8.9 C
Aşkabat
26.11.2024
YKDYSADYÝET

Statistika Işi

Türkmen paýtagtynda Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komitetiniň ýanyndaky Statistika boýunça pudagara geňeşiň nobatdaky mejlisi boldy. Duşuşyga geňeşiň agzalary we Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komitetiniň jogapkär işgärleri gatnaşdylar.

Geňeşiň mejlisiniň gün tertibine girizilen meseleleriň arasynda oba hojalygy boýunça döwlet statistika hasabaty görnüşlerini pudaklaýyn statistika hasabat görnüşine geçirmek, statistiki maglumatlaryň elektron usulda ýygnalmagyna geçmegiň barşy, Statistika boýunça pudagara geňeşiň ozal kabul eden çözgütleriniň ýerine ýetirilişi bilen bagly meseleler, 2016-njy ýyl üçin ministrlikleriň we pudak edaralarynyň statistika işleriniň meýilnamalarynyň taslamalary bar. 

Çykyş edenleriň belleýşi ýaly, milli ykdysadyýetimiziň üstünlikli ösüşi, giň möçberli durmuş maksatnamalarynyň amala aşyrylmagy milli statistikanyň ösüşini üpjün edýär. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda ýurdumyzda durmuşa geçirilýän özgertmeleriň esasy ugurlarynyň biri hem döwlet häkimiýetini we dolandyrylyşyny hem-de statistiki maglumatlardan peýdalanýanlary gazanylan netijeleriň binýadynda Türkmenistanyň ykdysady ösüşi barada halkara ölçeglerine laýyk gelýän maglumatlar bilen üpjün edýän  statistiki guramalaryň işini kämilleşdirmek bolup durýandygy nygtaldy. 

Mundan başga-da, ykdysady işiň görnüşleriniň Döwlet klassifikatory (NAСE. Rev.2) ikinji wersiýasyny özleşdirmek boýunça uly işler durmuşa geçirildi. Ony beýleki statistiki tertipleşdirijiler bilen utgaşdyryp peýdalanmagyň maksadalaýyk boljakdygy nygtaldy. 

Bu çäreleriň durmuşa geçirilmegi Türkmenistanyň statistika işini kämilleşdirmegiň hil taýdan täze tapgyry boldy. Kesgitlenen wezipeleri amala aşyrmagyň barşynda statistika usulyýetini halkara ölçeglerine laýyk getirmek boýunça toplumlaýyn işler durmuşa geçirildi. Statistika gözegçiliginiň usulyýet binýady pugtalandyryldy.

Geňeşiň agzalary gün tertibiniň ähli meseleleri boýunça pikir alşyp, statistiki maglumatlary berýän guramalar we şol maglumatlary peýdalanýanlar bilen netijeli özara gatnaşyklary ösdürmegiň hasabyna milli statistikanyň ösüşini üpjün etmek maksady bilen degişli çözgütleri kabul etdiler. 

Degişli makalalar

Türkmenistan Bazar Gatnaşyklaryny Ösdürmegiň Şertlerini Üpjün Edýär

turkmenhabargullugy

Ýurdumyzyň Iň Oňat Etrabyna Sylag Gowşuryldy

Täze Döwletara Elektrik Geçiriji Ulgamynyň Gurluşygyna Başlanyldy