Eýran Yslam Respublikasynda resmi saparda bolýan Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Tähranda geçirilen gazy eksport ediji ýurtlaryň Forumynyň döwlet Baştutanlarynyň Sammitine gatnaşdy.
Mälim bolşy ýaly, türkmen Lideri Sammite hormatly myhman hökmünde çagyryldy. Munuň özi Bitarap Türkmenistanyň ýokary halkara abraýyna we milli Liderimiz tarapyndan geçirilýän sebit we ählumumy derejede netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilen oňyn, döredijilikli daşary syýasatyň giňden ykrar edilýändiginiň subutnamasydyr.
Ozal habar berlişi ýaly, düýn Tähranda “Jumhury” köşgünde ýokary derejeli türkmen-eýran gepleşikleri uly üstünlik bilen geçirildi, gepleşikler asyrlaryň dowamynda mizemez dostluk gatnaşyklaryny saklaýan iki döwletiň we halklaryň özara bähbit, deňhukuklylyk hem-de hoşniýetli erk-islege daýanýan doly möçberli hyzmatdaşlygy ösdürmäge we giňeltmäge ygrarlydygyny tassyklady. Söwda-ykdysady gatnaşyklaryny ösdürmäge, şeýle hem ulag, energetika hem-de medeni-ynsanper ulgamlarynda däp bolan hyzmatdaşlygy giňeltmäge uly üns berildi.
Gepleşikleriň jemleri boýunça birnäçe resminamalara gol çekildi we türkmen-eýran hyzmatdaşlygyna täze itergi berýän ylalaşyklar gazanyldy.
Bu meselelere türkmen Lideriniň Eýran Yslam Respublikasynyň Beýik ruhy Lideri Aýatolla Ali Hamaneýi bilen bolan duşuşygynda hem deglip geçildi, duşuşykda şol sanda taraplaryň ýokary derejede gazanylan ylalaşyklary tizden-tiz durmuşa geçirmäge gyzyklanýandyklary nygtaldy.
Şu gün günüň birinji ýarymynda özüne bölnüp berlen “Hafeziýe” Köşgündäki kabulhanada Türkmenistanyň Prezidenti Yrak Respublikasynyň Prezidenti Fuad Masum, Köpmilletli Boliwiýa Döwletiniň Prezidenti Ewo Morales, Alžir Halk Demokratik Respublikasynyň Premýer-ministri Abdelmalek Sellal bilen duşuşyklary geçirdi.
Günüň ikinji ýarymynda türkmen Lideri gazy eksport ediji ýurtlaryň Forumynyň döwlet Baştutanlarynyň Sammitiniň geçirilýän ýerine -“Ejlas-Saran” Maslahatlar merkezine geldi.
Gazy eksport ediji ýurtlaryň forumy 2008-nji ýylda döredilen halkara hökümetara guramasy bolup, öz düzüminde tebigy gazy eksport etmekde dünýäde öňdebaryjy ýurtlary birleşdirýär. 12 döwlet: Alžir, Boliwiýa, Wenesuela, Müsür, Eýran, Katar, Liwiýa, Nigeriýa, Birleşen Arap Emirlikleri, Russiýa, Trinidad we Tobago, Ekwotarial Gwineýa bu guramanyň agzalarydyr. 6 ýurt: Yrak, Gazagystan, Niderlandlar, Norwegiýa, Oman we Peru synçy derejesine eýe bolup durýarlar.
Dünýä gaz gorlarynyň 70-e golaý göterimi, gaz önümçiliginiň 42 göterimden gowragy, turbageçirijileriň 40 göterimi we suwuklandyrylan tebigy gazyň söwdasynyň 85 göterimi gazy eksport ediji ýurtlaryň Forumynyň paýyna düşýär.
Guramanyň esasy maksady agza ýurtlaryň öz tebigy gaz gorlaryna özbaşdak ygtyýarlylygyny we ekologiýa durnuklylygyny, gazy aýawly hem-de netijeli işläp taýýarlamagy hem-de öz halklarynyň bähbidine peýdalanmagy üpjün etmek, gaz senagatyny ösdürmegiň esasy meseleleri boýunça tejribe, pikir we maglumatlary alyşmakdan ybaratdyr.
XX asyryň tutuş dowamynda nebit esasy energetika serişdesi hasap edilýärdi. Tebigy gaza dünýä nyrhlarynyň pesligi sebäpli, ol pes girdejili energiýa serişdesi hasap edilýärdi we energiýa önümlerini öndürijiler tarapyndan hem, maýa goýujy işewürler tarapyndan hem aýratyn üns berilmeýärdi. Şol sebäpli hem uglewodorod ýataklary işlenip taýýarlanylanda nebiti gaýtadan işlemek üçin peýdalanylýardy, gaz bolsa ugurdaş önüm hökmünde uzak wagtlap peýdalanylmandy.
Emma, geçen ýüzýyllygyň soňky çärýeginde dünýäniň ykdysady ösüşi, gazlyp alynýan ýangyjyň we ondan alynýan önümleriň sarp edilişiniň durnukly ösüş meýilleri, energiýanyň beýleki çemeleriniň bäsdeşlige pes ukyplylygy hem-de nebitiň nyrhlarynyň durnuksyzlygy adamzady ozal uly ähmiýet berilmedik energiýa serişdesi bolan tebigy gaza has içgin üns bermäge mejbur etdi, bu energiýa serişdesi dünýä bazarlarynda barha ornuny berkidýärdi.
Häzirki döwürde”mawy ýangyç” senagat taýdan ösen ähli döwletlerde öz täsirini durnukly artdyrmagyny dowam edýär we dünýä bazarlarynda diňe bir özboluşly “walýuta” bolmak bilen çäklenmän, örän möhüm syýasy gural, käbir ýagdaýlarda bolsa syýasy taýdan täsir etmegiň serişdesi bolup çykyş edýär.
Emma, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň daşary ykdysady strategiýasy syýasy, ideologiýa hem-de haýsydyr bir beýleki garaýyşlardan tapawutlanmak bilen, ähli daşary ýut hyzmatdaşlary bilen deňhukuklylyk we özara bähbitlilik ýörelgelerine esaslanýan gatnaşyklary ýola goýmaga gönükdirilendir. Türkmen Lideri bu barada yzygiderli aýtmak bilen, Türkmenistanyň diňe hakyky ýagdaýdan ugur alyp, arassa täjirçilik taslamalarynyň syýasylaşdyrylmagyndan daşda durýandygyny aýratyn nygtaýar.
Sammite gatnaşmak üçin Tährana gazy eksport ediji ýurtlaryň Forumyna agza döwletleriň, synçy derejesine eýe bolan ýurtlaryň Prezidentleri we ýokary wezipeli wekilleri, belent mertebeli myhmanlar geldiler. Foruma şeýle hem halkara guramalarynyň birnäçesiniň wekilleri gatnaşýarlar.
Bu ýerde, “Ejlas-Saran” Maslahatlar merkezinde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowy we beýleki belent mertebeli myhmanlary Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Hasan Ruhany mähirli garşylady.
Soňra döwlet Baştutanlarynyň we wekiliýet ýolbaşçylarynyň bilelikde surata düşmegiň resmi dabarasy boldy.
Eýranyň Lideri gazy eksport ediji ýurtlaryň Forumyna agza döwletleriň Baştutanlarynyň Sammitini açmak bilen, öz çykyşynda hemmetaraplaýyn ösüşi höweslendirmek maksady bilen gazy eksport ediji ýurtlaryň forumynyň agzalarynyň oňyn hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de pugtalandyrmagyň hem-de işjeňleşdirmegiň möhümdigini belledi.
Soňra bellenilen kada laýyklykda, çykyş etmek üçin foruma gatnaşyjylara söz berildi.
Türkmen Lideri ýokary derejeli Sammitde çykyş etmek bilen, Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Hasan Ruhana myhmansöýerlik hem-de netijeli işlemek üçin döredilen şertler üçin tüýs ýürekden minnetdarlygyny beýan etdi.
Türkmenistanyň Baştutany dünýä energetika gňňişligindäki, şol sanda gaz pudagyndaky häzirki ýagdaýlaryň uly we çylşyrymly wezipeleriň birnäçesi bilen şertlendirilendigini belläp, energetika howpsuzlygyny üpjün etmegiň zerurlygyny ählumumy ykdysadyýetiň yzygiderli we sazlaşykly ösüşiniň möhüm esasy şertleriniň biri bolup durýandygyny nygtady.
Şunuň bilen baglylykda, gazy öndüriji, üstaşyr geçiriji we sarp ediji ýurtlaryň bähbitlerini üpjün etmegi nazarda tutmaga gönükdirilen täsirli çäreleriň kabul edilmegi has möhümdir diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sözüni dowam etdi. Şu nukdaýnazardan bu ugurda hyzmatdaşlyk edýän döwletleriň özara gatnaşyklarynda kemsidilmelere ýol bermeýän açyk, aýdyň düzgünleriň işlenip taýýarlanylmagy uly ähmiýete eýedir.
Türkmenistan özüniň energetika syýasatynda şu garaýyşlardan ugur alýar diýip, milli Liderimiz aýtdy we munuň biziň ýurdumyz tarapyndan öňe sürülýän başlangyçlaryň hem-de iş ýüzünde amala aşyrylýan çäreleriň esasy many-mazmunyny kesgitleýändigini belledi. Energiýa serişdelerini dünýä bazarlaryna iberilmeginiň ygtybarlylygyny we goraglylygyny üpjün etmegiň kepilleri barada Türkmenistanyň başlangyçlary dünýäde barha giň goldawa eýe bolýar.
Muňa Birleşen Mlletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 2008-nji we 2013-nji ýyllarda energiýa serişdeleriniň ygtybarly we durnukly üstaşyr geçirilmegi baradaky Rezolýusiýalarynyň kabul edilmegi hem şaýatdyk edýär, onuň awtordaşlary hökmünde 70-den gowrak döwlet çykyş etdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bular barada aýtmak bilen, häzirki wagtda BMG-niň ählumumy energetika giňişliginde umumy kadalara laýyklykda iş alyp barmak hakyndaky täze halkara-hukuk resminamasyny taýýarlamak boýunça zerur işleriň geçirilýändigini belledi. Bu resminamany işläp taýýarlamak üçin halkara bilermenler topary döredildi. Bu toparyň işini kämilleşdirmek boýunça netijeli işler alnyp barylýar, onuň birinji mejlisi geçen ýylyň ahyrynda Aşgabatda boldy.
Türkmenistanyň Baştutany sözüni dowam edip, halkara energetika ulgamyna äze sebitleriň we bazarlaryň goşulyşmagy dünýäniň senagat önümçiliginiň, söwdanyň, maýa goýumlarynyň ösüşine goşmaça kuwwatly itergi berer, şeýle hem täze iş orunlarynyň döredilmegine ýardam berer diýip aýtdy. Öz nobatynda munuň özi sebitlerdäki we döwletlerdäki syýasy ýagdaýyň durnuklaşdyrylmagyna oňyn täsirini ýetirer.
Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan gaz geçirijisiniň gurluşygynyň taslamasynyň möhüm ähmiýetiniň bardygyny belledi. Biz bu taslama birek-birege hormat goýup, deňhukukly, özara bähbitli hyzmatdaşlyk etmegiň mysaly hökmünde garaýarys diýip, Türkmenistanyň Baştutany nygtady. Taslama gatnaşýan ýurtlaryň uzak möhlete niýetlenen bähbitler we ösüş gazanmak boýunça maksatlary umumydyr. Biz bu döwletleriň taslamany durmuşa geçirmäge jogapkärli we hakyky ýagdaýlardan ugur alyp çemeleşýändiklerine ýokary baha berýäris diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.
Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz TürkmenistanOwganystanPäkistanHindistan gaz geçirijisiniň taslamasyny durmuşa geçirmekde biziň Aziýadaky we Ýewropadaky hyzmatdaşlarymyz, örän iri maliýe edaralary, ilkinji nobatda bolsa, Aziýanyň Ösüş banky uly goldaw berýär diýip belledi.
Häzirki döwürde bu taslama iş ýüzünde durmuşa geçirilip başlandy. Türkmenistan ýakyn günlerde bu gaz geçirijiniň öz çäklerinden geçýän böleginiň gurluşygyna başlar diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistan Owganystan Päkistan Hindistan gaz geçirijisiniň taslamasynyň ylalaşylan möhletlerde, ýagny 2018-nji ýylda doly tamamlanjakdygyna berk ynanýandygyny mälim etmek bilen belledi.
Bu transmilli taslama diňe bir ykdysadyýet boýunça ägirt ululygy bilen tapawutlanman, ony durmuşy geçirmekde, Günorta Aziýanyň käbir sebitlerinde, hususan-da, Owganystanda durnuksyz ýagdaýy hasaba almak bilen, oňa gatnaşýan ähli ýurtlaryň syýasy taýdan birleşmegi babatynda hem deňsiz-taýsyzdyr. Şeýle-de bolsa synçylaryň aglabasy üçin TürkmenistanOwganystanPäkistanHindistan gaz geçirijisiniň taslamasynyň özüniň zerurdygyny we durmuşa ukyplydygyny anyk subut edýändigi aýdyň hakykata öwrüldi.
Bu babatda türkmen döwletiniň Baştutanynyň durnukly halkara ösüşine we Birleşen Milletler Guramasynyň baýdagy astynda energiýa çeşmeleriniň üstaşyr geçirilmeginiň howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça täsirli guraly döretmäge ýardam edýän möhüm başlangyçlary we anyk ädimleri aýratyn ähmiýete eýe bolýar. Şu ýerde TürkmenistanOwganystanPäkistanHindistan gaz geçirijisi ýaly ägirt uly transmilli infrastruktura taslamalaryny durmuşa geçirmekde, şeýle halkara guralynyň bolmagynyň örän möhümdigini bellemek gerek. Mümkinçilikden peýdalanyp, türkmen Lideri Owganystanyň, Päkistanyň we Hindistanyň ýolbaşçylaryna, taslama boýunça taýýarlyk işlerine gatnaşan hyzmatdaşlaryň ählisine tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi.
Türkmenistanda, dünýä ýüzünde üsti açylan mukdary boýunça ikinji orunda durýan “Galkynyş” käni, şeýle hem Amyderýanyň sag kenaryndaky, Hazar deňziniň türkmen bölegindäki we beýleki nebit-gaza baý sebitlerdäki täze açylan geljegi uly ýataklary özleşdirmek işiniň batly depginler bilen barýandygy hem ünsi özüne çekýär. Şeýle hem, dünýä ýüzünde giňden isleg bildirlýän nebitgazhimiýa önümlerini öndürmäge gönükdirilen senagat önümçiliginiň innowasiýalaryny döretmek üçin uly işler geçirilýär. Munuň özi bolsa, bu strategiki pudakda ykdysady bähbitleri hasaba almak bilen, giňgöwrümli halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek üçin täze mümkinçilikleri açýar.
Ýangyç-energetika toplumynda hyzmatdaşlyk barada gürrüňini dowam edip, döwlet Baştutanymyz türkmen tebigy gazyny Ýewropa ugry boýunça ibermek babatda taslamalary durmuşa geçirmek ugrunda hem gyzyklanma bildirýän taraplar bilen netijeli gepleşikleriň alnyp barylýandygyny habar berdi.
Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň esasy gaz ýataklaryny, ýeke-täk gazgeçiriji ulgama birleşdirip, Türkmenistanyň eksport kuwwatyny düýpli ösdürmäge mümkinçilik berjek “Gündogar-Günbatar” gazgeçirijisiniň gurluşygynyň tamamlanyp barýandygyny bellemek ýerliklidir. Energiýagöterijileri köp mukdarda zerur bolan taraplara geçirmäge mümkinçilik berjek bu gazgeçirijiniň gurluşygy, türkmen tebigy gazynyň ýollarynyň diwesifikasiýasynyň mümkinçiliklerini ep-esli giňelder hem-de türkmen energiýagöterijilerini halkara bazarlaryna ygtybarly we durnukly eksport etmäge goşmaça kepillendirmeleri döreder.
Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň durmuşa geçiren, gatnaşýan we amala aşyrmagy göz öňünde tutýan gaz geçirijileriniň taslamalarynyň ählisiniň oňa gatnaşýan ýurtlar üçin bähbitlidigini belledi. Bu taslamalar çäklerinden gaz geçirijiler geçýän ähli ýurtlaryň ykdysady we täjirçilik bähbitlerinden ugur alnyp amala aşyrylýar. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz gaz pudagynda amala aşyrylýan halkara hyzmatdaşlygynda hemmetaraplaýyn oýlanyşykly ykdysady ölçeglere eýermek, ilkinji nobatda bolsa, tebigy gaz üçin we onuň üstaşyr geçirilmegi üçin esaslandyrylan nyrhlardan ugur almak maksadalaýyk bolar diýip aýtdy.
Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistan dünýäde tebigy gazy öndüriji iri ýurtlaryň biri bolmak bilen, bu energiýa serişdesini ibermek boýunça halkara taslamalaryna gatnaşýar, şoňa görä-de, biziň ýurdumyz bu ugurda özara bähbitli hyzmatdaşlyk etmegiň ekologiýa meselelerine ýokary derejede jogapkärli çemeleşýär diýip nygtady. Şunuň bilen baglylykda, türkmen Lideri turbageçirijiler gurlanda ekologiýa talaplaryny berjaý etmek, tebigy gurşawy gorap saklamaga aýawly we uzak döwri göz öňünde tutup çemeleşmäge ünsi çekdi.
Uglewodorod serişdelerini çykarmak ýokary ekologiýa talaplaryna laýyklykda amala aşyrylmalydyr diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow nygtady.Bu babatynda ykdysady bähbitleri, halkara hyzmatdaşlygyny ekologiýanyň talaplaryny berjaý etmek bilen utgaşdyrmak biziň umumy wezipämizdir.
Şeýle hem türkmen döwletiniň Baştutany energiýa serişdeleri çykarylanda we iberilende ekologiýa töwekgelçiliginiň örän az derejede bolmagyny gazanmak, önümçilik toplumlaryna netijeli gorag tehnologiýalaryny ornaşdyrmak, häzirki zaman dolandyryş usullaryny ulanmak möhüm ähmiýete eýedir diýip belledi.
Şu maksatlardan ugur alyp, Türkmenistanyň maslahata gatnaşýan ýurtlar, energiýa serişdelerini sarp edýän we üstaşyr geçirýän döwletler, halkara guramalary bilen bu ugurda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmäge we ösdürmäge taýýardygyny bellemek isleýärin diýip, milli Liderimiz aýtdy. Şunuň bilen birlikde, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu meselede anyk ugurlar boýunça hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynam bildirdi.
Türkmenistan energiýa serişdelerini jogapkärli we ygtybarly öndüriji hem-de iberiji ýurtlaryň biridir diýip bellemek bilen, milli Liderimiz türkmen tarapynyň. ählumumy energetika strategiýasynyň ähli meseleleri boýunça aç-açanlyga eýerýän, sazlaşykly usullary işläp taýýarlamak üçin dürli döwletler we halkara guramalary bilen ýakyndan hyzmatdaşlyk etmäge taýýardygyny tassyklady.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow öz çykyşyny jemlemek bilen, biziň ýurdumyz 2017-nji ýylda Energetika hartiýasyna başlyklyk etjek döwründe özara bähbitli hyzmatdaşlygyň bu ugruna aýratyn üns berer diýip belledi.
Sammitiň çäklerinde döwlet baştutanlary we dünýäniň iri energetika döwletleriniň ýokary wezipeli wekilleri dünýä energetika ulgamynyň ösüşi barada pikir alyşdylar. Ählumumy gaz bazarynyň ösüş mümkinçilikleririne, has elýeterli, ykdysady taýdan bähbitli we ekologiýa taýdan arassa energiýa serişdesi hökmünde gazy sarp etmegi höweslendirmek meselelerine aýratyn üns berildi. Mundan başga-da, gaz öndüriji ýurtlaryň bähbitlerini öňe sürmek boýunça hereketleri utgaşdyrmagyň mümkinçilikleri baradaky mesele duşuşygyň gün tertibinde aýratyn orun eýeledi.
Bu ýerde, “Ežlas -Saran” Maslahatlar merkezi Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin bilen duşuşdy.
Soňra Türkmenistanyň Prezidenti Tähran şäheriniň “Mehrabad” halkara howa menziline bardy we ol ýerden Watanymyza ugrady.
Birnäçe wagtdan hormatly Prezidentimiziň uçary Aşgabadyň halkara howa menzilinde gondy. Ol ýerde döwlet Baştutanymyzy resmi adamlar garşyladylar.