6.9 C
Aşkabat
22.11.2024
YKDYSADYÝET

Eýranyň ХI Ýöriteleşdirilen Sergisi Öz işini Tamamlady

Paýtagtymyzdaky Sergi köşgünde Eýran Yslam Respublikasynyň ХI ýöriteleşdirilen sergisiniň ýapylyş dabarasy boldy. Bu sergi goňşy ýurduň esasy kompaniýalarynyň türkmen hyzmatdaşlary bilen köp ugurlarda söwda-ykdysady gatnaşyklary işjeňleşdirmäge uly gyzyklanma bildirýändigini görkezdi.

Bu sergi Eýranyň ykdysadyýetiniň pudaklarynyň wekilleriniň örän köp sanlysynyň gatnaşmagy bilen tapawutlandy. Gözden geçirilişe goňşy döwletiň iri kompaniýalarynyň we kärhanalarynyň 100-e golaýy gatnaşdy. Olaryň hatarynda ýurdumyzda köpden bäri işleýän meşhur firmalar, şeýle hem türkmen bazaryna indi aralaşyp başlan kompaniýalar bar.

Şu günler serginiň çäklerinde geçirilen işewür duşuşyklara gatnaşyjylar Türkmenistanyň öz ykdysady kuwwatyny ynamly artdyrýandygyny, halk hojalyk toplumyny diwersifikasilaşdyrmagyň we döwrebaplaşdyrmagyň startegiýasyny yzygiderli durmuşa geçirýändigini, iň täze tehnologiýalary we öňdebaryjy işläp taýýarlamalary ornaşdyrýandygyny bellediler. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň üstünlikli durmuşa geçirýän “açyk gapylar” syýasaty ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça amala aşyrylýan giňmöçberli taslamalar daşary ýurtly hyzmatdaşlarda, şol sanda geljegi uly türkmen bazarynda mynasyp orun eýelemäge çalyşýan eýranly hyzmatdaşlarda ägirt uly gyzyklanma döredýär.

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy we Eýranyň “Pars Pegah Tejarat” kompaniýasy serginiň üstünlikli geçirilmegi üçin ähli zerur şertleri döretdiler. Serginiň işiniň üç gününiň dowamynda oňa ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň döwlet we hususy ulgamlarynyň wekilleri we hünärmenleri, köp sanly aşgabatlylar hem-de paýtagtymyzyň myhmanlary gelip gördüler. 

Serginiň mowzuklaýyn bölümleri Türkmenistanyň we Eýran Yslan Respublikasynyň hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlaryny açyp görkezdi. Gözden geçirilişiň köp pudakly senagat häsiýetine eýe bolmagy onuň esasy aýratynlygyna öwrüldi. Sergi merkeziniň bölümlerinde nebit-gaz toplumy, elektroenergetika, metallurgiýa, himiýa pudagy, oba we suw hojalygy, gurluşyk hem-de gurluşyk serişdeleri senagaty üçin önümçilik enjamlaryny we tehnologiýalaryny görkezýän diwarlyklaryň onlarçasy ýerleşdirildi. Olaryň hatarynda “Nowin Sazan”, “Petrokemikal Kala”, “Gas Souzan”, “Parsirad Iranian”, “Mad Zamin Sabz Ara”, “Ariana Pars”, “Kalup”,”Sanat Çub-e Şomal”, “Irasko”, “Mogan” kompaniýalary we beýlekiler bar.

Eýran işewürleriniň türkmen kärdeşleri bilen gatnaşyklary işjeňleşdirmek meýli Eýran Yslan Respublikasynyň önümçilik ulgamynyň senagat-tehnologiki kuwwaty bilen tanyşdyryş çäreleriniň barşynda hem aýdyň ýüze çykdy. Munuň özi dürli ulgamlarda ýöriteleşdirilen türkmen işewür toparlarynyň wekillerine gyzyklanma bildirýän hyzmatdaşlar bilen göni gepleşikleri geçirmäge mümkinçilik berdi. 

Ýurdumyzyň ykdysadyýetini diwersifikasiýalaşdyrmagyň ileri tutulýan ugurlaryny nazara almak bilen, eýran kompaniýalary türkmen önüm öndürijilerine özleriniň öňdebaryjy işläp taýýarlamalaryny we ýokary tehnologiýaly enjamlaryny hödürlediler. Şol enjamlar bolsa önümleriň dürli görnüşleriniň önümçiligini ýola goýmakda, çig maly doly gaýtadan işlemekde özleriniň netijeliligini görkezdiler. Serginiň işlän günlerinde şol tehnologiýaly bölümlere köp adam baryp gördi.

Şu gün serginiň ýapylyş dabarasynyň çäklerinde oňa gatnaşanlara degişli diplomlar we sertifikatlar gowşuryldy.

Sergä gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa Ýüzlenme kabul edip, myhmansöýerlik hem-de özara bähbitli türkmen-eýran işewür hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegine nobatdaky goşant bolan şu serginiň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilendigi üçin türkmen  Liderine tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler.

Degişli makalalar

Daşary Ykdysady Işiň Möhüm Wezipeleri Ara Alnyp Maslahatlaşyldy

Lebapgazçykaryş Müdirligi Tebigy Gazyň Çykarylyşyny Artdyrýar

WTI-niň Bahalary Taryhy Minusa Düşmeden Soňra Ýene-de Položitel Ýagdaýda Geldi