“Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda Syýahatçylyk we gezelenç atly halkara sergisi we maslahaty açyldy.
Seýrana myhmanhanasynda ýaýbaňlandyrylan serginiň açylyş dabarasynda bu ýere ýygnananlar-ýurdumyzyň döwlet guramalarynyň ýolbaşçylary, işewür toparlaryň, köpsanly daşary ýurt kompaniýalarynyň wekilleri, hormatly myhmanlar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň maslahata gatnaşyjylara iberen Gutlagyny uly üns bilen diňlediler. Gutlagda bellenilişi ýaly, bu maslahat Türkmenistanyň syýahatçylyk pudagyndaky mümkinçiliklerini bütin dünýä açyp görkezmekde uly ähmiýete eýedir.
Halkara sergisi we maslahaty täze hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň ýola goýulmagyna, ýurdumyzyň we dünýäniň iş tejribesine innowasion çemeleşmeleriň we işläp taýýarlamalaryň üstünlikli ornaşdyrylmagyna, halkara syýahatçylyk ulgamynda Türkmenistanyň tutýan ornunyň ykrar edilmegine ýardam eder diýlip Gutlagda aýdylýar.
Ykdysadyýetiň dürli pudaklarynda ýöriteleşen daşary ýurtly maýadarlaryň, bazaryň bilermenleriniň we iri kompaniýalaryň Türkmenistanyň syýahatçylyk mümkinçiligine, şol sanda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagyny döretmek baradaky ägirt uly taslama uly gyzyklanma bildirýändiklerine foruma gatnaşyjylaryň uly wekilçilikli düzümi-de şaýatlyk edýär. Ol Türkmenistanyň Syýahatçylyk baradaky döwlet komiteti we ýurdumyzyň Söwda-senagat edarasy tarapyndan guraldy. Foruma gatnaşyjylaryň hatarynda milli syýahatçylyk agentlikleriniň ýolbaşçylary we hünärmenleri, dünýäniň 25 ýurdundan hyzmatdaşlyk edýän düzümleriň hem-de ýörite ugurly hünär berýän ýokary okuw mekdepleriniň wekilleri bar. Şol 25 ýurt Beýik Britaniýa, Fransiýa, Awstriýa, Ispaniýa, Germaniýa, Gollandiýa, Türkiýe, Russiýa, Birleşen Arap Emirlikleri, Ýaponiýa, Tailand, Malaýziýa, Indoneziýa, Bolgariýa, Çehiýa, Slowakiýa, Polşa we beýlekilerdir.
Türkmenistanyň syýahatçylyk toplumynyň mümkinçilikleri esasynda bu ýerde goýlan görnüşler halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň uly geljegini görkezýär. Jemi 123 kompaniýanyň wekilleri, şol sanda 70-den gowrak daşary ýurt şereketleri hem-de 50-den gowrak türkmen syýahatçylyk edaralary diwarlyklaryny görkezdiler. Şol görnüşleriň hatarynda biziň ýurdumyzdan Awazanyň myhmanhanalary diwarlyklaryň 26-syny açyp görkezdi. Mundan başga-da, bu ýerde Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň guramaçylyk komiteti öz işlerini hödürledi.
Bar bolan mümkinçilikleriň, gazanylan üstünlikleriň hem-de täze teklipleriň aýdyň beýanyna öwrülen gözden geçirilişde döwlet guramalary we edaralary, ýurdumyzyň hususy kärhanalary, bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmäge gatnaşýan ýa-da gatnaşmaga gyzyklanma bildirýän daşary ýurtly kompanýalary işlerini görkezýärler. Owadan ekspozisiýalar buýrujylaryň we hyzmatdaşlaryň täze başlangyçlaryny, syýahatçylygyň häzirki zaman düzümini ösdürmäge, onuň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmaga, hyzmatlaryň geriminiň giňeldilmegine, pudagy we işewürligi dolandyrmagyň ykdysady gurallarynyň kämilleşdirilmegine hyzmat edip biljek ajaýyp tehnologiýalary we işläp taýýarlamalary hödürleýär.
Günüň ikinji ýarymynda Seýrana myhmanhanasynyň maslahatlar zalynda Syýahatçylyk we gezelenç atly maslahatyň mejlisi geçirildi. Myhmanlar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan işlenip düzülen ýurdumyzyň syýahatçylyk toplumynyň strategiýasy, onuň medeni we tebigy mirasyň baý köpdürliliginde görkezilen esasy bilen tanyşdyryldy.
Daşary ýurtly myhmanlar öz çykyşlarynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň çäklerinde bolşy ýaly, has giň halkara möçberinde hem özara hereket etmegiň mümkinçiligi barada meselä degip geçdiler. Geçirilen pikir alyşmalar bu ulgamy ösdürmäge dürli çemeleşmeleri, şeýle hem pudakda üstünlikli işleýän kompaniýalaryň tejribelerini görkezmäge hem-de bu ugurda Türkmenistanyň daşary ýurtly kompanýalary bilen has nusga alarlyk mysallaryna garamaga ýardam berdi.
Çekişmeleriň we ara alyp maslahatlaşmalaryň barşynda maslahata gatnaşyjylar eýýäm birnäçe özara bähbitli ylalaşyklary baglaşmagy meýilleşdirdiler. Hususan-da, türkmen syýahatçylyk edaralaryny Çehiýanyň, Bolgariýanyň, Slowakiýanyň we beýleki ýurtlaryň syýahatçylyk kompaniýalarynyň hünärmenleriniň teklipleri gyzyklandyrdy.
Agşamara myhmanlar üçin Awaza derýasy boýunça gezelenç, “Awaza” milli syýahatçylyk zolagy bilen has ýakyndan tanyşlyk hem-de Deňiz merjeni seýilgähine baryp görmek guraldy. Bu seýilgähiň esasy gözelligi Türkmenistanyň meşhur ýadygärlikleriniň nusgalary bolan onuň taryhy binagärlik mazmunydyr. Şu ýerde maslahata gatnaşyjylar ajaýyp halk döredijilik çykyşlaryna tomaşa etdiler.
Ertir maslahat öz işini dowam eder. Maslahatyň çäklerinde Awaza milli syýahatçylyk zolagy- syýahatçylygyň merjeni , Syýahatçylygy ösdürmekde Türkmenistanyň taryhy-medeni we tebigy ýadygärlikleriniň ähmiýeti, Syýahatçylyk we ykdysady innowasiýalar diýen 3 bölümçe boýunça mejlisler geçiriler. Şeýle hem ikitaraplaýyn duşuşyklaryň we gepleşikleriň birnäçesiniň geçirilmegi göz öňünde tutulýar.