2015-nji ýylyň 25-nji awgustynda Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynda Ukraina Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi jenap Walentin Şewalýow bilen duşuşyk geçirildi.
Duşuşygyň barşynda taraplar soňky ýyllarda türkmen-ukrain gatnaşyklarynyň täze mazmuna eýe bolandygyny bellediler. Türkmenistan Ukrainanyň kompaniýalary bilen köp ýyllaryň dowamynda üstünlikli hyzmatdaşlyk edip gelýär we ukrain hyzmatdaşlary bilen özara bähbitli gatnaşyklaryny ösdürýär. Gurluşyk ulgamynda hyzmatdaşlygyň uly mümkinçiliklerini göz öňünde tutup, ukrain kompaniýalarynyň türkmen bazarynda eýeleýän ornunyň giňelýändigi hem-de Türkmenistanda giň gerimli senagat we durmuş maksatly desgalary gurmagyň taslamalaryny amala aşyrýan ukrainaly kärhanalaryň sanynyň ýylsaýyn artýandygy nygtalyp geçildi.
Duşuşygyň çäklerinde taraplar türkmen-ukrain hyzmatdaşlygynyň migrasiýa ulgamyndaky gatnaşyklaryň geljegi we mümkinçilikleri barada pikir alşyp, onuň ileri tutulýan ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Şunuň bilen baglylykda, duşuşykda ukrainaly hünärmenlere işçi wizalary hem-de iş rugsatnamalaryny resmileşdirmek, şeýle hem Türkmenistanyň raýatlygy hakynda Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda Türkmenistanyň raýatlygynyň berilmeginiň tertibi bilen baglanyşykly ähmiýetli meselelere garaldy.
Duşuşygyň ahyrynda taraplar iki ýurduň migrasiýa babatda hyzmatdaşlygynyň geljekde hem sazlaşykly ösdürüljekdigine ynam bildirip, bu ugurda alnyp barylýan ähmiýetli işlerde birek-birege uly üstünlikleri arzuw etdiler.