17.9 C
Aşkabat
22.11.2024
YKDYSADYÝET

Garagumda Täze Gaz Käni Açyldy

Ýakynda Garagum çölüniň Mary welaýatyndaky çäklerinde Bagly-1 meýdançasynda tebigy gazyň kuwwatly akymy ýüze çykaryldy. Birinji gözleg guýusynyň çuňlugy 400 müň 690 metre ýetirilende hem-de ulanyş sütünleri 230 metr ýokarlygyna goýberilende bu netije gazanyldy. 

Bu ýerde uglewodorod çig malynyň bir gije gündizlik mukdary bir ýarym million kub metre deňdir. Bu käniň ýangyç serişdeleriniň örän uly möçberlerine eýe bolan “Galkynyş” gaz käninden uzakda bolmadyk çäkde ýerleşmegi hem onuň geljekki mümkinçilikleriniň uludygyna güwä geçýär. 

Häzirki wagtda “Türkmengeoloigýa” döwlet korporasiýasynyň “Lebapnebitgazgözleg” müdürliginden ussalar Kakajan Joraýewiň we Arslan Mämmedowyň çalşyklary bu käniň açyk görnüşde synagdan geçirýärler. Gaz dinamika barlaglary tamamlanandan soň ýokary öndürijilikli buraw enjamy sökülip aýrylar we goňşy Minara-3 meýdançasyna geçiriler hem-de ol ýerde gözleg işleri başlanar. 

“Lebapnebitgazgözleg” müdürliginiň edaralary häzirki wagtda Ahal, Balkan we Lebap welaýatlarynyň çäklerinde gözleg işlerini alyp barýarlar. Ýylyň başyndan bäri olar tabşyryk boýunça 8159 metrden 812 metr artyk buraw işlerini geçirdiler.

Degişli makalalar

Türkmenistanda Ýeri Uzak Aralykdan Barlamak Üçin Emeli Hemra Uçurmak Göz Öňünde Tutulýar

Baýramçylygyň öňýanyndaky jaý toýlarynyň gerimi giňeýär

syrach

Paýtagtly Dokmaçylar Ýaz Eşikleriniň Tapgyryny Çykarmaga Girişdiler

turkmenhabargullugy