6.9 C
Aşkabat
22.11.2024
GÜNÜŇ WAKALARY

Türkmenistanyň salgyt ulgamy Žurnalynyň Nobatdaky Sany

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Kararyna laýyklykda türkmen, rus we iňlis dillerinde çärýekde bir gezek neşir edilýän “Türkmenistanyň salgyt ulgamy” atly maglumat-analitik žurnalynyň nobatdaky sany çapdan çykdy. 

Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, ykdysadyýetiň hukuk binýadynyň yzygiderli kämilleşdirilmegi ony ösdürmegiň wajyp şertleriniň biridir. Bu bolsa ýurdumyzda pudaklaryň ösmegine ýardam edýän ykdysady gatnaşyklary düzgünleşdirýän kanunçylygy yzygiderli seljermegiň möhümligini talap edýär. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň Mejlisi ministrlikler we pudak edaralary bilen kanunçylyk namalaryny toplumlaýyn kämilleşdirmek, olary döwrüň täze talaplaryna laýyk getirmek boýunça iş alyp barýar. Şu ýylyň maýynda milli parlamentiň bäşinji çagyrylyşynyň sekizinji maslahatynda “Salgytlar hakynda” Türkmenistanyň bitewi Kanunyna üýtgetmeler we goşmaça girizmek hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň kabul edilmegi bu ugurda nobatdaky anyk ädim boldy. 

Žurnalyň nobatdaky sany salgyt kanunçylygynyň hukuk kadalaryny düzgünleşdirýän şol kanunçylyk namasy bilen açylýar. Kanuna laýyklykda, Salgyt kodeksiniň käbir maddalary rejelenen görnüşde beýan edildi ýa-da täze bölümler bilen üsti ýetirildi. Hususan-da, salgydy tölemek boýunça borçlary ýerine ýetirmek nobatlylygyna degişli (44-nji madda), salgyt töleýjiniň serişdelerini tölemegiň tertibiniň bozulmagy üçin maliýe sanksiýalary (94-nji madda) bilen bagly düzgünlere üýtgetmeler girizildi. 



Ady agzalan Kanuna laýyklykda, ýerasty baýlyklarynyň ulanylmagy üçin salgyt töleýjiler hakynda 129-njy maddanyň birinji bölegi rejelenen görnüşde beýan edildi. Girdejä salgydyň bellenilmegini kesgitleýän 172-nji maddanyň birinji böleginiň ikinji bendinde hem özgerişlik bolup geçdi. Edara görnüşli taraplaryň girdejisine salynýan salgydyň mukdaryny kesgitleýän 174-nji maddanyň ikinji bölegi hem üýtgeşmä sezewar boldy. 

Ýurdumyzda dynç alyş we syýahatçylygyň döwrebap düzüminiň kemala gelmegi Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň uzak möhletleýin geljek üçin strategiýasynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Milli Liderimiziň başlangyjy bilen Hazar deňziniň ekologik taýdan arassa kenarynda döredilýän halkara derejeli dynç alyş merkezi—ýurdumyzyň ägirt uly tebigy we ykdysady kuwwatyny amala aşyrmak, şol sanda daşary ýurt maýasynyň akymynyň hasabyna durmuşa geçirmek boýunça öňde goýlan wezipeleri çözmäge bolan täze, toplumlaýyn çemeleşmäniň nusga alarlyk mysaly bolup durýar. 

Bu ägirt uly taslamany durmuşa geçirmäge gatnaşmaga dünýäniň işewür toparlary uly gyzyklanma bildirýärler. Deňiz ýakasynyň dynç alyş düzümine maýa goýmak barada daşary ýurtly hyzmatdaşlardan gelip gowuşýan teklipler munuň aýdyň subutnamasy bolup durýar. Awazanyň çäginde ilkinji günlerden başlap ýörite hukuk düzgüniniň hereket edýändigini bellemek gerek. 

Bu ýerde telekeçilik işini amala aşyrýan edara görnüşli we şahsy taraplara ykdysady häsiýetli uly ýeňillikler döredilýär. Žurnalda ýerleşdirilen “Awaza” milli syýahatçylyk zolagyny ösdürmekde döwlet kepillikleri” atly makala şu meselä bagyşlandy. Onda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynyň subýektleri üçin goşulan baha we girdejä, emläge salynýan salgyt boýunça ýeňillikleri kesgitlemegiň meselelerini gozgaýan Salgyt kodeksiniň düzgünleri beýan edildi. Makalada daşary ýurt maýasyny çekmek maksadynda bu kanunçylyk namasyna, ozaly bilen ýurdumyzda girdeji alýan Türkmenistanyň rezident däl-edara görnüşli taraplaryna salgyt salmagyň aýratynlyklary hakynda madda girizilen goşundylary aýdyňlaşdyrýar. 

Däbe öwrülen “Düşündirişler” rubrikasynda Türkmenistanyň Baş döwlet salgyt gullugynyň hem-de degişli ministrlikleriň salgyt salmagyň dürli meseleleri boýunça düşündirmeleri çap edildi. 

Mysal üçin, makalalaryň biri salgyt töleýjileriň, hususan-da, Türkmenistanda şahamçalary we wekilhanalary hasaba alnan daşary ýurtly edara görnüşli taraplaryň borçlaryny, şeýle hem hasaba almagyň tertibini düşündirýär. 

Şu meselä bagyşlanan ikinji makala daşary ýurt puly bilen amallar boýunça hümmet tapawudy babatda Salgyt kodeksiniň düzgünlerini ulanmak meselesine bagyşlandy. Bu mesele iki gezek salgyt salynmagyny aradan aýyrmak hakynda Ylalaşyklaryň düzgünlerini nazara almak bilen gozgalýar. 

Şunuň bilen baglylykda, Salgyt kodeksiniň birnäçe maddalaryny “Uglewodorod serişdeleri hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda kömekçi potratçylar hökmünde iş alyp barýan adamlar babatda ulanmak hakynda gürrüň berýän makalanyň bardygyny bellemek gerek. 

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanda bazar gatnaşyklaryna geçmegiň şertlerinde içerki bazarda bäsdeşlige ukyply harytlaryň we hyzmatlaryň möçberini artdyrmaga, ýurdumyzyň işewür toparlarynyň başlangyjyny we olaryň telekeçilik endiklerini ösdürmäge ýardam etmäge oňyn täsir edýän kanunçylyk derejesinde täsirli çäreleriň görülmegine uly ähmiýet berilýär. 

Düşündirişleriň hatarynda üýtgedilip guralan kärhanalaryň hukuk orun tutarlarynyň kanunçylyk namasynyň aýry-aýry maddalaryny ulanmak baradaky makalany bellemek gerek. Bu mesele boýunça düşündirmeler “Kärhanalar hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň degişli düzgünleri babatda hem berilýär. 

Neşir “Sorag- jogap” diýen rubrika bilen jemlenýär. Okyjylar bu bölümde adam saglygyny goramak üçin niýetlenen desgalar gurlanda beton önümlerini öndürmek we gurluşyk meýdançasyna daşamak üçin buýrujy bilen şertnama baglaşylanda goşulan baha üçin salgyt tölenilýärmi, hususy mellek ýerinde ýa-da şahsy hojalykda ýetişdirilen oba hojalyk önümleri ýerlenilende girdeji salgydy tölenilýärmi diýen ýaly meseleler, şeýle hem salgyt özenine girmeýän girdejiler we beýlekiler barada doly maglumat alyp bilerler. 

Umuman, maglumat beriji-seljeriji neşiriň makalalary giň okyjylar köpçüligi—edara görnüşli we şahsy taraplar—salgyt töleýjiler, şeýle hem ýurdumyzyň salgyt edaralarynyň düzümine girýän bölümleriň auditorlary we işgärleri, degişli okuw mekdepleriň talyplary üçin uly gyzyklanma döredýär. 

Häzirki wagtda žurnalyň nobatdaky sanyny taýýarlamak işleri alnyp barylýar. Onda salgyt tölemegiň ýeňillikli ulgamy we patent tölegi bolan hususy telekeçileriň ýerine ýetirýän işleriniň görnüşleriniň sanawy çap ediler. Bu resminama Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Hususy telekeçilere salgyt salmagyň ýeňillikli ulgamyny kämilleşdirmek hakynda” Karary bilen şu ýylyň 27-nji iýunynda tassyklanyldy we 1-nji iýuldan güýje girdi.

Degişli makalalar

Türkmenistanda Iordaniýanyň ilçisi işläp başlady.

syrach

Türkmenistanyň Prezidenti ÝHHG-niň Baş Sekretary Bilen Duşuşdy

syrach

Russiýanyň Astrahan Oblastynyň Wekiliýeti Bilen Gepleşikler Geçirildi

syrach