13.9 C
Aşkabat
21.11.2024
DURMUŞ

Milli Manadymyzyň 22 Ýyllygyna

Türkmenistanyň Merkezi bankynyň mejlisler zalynda milli manadymyzyň dolanyşyga girizilmeginiň 22 ýyllygyna bagyşlanan ylmy-amaly maslahat geçirildi. Oňa hökümetiň agzalary, döwlet we paýdarlar-täjirçilik banklarynyň, ykdysady topluma girýän ministrlikleriň we edaralaryň ýolbaşçylary we hünärmenleri, ýokary okuw mekdepleriň professorlary, mugallymlary we talyplary, şeýle hem ýurdumyzyň Ylymlar akademiýasynyň, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Bu ýere ýygnananlar Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň bank ulgamynyň işgärlerine iberen Gutlagyny uly ruhubelentlik bilen diňlediler. Gutlagynda milli manadymyzyň dolanyşyga girizilmegi ykdysadyýetimiziň sazlaşykly ösmegi, garaşsyz pul-karz syýasatynyň alnyp barylmagy üçin zerur bolan amatly şertleri döretdi diýlip bellenilýär.

Maslahatyň barşynda “Bank ulgamyny ösdürmegiň 2011-2030-njy ýyllar üçin döwlet maksatnamasynda” kesgitlenen wezipelere laýyklykda bank ulgamynda amala aşyrylýan düýpli özgertmeler, abraýly sebit we halkara maliýe düzümleri bilen  hyzmatdaşlygy giňeltmek, şeýle hem Türkmenistanda pul dolanyşygynyň taryhy hakynda çykyşlar edildi. 

Çykyşlarda bellenilişi ýaly, manat ýurdumyzy ösüşiň ýoly bilen üstünlikli ilerletmekde, türkmenistanlylaryň durmuş derejesini ýokarlandyrmakda, Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň döwletliliginiň esaslaryny berkitmekde uly ähmiýetli orun eýeleýär. Soňky ýyllarda ýurdumyzyň gazanan uly üstünlikleri milli Liderimiziň alyp barýan çuňňur oýlanyşykly, ylmy taýdan esaslandyrylan, milli ykdysadyýetimizi diwersifikasiýalaşdyrmaga, onuň bäsdeşlige ukyplylygyny üpjün etmäge, ýurdumyzyň dünýä hojalyk gatnaşyklar ulgamyna işjeň goşulmagyna gönükdirilen ykdysady strategiýanyň gös-göni netijesi bolup durýar. Häzir Türkmenistanda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça giň gerimli milli maksatnamalar, şeýle hem dürli pudaklaryň, şol sanda bank ulgamynyň işini has-da kämilleşdirmäge gönükdirilen maksatnamalar dürmuşa geçirilýär. 

Ýurdumyzyň banklarynyň öňünde durýan wezipelere laýyklykda manadyň hümmetini berkitmek, ilaty karzlaşdyrmak we goýumlarynyň möçberlerini artdyrmak boýunça yzygiderli işler amala aşyrylýar. Halkara standartlaryna laýyklykda, banklaryň maliýe hasabatlylygyny geçirmäge, degişli ulgamyň işgärleriniň hünär derejesini ýokarlandyrmaga, bank edaralarynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmaga uly üns berilýär. 

Bank ulgamyny ösdürmegiň döwlet maksatnamasynda kesgitlenen çäreleriň çäklerinde bank amallarynyň täze görnüşlerini giňeltmek hem-de bu ulgama innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak, işewürlige degişli işleri dolandyrmagyň düzümini kämilleşdirmek, türkmen banklarynyň maýalaryny artdyrmak, olary hususylaşdyrmak we beýlekiler boýunça anyk çäreler görülýär. Ýurdumyzyň banklary tarapyndan hödürlenýän hyzmatlaryň hilini ýokarlandyrmak boýunça, şol sanda onlaýn-banking, geljegi uly pikirleri durmuşa geçirmek, hyzmatyň täze derejesine çykmak babatda maksada gönükdirilen işler alnyp barylýar. Hususan-da, häzirki wagtda ýurdumyzyň raýatlaryna “Visa” kartlarynyň “Visa Electron”, “Visa Classic”,  “Visa Gold”  we ýuridiki şahslar üçin “Visa Business” görnüşleri boýunça hyzmatlary hödürlenilýär. Mundan başga-da, söwda we hyzmatlar üçin hasaplaşyklary geçirmek babatda nagt däl hasaplaşyklary ýola goýmak maksady bilen, “MasterCard” halkara töleg ulgamyny ornaşdyrmak boýunça degişli işler alnyp barylýar.        

Bellenilişi ýaly, milli kanunçylygy kämilleşdirmek bank ulgamyny ösdürmekde täze belentliklere ýetmegiň kuwwatly guraly bolup hyzmat edýär. Şunuň bilen baglylykda, soňky ýyllarda kabul edilen, döwrüň talaplaryny hem-de şu ugurda umumy kabul edilen halkara kadalaryny nazara almak bilen, işlenip taýýarlanan kanunçylyk namalarynyň ähmiýeti barada aýdyldy. Çykyş edenleriň nygtaýşy ýaly, ykdysadyýetiň bank edaralary tarapyndan maliýeleşdirilýän hem-de hususy kärhanalary ösdürmek we telekeçileriň önümçilik işleri, täze iş orunlaryny döretmek bilen bagly bolan hususy ulgamy ösdürmek boýunça maýa goýum taslamalaryny amala aşyrmakda oňyn netijeler gazanyldy.

Umuman, görülýän anyk çäreler Türkmenistana dünýäniň maliýe-ykdysady çökgünliginiň ýaramaz täsirinden gaça durmaga mümkinçilik berdi, şeýle hem ýurdumyzy ösüşiň we rowaçlygyň ýoly bilen üstünlikli ilerletmek üçin oňaýly şertleri döretmäge ýardam etdi. Milli ykdysadyýetimizi ösdürmegiň ýokary makroykdysady görkezijileri hem-de abraýly halkara maliýe düzümleriniň bilermenleriniň oňyn bahalary degişli ugurda amala aşyrylýan özgertmeleriň netijelidiginiň aýdyň subutnamasy bolup durýar. 

Häzir bank ulgamynyň işgärleriniň öňünde durýan wezipeler barada aýtmak bilen, maslahata gatnaşyjylar töleg serişdesi hökmünde manadyň netijeli dolanyşygyny mundan beýläk-de üpjün etmek we onuň hümmetini berkitmek esasy ugur bolup çykyş edýär diýip bellediler. Bellenilişi ýaly, häzir Türkmenistanyň dünýä hojalyk gatnaşyklar ulgamyna işjeň goşulýan şertlerinde iri dünýä banklarynyň tejribesini öwrenmäge, dolanldyrmagyň döwrebap usullaryny maliýe ulgamyna ornaşdyrmaga aýratyn ähmiýet berilýär.

Ylmy-amaly maslahat tamamlanandan soň, bu ýere ýygnananlar  Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa Ýüzlenme kabul edip, onda döwlet Baştutanymyzy öňde goýlan wezipeleri üstünlikli çözmek maksadynda mundan beýläk-de tutanýerli zähmet çekjekdiklerine ynandyrdylar.     

Şanly sene mynasybetli Türkmenistanyň Merkezi bankynyň eýwanynda sergi ýaýbaňlandyryldy. Onda garaşsyzlyk ýyllarynda çykarylan gymmat bahaly metallardan taýýarlanylan ýadygärlik şaýy pullar, şeýle hem dürli özboluşly milli şaý-sepleri görkezildi. 

Degişli makalalar

1-nji Sentýabrda Aşgabatda Täze Mekdepler we Ýokary Okuw Mekdebiniň Binalary Açylar

Awaza Milli Syýahatçylyk Zolagy

syrach

Aşgabat-Türkmenabat Awtobany Gurluşygyna Badalga Berildi

turkmenhabargullugy