17.9 C
Aşkabat
22.11.2024
DURMUŞ

Gökderede Şekillendiriş Sungaty Muzeýi Suratkeşleriň Sergisini Gurady

Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýiniň işgärleri Gökderedäki “Nebitçi” çagalar sagaldyş merkezinde suratkeşleriň sergisini guradylar. Şunuň ýaly medeni çäre her dynç alyş möwsüminde guralýar we sungat bilen gyzyklanýan çagalaryň köpüsini ýygnaýar. 

Bu gezekki sergide belli suratkeşler Ý.Baýramowyň, K.Meredowyň, M.Daneşwaryň, G.Babikowyň eserleri görkezilýär. Köpetdagyň ajaýyp künjekleri, Köneürgenjiň gadymy binagärlik ýadygärlikleri, Gökderäniň ýaşyl baýyrlary, bahar gülleri, natýurmortlar mähriban ülkämiziň ähli öwüşgünlerini beýan edýär. 



M.Ataýewanyň döreden keramika işleri, A.Garaýewiň heýkeltaraşlyk toplumlary, A.Ataýewiň gobelenleri sergä gelýänlerde uly gyzyklanma döretdi. Sergide muzeý işgärleri suratkeşleriň durmuşy, olaryň döredijilik ýoly, eserleriň döredilişi taryhy hakynda gyzykly gürrüň berýärler. 

Tomus dowam edýär, çagalara köpsanly gyzykly wakalar, aýdyň öwüşginli unudylmajak çäreler garaşýar.

Degişli makalalar

Türkiýe Respublikasynda Türkmenistanyň Medeniýet Günleri Tamamlandy

syrach

«Taýyma Baş Öwredýän» (Hekaýa)

«Ösüşiň Täze Belentliklerine Tarap» Diýen Ýygyndynyň Nobatdaky Jildi

turkmenhabargullugy