Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenilen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi jenap Mustafa Kapujuny kabul etdi. Ilçi döwlet Baştutanymyza ynanç hatyny gowşurdy.
Myhman wagt tapyp kabul edendigi hem-de ata Watanynda görkezilen myhmansöýerlik üçin hormatly Prezidentimize hoşallyk bildirdi hem-de Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň we Premýer-ministri Ahmet Dawutoglunyň mähirli salamyny hem-de doganlyk türkmen halkyna bagt we abadançylyk baradaky arzuwlaryny ýetirdi. Bellenilişi ýaly, türk halky oňyn özgertmeler ýoly bilen ynamly öňe barýan Türkmenistanyň gazanan üstünliklerine tüýs ýürekden buýsanýar.
Milli Liderimiz Türkiýäniň Türkmenistandaky ilçisini mähirli garşylap, sebit möçberindäki möhüm taslamalary amala aşyrmakda strategiki hyzmatdaş bolan dostlukly ýurduň ýolbaşçylaryna we halkyna iň gowy arzuwlaryny ýollady.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ilçini jogapkärli wezipä bellenilmegi bilen gutlap, köpugurly türkmen-türk hyzmatdaşlygyny giňeltmäge gönükdirilen asylly işinde uly üstünlikleri arzuw etdi. Şol hyzmatdaşlyk ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn esasda, şol sanda iri halkara guramalarynyň we abraýly sebit düzümleriniň çäklerinde üstünlikli guralýar.
Duşuşygyň barşynda häzir iki ýurdy diňe ykdysady we durmuş häsiýetli wezipeleriň umumylygy däl-de, eýsem, häzirki döwrüň esasy meselelerine çemeleşmeleriň meňzeşliginiň we ýakynlygynyň, olary çözmegiň maksada okgunlylygy hem-de sebitde we dünýäde parahatçylygy, durnuklylygy hem-de howpsuzlygy üpjün etmek maksady bilen bilelikdäki tagallalaryň utgaşdyrylmagynyň birleşdirýändigi nygtaldy. Iki döwletiň halkara durmuşynyň esasy meselelerine bolan umumy garaýyşlaryny köp babatda ynanyşmagyň ýokary derejesi kesgitleýär. Bu bolsa ähli ugurlar boýunça ýola goýlan gatnaşyklary has-da ösdürmegiň girewi bolup hyzmat edýär.
Ilçi netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin ägirt uly kuwwatyň bardygyny belläp, sebitiň ýurtlary bilen hoşniýetli goňşuçylygyň iň gowy däplerini we netijeli gatnaşyklary berkitmäge aýratyn üns berýän Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň daşary syýasatynyň şol hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin uly mümkinçilikleri açýandygyny belledi. Duşuşykda bar bolan özara gyzyklanmany hem-de Türkmenistanyň we Türkiýäniň milli ykdysadyýetleriniň özara üstüniň ýetirilmegini nazara almak bilen, uly kuwwata eýe bolan söwda-ykdysady gatnaşyklaryna aýratyn üns berildi. Şunuň bilen baglylykda, bilelikdäki täze taslamalary amala aşyrmagyň mümkinçiliklerine aýratyn üns berildi. Şol taslamalaryň ençemesi döwlet Baştutanymyzyň Türkiýe Respublikasyna ýakynda amala aşyran iş saparynyň barşynda dostlukly ýurduň işewürleri bilen geçiren duşuşygynda ara alnyp maslahatlaşyldy.
Hormatly Prezidentimiz hem-de Türkiýe Respublikasynyň doly ygtyýarly wekili döwletara gatnaşyklarynyň ösüşiniň ýokary depginlerini kanagatlanmak bilen nygtap, dürli derejedäki ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirmegi, Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň işini işjeňleşdirmegi dowam etmegiň zerurdygyny bellediler. Bu toparyň işi uzakmöhletleýin hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitlemäge ýardam berýär. Şol hyzmatdaşlyk bolsa deňhukuklylyk, özara ynanyşmak we özara bähbitlilik nukdaýnazaryndan guralýar.
Däbe öwrülen medeni-ynsanperwer gatnaşyklary giňeltmek döwletara gatnaşyklaryny ösdürmegiň möhüm ugry hökmünde ykrar edildi. Yzygiderli geçirilýän Medeniýet günleri, iki ýurduň wekiliýetleriniň sergilere, ylmy we döredijilik maslahatlaryna işjeň gatnaşmagy şol gatnaşyklaryň berkidilmegine gös-göni ýardam edýär. Bu çäreler bolsa iki doganlyk halkyň köpasyrlyk taryhy-medeni gatnaşyklarynyň pugtalanmagyna hyzmat edýär.
Duşuşygyň ahyrynda Türkiýe Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi jenap Mustafa Kapuju milli Liderimize meseleleriň giň toplumy boýunça netijeli pikir alşylandygy üçin hoşallyk bildirip, türkmen-türk gatnaşyklaryny has-da berkitmek hem-de iki doganlyk ýurduň we olaryň halklarynyň, şeýle hem tutuş sebitiň durnukly ösüşiniň bähbidine doly gabat gelýän netijeli hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin ähli tagallalary etjekdigine ynandyrdy.