8.9 C
Aşkabat
22.11.2024
DURMUŞ

Türkmenistanda Ýol Hereketiniň Howpsuzlygynyň Biraýlygy Geçirilýär

Paýtagtymyzda IIM-niň Çagalar awtomobil şäherjigi ýaşlar üçin öz gapylaryny giňden açdy. Ol döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başyny başlan, şu gün badalga alan “Ýol hereketiniň howpsuzlygy—ömrümiziň rahatlygy” atly biraýlygyň aýdyň wakalarynyň birine öwrüldi. Açylyş dabarasyna awtomobil sportunyň muşdaklary, aşgabatlylar we paýtagtymyzyň myhmanlary, hormatly ýaşulular we ýaşlar, şeýle hem bu ýerde ýol hereketiniň düzgünlerini öwrenjek, awtomobil şäherjiginiň ýaş eýeleri bolan köpsanly çagalar gatnaşdylar.

Abadanlaşdyrylan giň çägi bolan, ýurdumyzyň Içeri işler ministrligine degişli iki gatly binany ýerli “Aga gurluşyk” kompaniýasy gurdy. Awtomobil şäherjigi paýtagtymyzyň demirgazyk böleginde—Çoganly obasyndaky Türkmenistanyň IIM-niň Awtoulag sporty merkeziniň ýanynda ýerleşdirildi. Şeýlelikde, paýtagtymyzyň bu künjeginde ulular we çagalar üçin awtomobil sport—okuw merkezi döredildi.

Dabara gatnaşyjylary döredijilik toparlary garşyladylar. Olar gülläp ösýän eziz Watanymyza bagyşlanan ajaýyp aýdymlary we sazlary ýerine ýetirdiler. 

Awtomobil şäherjiginiň binasynda ýerleşdirilen ýol hereketiniň muzeýi şu günki dabaranyň maksatnamasyny açdy. Muzeýiň köp dürli bölümleri Ýol gözegçilik gullugynyň taryhy we ilkinji awtoulaglaryň ýurdumyzyň ilatly ýerleriniň köçelerinden gatnap başlan wagtyndan bäri geçen döwür hakynda gürrüň berýär. Ýol gözegçilik gullugynyň taryhy baradaky bölümde aragatnaşyk serişdeleri we enjamlary, dürli ýyllaryň ýol hereketini kadalaşdyryjylaryň hem-de gözegçileriň lybaslarynyň görnüşleri, gullugyň döreýşi we işi, şol sanda ösüp gelýän nesle köp gatnawly köçelerde howpsuz hereket etmegi öwredýän asylly iş hakynda gürrüň berýän suratlar we wideofilmler saklanýar. Awtoulaglaryň nusgalary boýunça dürli ýyllaryň ýol gözegçileriniň ulanan awtomobilleri hakynda düşünje almak bolýar. 

Ýol gözegçilik gullugynyň häzirki gününe bagyşlanan bölüm bilen tanşanyňda, tehnologiýalaryň näderejede ösendigine, ýollarda howpsuzlyga gözegçilik edýänleriň üpjünçiliginiň gowulanandygyna göz ýetirýärsiň. Bu ýerde döwrebap esbaplar, radarlar, ýörite tehnikalaryň nusgalary, ýol hereketini kadalaşdyryjylaryň ýokary tehnologiýaly taýaklary, ulag gatnawynyň ýygylygyny we tizligini kesgitleýän we hasaba alýan ýol hereketini dolandyryjy ulgamlar görkezilýär. Ýollarda düzgün-tertibe  gözegçilik edýän köpsanly awtomatiki radarlar we wideokameralar bu ulgama ornaşdyrylýar. 

Ýaş aşgabatlylar okuw otaglarynda ýol hereketiniň düzgünlerini öwrenip bilerler. Mugallymlar kompýutleriň we multimediýa ulgamlarynyň kömegi bilen  pyýadalar hem-de sürüjiler üçin ýol hereketiniň düzgünleri, ýol belgileri, görkezijileri hakynda gürrüň bererler, alnan bilimi oýun görnüşinde barlamaga we berkitmäge kömek edýär. Bilim ministrliginiň we Içeri işler ministliginiň hünärmenleri tarapyndan bilelikde işlenip taýýarlanan okuw maksatnamasy dürli ýaşdaky çagalar üçin niýetlenendir. 

Bu ýerde mekdep okuwçylary üçin kiçi kino zal  göz öňünde tutulyp, onda ýol hereketiniň düzgünlerine we howpsuzlygyna bagyşlanan filimler görkeziler.

Soňra dabara gatnaşyjylar awtomobil şäherjiginiň açyk meýdançasyna bardylar, bu ýerde kiçi awtodrom ýerleşýär. Bu ýerde şäheriň ýollarynyň we onuň daşyndan geçýän ýollaryň bir böleginiň kiçi nusgasy döredilipdir. Ýanýodalaryň  gara örtügi, ýol hereketini sazlaýan çyralar, ýol nyşanlary we belgileri—hemme zat hakyky köçelerdäki ýaly gurnalypdyr. Muzeýde, okuw otaglarynda we kino zalda alnan bilimi tejribede berkitmek üçin ajaýyp şertler döredildi. 

Awtomobil şäherjiginiň ýaş eýeleri welomobillere hem-de elektromobillere münüp, şäherjigiň köçeleri boýunça, pyýadalar bolsa ýanýodalar we geçelgeler boýunça hereket edip, ýol hereketiniň düzgünlerini berjaý edip, çyralaryň yşaratlaryna hem-de ýol gözegçileriniň görkezmelerine eýerdiler. Şäheriň daşyndan geçýän köçeleriň ugrunda ýolda duşup biläýjek haýwanlaryň keşpleri oturdylyp, şol ýerlerde hem ýoluňa dykgat etmegiň, hereketiň dowamynda mümkin bolan päsgelçilikler hakynda bilmegiň zerurdygyny ýatladýan nyşanlar bar. Awtomobil şäherjiginiň  çäginde çagalar üçin oýun meýdançalary hem göz öňünde tutulypdyr.

Dabara gatnaşyjylar şäherjigiň pawilonyna baryp gördüler. Bu ýerde ýaryş ýolunyň nysgasy ýerleşdirilipdir. Ýaş sürüjiler bu ýol boýunça ýörite dolandyryş serişdeleri arkaly ýaryş awtoulaglarynyň nusgalaryny dolandyrdylar. Bu ýerde ýerleşdirilen oýun enjamlary çagalarda begenç duýgusyny döretdi. 

Açylyş dabarasy tamamlanandan soň, okuwçylar çäräni guraýjylardan   awtomobilleriň nusgalaryny sowgat aldylar.

Ýol hereketiniň howpsuzlygynyň biraýlygynyň dowamynda bu şäherjikde okuw maksatnamalary bellenildi. Bu ýere her gün paýtagtymyzyň mekdepleriniň okuwçylary gelerler. Olar  ýol hereketiniň düzgünlerini  özleşdirip, şäheriň köp gatnawly köçelerinde howpsuz hereket etmek barada bilim alarlar.  

Biraýlygyň dowamynda şäheriň köçelerinde hereket howpsuzlygynyň üpjün edilmegine aýratyn üns berler. Mekdep dynç alyş günleri tamamlanandan soň, ýollarda okuwa we öýlerine howlugýan çagalar peýda bolanda ýol hereketiniň düzgünlerine gyşarnyksyz eýermek pyýada çagalar üçin bolşy ýaly, paýtagtymyzyň   sürüjileri üçin hem aýratyn möhüm bolup durýar. 

Ýollaryň durkuny täzelemek boýunça  ýaýbaňlandyrylan işler hem ýol hereketiniň howpsuzlygyny üpjün etmäge möhüm goşant goşýar. Şol işleriň barşynda paýtagtymyzyň dürli künjeklerinde pyýadalar üçin täze ýerasty geçelgeler we köprüler peýda bolýar. Olar adamlaryň we ulaglaryň akymyny tertipleşdirmäge mümkinçilik berýär. 

Türkmenistanda biraýlygyň çäklerinde ähli ýerlerde dürli çäreler, şol sanda pudaklaýyn maslahatlar, umumybilim berýän mekdeplerde we mekdebe çenli çagalar edaralarynda  bu mowzuga degişli bäsleşikler guralar. Şeýle hem ýurdumyzyň ähli künjeklerinde ýollarda özüňi alyp barmagyň medeniýetini wagyz etmäge, ýol hereketine gatnaşyjylaryň her biriniň onuň howpsuzlygy üçin şahsy jogapkärçiligine düşünmegine gönükdirilen maksatnamalaýyn çäreler geçiriler.   


***

Şu gün Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň  Sport ulag merkezinde biraýlygyň başlanmagyna gabatlanyp awtomobil sporty boýunça ýaryşlar geçirildi. Karting we “Volcikar”ulaglarynda geçirilen ýaryşlarda medallaryň 2 toplumy ugrunda bäsleşildi.

Karting ulaglarynda geçirilen ýaryşda IIM-niň sport ulag merkeziniň wekilleri– W.Şkunow birinji orny, G.Hommadow ikinji orny, M.Mahtumow bolsa üçinji baýrakly orny eýelediler. 

Sport awtoulaglarynyň “Volcikar” görnüşinde geçirilen ýaryşda hem IIM-niň sport ulag merkeziniň wekilleri öz ussatlygyny görkezip, birinji we ikinji baýrakly orunlara, Türkmenistanyň Awtomobil sporty boýunça milli merkeziniň türgeni Ş. Gurbanow bolsa üçünji orna mynasyp boldular.

Sport awtoulaglarynyň bäsleşiginden soň ýaryşa gatnaşanlary sylaglamak dabarasy boldy. Şonda şu gün geçirilen ýaryşlardan başga-da, 22-nji awgustda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda sport  ulaglarynyň Alfa-Romeo görnüşinde geçirilen bäsleşige gatnaşan türgenleri sylaglamak dabarasy boldy. Mälim bolşy ýaly, şol ýaryşda milli Liderimiz sport awtoulagynyň bu görnüşinde öz usatlygyny görkezip, birinji orna  mynasyp bolupdy. IIM-niň sport ulag merkeziniň türgenleri G.Hommadow we P.Garlyýew degişlilikde ikinji we üçünji orunlary eýelediler.

Degişli makalalar

Aşgabatda Palestina Döwletiniň Medeniýet Günleri Geçiriler

turkmenhabargullugy

Ene söýgüsiniň mukaddesligi.

syrach

Türkmenistanyň Zenanlarynyň Dabaraly Maslahaty Geçirildi

syrach