16.9 C
Aşkabat
24.11.2024
DURMUŞ

Keçe Taýýarlamak Boýunça Geçirilen Bäsleşigiň Jemleýji Tapgyry Geçirildi

Türkmen halysynyň milli muzeýinde türkmen halkynyň amaly haşam sungatynyň gadymy görnüşleriniň biri bolan keçe taýýarlamak boýunça zenanlaryň arasynda geçirilen bäsleşigiň jemleýji tapgyry geçirildi. Bu bäsleşik “Türkmenhaly” Döwlet birleşiginiň goldamagynda Türkmenistanyň Zenanlar guramasy tarapyndan guraldy. 



Welaýatlarda we Aşgabat şäheriniň etraplarynda geçirilen bäsleşikleriň ýeňijileri paýtagta özleriniň iň gowy işlerini getirdiler. Olarda adaty keçe gülleri häzirki zaman nagyşlary bilen özboluşly sazlaşýar. 



“Seniň gülleriňde ähli gülleriň owadanlygy jemlenendir” diýen owadan at bilen geçirilen bu bäsleşik üç tapgyrdan ybarat boldy. Eli çeper zenanlar ilki bilen keçäni taýýarlamagyň ilkibaşky usullaryndan başlap, ahyrky usullaryna çenli beýan edilýän wideoşekili görkezdiler. Soňra olaryň öňünde 20 minudyň dowamynda «Gelinbarmak», «Täze guýruk», «Saýlap», «Barmak», «Gyzyl tüýnük» ýaly gadymy gölleriň birini taýýarlamak wezipesi durýardy. Bäsleşige gatnaşyjylar olary taýýarlamagyň barşynda gölüň döreýşi baradaky rowaýaty gürrüň berdiler, zenanlaryň keçeleri taýýarlanlarynda, haly dokanlarynda we gaýma gaýanlarynda aýdylýan aýdymlaryny aýdyp berdiler. 



Bäsleşigiň jemleri boýunça birinji orna Mary welaýatynyň eli çeper zenanlary, ikinji orna Lebap welaýatynyň, üçünji orna Aşgabat şäheriniň eli çeper zenanlary mynasyp boldular.

Degişli makalalar

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Mejlisi

Türkmenistan Bilen Türkiýäniň Arasyndaky Syýasy Geňeşmeler

syrach

Milli Däp-Dessurlar Täze Taglymlaryň Çeşmesi

syrach