10.9 C
Aşkabat
23.11.2024
DURMUŞ

Seniň Nepis Nagşyň

Marynyň “Margiana” medeniýet öýünde “Seniň nepis nagşyň” atly bäsleşik geçirildi. Oňa welaýatyň etraplaryndan we şäherlerinden ezber elli keçe basýan zenanlar gatnaşdylar. 

Keçeleri taýýarlamak el halylaryny we haly önümlerini taýýarlamak senedi ýaly türkmen halkynyň milli amaly-haşam sungatynyň iň gadymy görnüşleriniň biridir. Keçe basmak köp wagty, toparlaýyň zähmeti talap edýär. Şundan ugur alnyp, bäsleşige gatnaşyjylar ozal taýýarlan wideogörnüşlerini görkezdiler, olarda nagyşlaryň çyzgylaryny döretmek, başky çig mal serişdesini taýýarlamak, keçäni basmak hem-de önümi taýýar ýagdaýda görmek bolýar. 

Bäsleşigiň dowamynda çeper elli zenanlar keçe önümçiliginiň taryhyna gysgaça syn, şeýle hem bu önümiň artykmaçlyklary hakynda folklor döredijiligi we şahyrana setirleriň kömegi bilen gürrüň berdiler. 

Netijede Sakarçäge etrabynyň çeper elli zenanlary birinji orna, Türkmengala etrabynyň topary ikinji, Baýramaly etrabynyň topary bolsa üçünji orna mynasyp boldular. Mary şäheriniň topary baş baýraga mynasyp bolup, döwlet derejesinde geçiriljek bäsleşige gatnaşmaga hukuk gazandylar.

Degişli makalalar

V Aziýa Oýunlarynyň Ody 7-nji Sentýabrda «Galkynyş» Gaz Käninde Ýakylar

Üsküdar Üniversitesi Türkmen Öğrencileri Bekliyor !

turkmenhabargullugy

“Türkmenistanyň Daşary Syýasaty we Diplomatiýasy” Žurnalynyň Nobatdaky Sany

syrach