Ysraýylyñ Goranmak ministri Ehud Barak Ysraýyl bilen Palestiniñ arasynda geçirilýän parahatçylyk gepleşikleriniñ dowam etdirilmegi üçin gyssagly ýagdaýda çözgüdiñ tapylmagynyñ gerekdigini aýtdy.
Nýu Ýorkda BMG-nyñ Baş sekretary Pan Gi Mun bilen duşuşan Ehud Barak gepleşikleriñ dowam etdirilmeginiñ iki tarap üçin hem ähmiýetli bolandygyny we birnäçe hepdäniñ içinde çözgüdiñ tapylmagyny umyt edýändigini nygtady.
Palestinliler parahatçylyk gepleşikleriniñ täzeden başlamagy üçin Ysraýylyñ Günbatar Şeriýadaky we İýerusalymyñ gündogaryndaky ýaşaýyş jaýlarynyñ gurluşygyny togtatmagy şertini öñe sürýär.
referans: www.trtturkmen.com