleriň amala aşyrylmagy ýürek-damar we respirator keselleri bilen keselleýän adamlaryň sanynyň ep-esli azalmagyny üpjün etdi.
Türkmen Liderine BSGG-niň Ýewropa sebitini temmäkiden azat etmäge goşan ajaýyp goşandy üçin Bütindünýä saglygy goraýyş guramasyndan Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa diýen minnetdarlyk ýazgysynyň gowşurylmagy döwlet Baştutanymyzyň umumy işe ägirt uly goşandynyň nobatdaky ykrarnamasyna öwrüldi.
Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň ýolbaşçylary türkmen döwletiniň Baştutanynyň görýän netijeli çärelerini we oňyn başlangyçlaryny mübärekläp, golaýda tassyklanan Saglyk döwlet maksatnamasynyň çäklerinde hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de üstünlikli dowam etdiriljekdigine ynam bildirdiler. Bu maksatnama milli saglygy goraýyş ulgamyny ösdürmekde hil taýdan täze tapgyryň başlanýandygyny alamatlandyrýar hem-de bagtyýarlygyň we ählumumy abadançylygyň bähbidine uzakmöhletleýin netijeli gatnaşyklar üçin giň mümkinçilikleri açýar.
Adamlaryň saglygyny goramakdan we olaryň abadançylygyny üpjün etmekden belent hem-de asylly maksat ýokdur. Bu wezipeleri çözmekde ähli döwletler belent maksatlardan hem-de ynsanperwer gymmatlykdardan ugur alyp, bilelikde hereket etmelidirler hem-de birek-birege ýardam bermelidirler diýip, türkmen Lideri belleýär.
Daşary ýurtlaryň köpçülikleýin habar beriş serişdeleri 22-nji iýulda geçirilen ilatyň sagdyn iýmitlenmeginiň ileri tutulýan wezipeleri boýunça ýokary derejeli milli strategiki maslahata hem uly üns berdiler. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen geçirilen bu forum Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň gününe hem-de Saglyk döwlet maksatnamasynyň 20 ýyllygyna bagyşlandy.
Häzirki zaman dünýäsinde sagdyn iýmitlenmk we azyk önümleriniň howpsuzlygy ilatyň saglyk derejesini, onuň ýaşaýyş-durmuşynyň hilini, ömrüň dowamlylygyny, zähmet we durmuş işjeňligini kesgitleýän esasy şertlere degişlidir.
Köpsanly meşhur neşirleriň habarçylarynyň belleýşi ýaly, ilatyň sagdyn iýmitlenmeginiň kadalarynyň we düzgünleriniň ornaşdyrylmagy kadasyz iýmitlenmek bilen şertlendirilen keselleriň öňüni almak bilen birlikde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň durmuşa geçirýän syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Bu sýyasat bolsa durmuş ugruna gönükdirilendir. 2013-2017-nji ýyllarda Türkmenistanyň ilatynyň sagdyn iýmitlenmegi baradaky Milli maksatnamanyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi hem-de ýurdumyza getirilýän we Türkmenistanda öndürilýän ähli azyk önümlerine bildirilýän ýokary talaplar munuň aýdyň subutnamasy bolup durýar. Häzirki wagtda ýurdumyzda öndürilýän azyk önümleri ýokary hilliligi, olarda konserwantlaryň ýoklugy hem-de diňe ekologiýa tadan arassa çig-malyň ulanylýandygy bilen tapawutlanýar. Diňe soňky ýyllaryň dowamynda Türkmenistanyň Azyk önümleriniň hili we howpsuzlygy hakynda, Agyz suwy hakynda, Türkmenistanda azyk önümleriniň ýokary hilini we howpsuzlygyny üpjün etmek babatda sanitar gözegçiligini kämilleşdirmek hakynda Kanunlar we beýleki kadalaşdyryjyhukuk namalary kabul edildi.
Dünýä metbugaty Türkmenistanyň halkara saglygy goraýyş ulgamyny ösdürmegiň wajyp wezipelerini çözmäge, şol sanda ilatyň sagdyn iýmitlenmeginiň meselelerine degişli wezipeleri amala aşyrmaga goşýan goşandyny nygtap, ýurdumyzyň esasy halkara guramalary we aýry-aýry döwletler bilen hyzmatdaşlygynyň netijeli häsiýete eýedigini ýene-de bir gezek kanagatlanmak bilen belledi.
Bizi umumy gymmatlyklar we umumy jogapkärçilik, dünýä bileleşiginiň öňünde durýan wezipeleriň many-mazmunyna düşünýändigiňimiz birleşdirýär. Biz öňe gitmek hyjumyzda bitewüdirisdaşary ýurt metbugatynyň şu synymyza giren köpsanly makalalarynda we habarlarynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň şu aýdan sözlerine aýratyn üns berilýär.