6.9 C
Aşkabat
22.11.2024
YKDYSADYÝET

BIRŽA TÄZELIKLERI

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 36-sy hasaba alyndy.

Daşary ýurt walýutasyna Şweýsariýadan, Birleşen Arap Emirliklerinden, Yrakdan, Owganystandan gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen uçar kerosinini, awtobenzini, tehniki kükürdi, russiýaly we hytaýly işewürler tehniki uglerody we tehniki ýody (“Türkmenhimiýa” DK) satyn aldylar. Daşary  ýurt walýutasyna şeýle hem bugdaý, pagta ýagy, nah ýüplük, buýan köküniň ekstrakty satyldy. Olary Beýik Britaniýadan, Şweýsariýadan, Türkiýeden, Serbiýadan, Täjigistandan, Azerbaýjandan, Gyrgyzystandan we beýleki ýurtlardan gelen telekeçiler satyn aldylar. Geleşikleriň jemi  bahasy ABŞ-nyň 68 million 106 müň dollaryndan gowrak boldy.

Manat serişdelerine BAE-niň, Türkiýäniň we Slowakiýanyň işewür toparlarynyň wekilleri jemi bahasy 12 million manatdan gowrak bolan nah ýüplügi, pagta ýagyny, regenerirlenen süýümi, nah mata galyndylaryny satyn aldylar. 

Ýurdumyzyň telekeçileri içerki bazar üçin jemi bahasy 77 müň  manatdan gowrak bolan “Türkmenaglomerat” kondisiýasyz polipropileni (TNGIZT) satyn aldylar. 

Degişli makalalar

Türkmen-Ýapon Işewürlik Gatnaşyklarynyň Täze Ugurlary Ara Alnyp Maslahatlaşyldy

Kaka Etrabynda Döwrebap Ýyladyşhana Toplumy Açyldy

18-nji Aprelde Türkmenistanyň Prezidentiniň Gazagystan Respublikasyna Döwlet Sapary Başlanýar