Türkmenstanyň Medeniýet ministrliginiň garamagyndaky kitaphanalarda bitewi kitaphana elektron ulgamy döredilýär. Kitaby kompýuter bilen duşuryp, biz ýaşlaryň okalga zallaryna has köp gelmegini gazanyp bileris. Şonda okyjylar üçin bitewi elektron ulgamyna birleşdirilen islendik kitaphananyň gaznasyndan peýdalanmaga mümkinçilik açylýar. Elektron görnüşindäki seýrek hem-de gadymy neşirler bilen hem tanşyp bolar, mälim bolşy ýaly olar köpçülikleýin peýdalanmak üçin ele berilmeýär.
Biziň ýurdumyzda 230 sany köpçülikleýin kitaphana bar, olaryň 76-synda bitewi elektron kitaphana ulgamyny döretmek işleri alnyp barylýar. Olaryň hatarynda welaýat we şäher kitaphanalaryndan başga-da etrap kitaphanalary hem bar. Bu möhüm işi bäsleşikde ýeňiji bolan Nokat kompýuter hojalyk jemgyýeti amala aşyrýar.
Elektron ulgamyň merkezi dolandyryş nokady Döwlet kitaphanasynda ýerleşer, bu ýerde 2007-nji ýyldan bäri elektron kitap görkezijileri döredilýär. Şu döwrüň içinde bu kitaphanada elektron kitaplaryň belli bir gaznasy döredildi. Ýakynda Aşgabatda geljekki bitewi elektron kitaphana ulgamyna girýän kitaphanalaryň wekilleri bilen Nokat kompýuter hojalyk jemgyýetiniň hünärmenleriniň birinji önümçilik maslahaty geçirildi.
Şertnama laýyklykda bitewi elektron kitaphana ulgamyny döretmäge bir ýarym ýyl möhlet berildi. Wagtyň hasaby eýýäm başlandy.