Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 16-sy hasaba alyndy.
Daşary ýurt walýutasyna Gonkongdan gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen uçar kerosinini, owganystanly işewürler bolsa Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynda öndürilen dizel ýangyjyny, Birleşen Arap Emirlikleriniň işewür toparlarynyň wekilleri tehniki ýody (Türkmenhimiýa DK) satyn aldylar. Russiýadan, Beýik Britaniýadan, Türkiýeden, Maltadan, Täjigistandan, Gyrgyzystandan gelen telekeçiler daşary ýurt walýutasyna pagta ýagyny, nah ýüplügi, arassalanan süýümi satyn aldylar. Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 12 million 294 müň dollaryndan gowrak boldy.
Manat serişdelerine Pakistanyň işewür toparlarynyň wekilleri jemi bahasy 2 million 145 müň manatdan gowrak bolan nah ýüplügi satyn aldylar.
Ýurdumyzyň telekeçileri içerki bazar üçin bahasy 189 müň manatlyk polipropileni (TNGIZT) satyn aldylar.