8.9 C
Aşkabat
26.11.2024
DÜNÝÄ

Türkmenistanyň Bitaraplygynyň Şanly Senesi Dünýä Metbugatynda

Daşary ýurtlarda çap edilýän dürli neşirleriň makalalary şanly senä—halkara derejesinde bellenilýän Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk derejesine eýe bolmagynyň 20 ýyllygyna hem-de ýurdumyzda 2015-nji ýylyň Bitaraplyk we parahatçylyk ýyly diýlip yglan edilmegine gabatlanylýar.

Ýurdumyzyň Koreýa Respublikasyndaky ilçihanasynyň ýardam bermeginde taýýarlanylan hem-de iňlis dilinde neşir edilen “Global Briefings” žurnalynyň ýörite sany türkmen Bitaraplygynyň şanly senesine bagyşlandy. Žurnalyň birnäçe mowzuklaýyn bölümlerinde häzirki zaman geosyýasaty üçin türkmen Bitaraplygynyň ähmiýetini we filosofiki many-mazmunyny açyp görkezýän makalalar ýerleşdirildi. Olarda däp bolan dostlukly türkmen-koreý gatnaşyklarynyň häzirki ýagdaýy we geljegi  türkmen halkynyň baý medeni we özboluşly däp-dessurlary barada gürrüň berilýär. 

Göwnejaý bezelen žurnal Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 70-nji mejlisiniň çäklerinde geçirilen BMG-niň 2015-nji ýyldan soňky döwür üçin durnukly ösüş boýunça sammitinde eden çykyşy bilen açylýar. Mälim bolşy ýaly, türkmen Lideri bütindünýä forumynyň belent münberinden çykyş edip, ýurdumyzyň ählumumy abadançylygyň we ösüşiň bähbidine halkara hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmäge gönükdirilen  oňyn başlangyçlary beýan etdi. 

Žurnalyň aýratyn bölümi dünýäde parahatçylygy üpjün etmegiň oňyn şerti hökmünde bitaraplygyň türkmen nusgasyna bagyşlandy. Bu bölümiň girişinde BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan 1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda kabul edilen hem-de dünýä tejribesinde ilkinji gezek ýurdumyzyň bu täsin halkara-hukuk derejesini tassyklan taryhy Kararnamasy ýerleşdirildi.  

Makalalaryň birnäçesi soňky ýyllarda hil taýdan täze derejä çykan we häzirki döwürde okgunly ösdürilýän türkmen-koreý hyzmatdaşlygyna bagyşlanýar. Bu bölümde deňhukuklylyk, netijelilik we uzakmöhletleýin özara bähbitli hyzmatdaşlyk ýörelgeleri esasynda guralýan ikitaraplaýyn gatnaşyklara, şeýle hem Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň şu ýylyň aprelinde Koreýa Respublikasyna bolan döwlet saparyna we milli Liderimiziň Tegu şäherinde geçirilen VII Bütindünýä suw forumyna gatnaşmagyna bagyşlanan makalalar çap edildi. 

“Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwri”  bölüminde Türkmenistanyň häzirki güni, şeýle hem ulag-aragatnaşyk ulgamynda halkara hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmek boýunça ýurdumyzyň başlangyçlary we bu ugurda ädýän ädimleri baradaky makalalar ýerleşdirildi. Munuň özi dünýä ykdysadyýetiniň okgunly ösmeginiň möhüm şerti bolup durýar. Makalalaryň birinde Türkmenistanyň ilkinji “TürkmenÄlem 520E” aragatnaşyk hemrasynyň älem giňişligine çykarylyşy barada gürrüň berilýär. Bu waka ýurdumyzyň kosmos döwletleriniň hataryna goşulandygyny alamatlandyrdy. Şu ýerde strategiki nebitgaz we ulag ulgamlarynda türkmen-koreý hyzmatdaşlygy barada gürrüň berýän makalalar hem ýerleşdirildi. 

“Medeniýet we däp-dessurlar” bölüminde okyjylaryň dykgatyna türkmen halkynyň bahasyna ýetip bolmajak gymmatlygy – gözelligi, syratlylygy  hem-de ýyndamlygy babatda deňi-taýy bolmadyk şöhratly ahalteke bedewleri, bütin dünýäde meşhur bolan türkmen halylary hem-de milli zergärçilik sungaty baradaky makalalar hödürlenilýär. Žurnalyň ähli makalalary owadan suratlar bilen bezelipdir. Şu ýerde 2016-njy ýylda Türkmenistanyň ministrlikleri we pudak edaralary tarapyndan geçiriljek sergileriň, ýarmarkalaryň hem-de maslahatlaryň sanawy, şeýle hem ýurdumyzyň syýahatçylyk kompaniýalarynyň sanawy we olar baradaky degişli maglumatlar çap edilýär.   

Şeýle-de, žurnalda ýurdumyzda sportuň we syýahatçylygyň ösüşine bagyşlanan makalalar ýerleşdirildi. Olaryň biri okyjylary Hazaryň türkmen kenaryndaky täze şypahana dürdänesi bolan “Awaza” milli syýahatçylyk zolagy bilen tanyşdyrýar, beýlekisi bolsa, Türkmenistanyň Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna taýýarlyk görüşi barada gürrüň berýär. Bu oýunlar 2017-nji ýylda Aşgabatda geçiriler. 

Ýurdumyzyň Birleşen Arap Emirliklerindäki ilçihanasynyň hem-de “Al Fajr” gazetiniň redaksiýasynyň hyzmatdaşlygynda taýýarlanan hem-de arap dilinde neşir edilen “Parahatçylyk, ösüş we Bitarap Türkmenistan” atly žurnalyň ýörite sany çapdan çykdy. Onuň sahypalarynda täze taryhy eýýamda Türkmenistanda ösüşine, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň durmuşa geçirýän döredijilikli içeri we daşary syýasatyna, milli Liderimiziň başyny başlan hem-de türkmen döwletiniň we jemgyýetiniň durmuşynyň ähli ulgamlarynda  ýaýbaňlandyrylan oňyn özgertmelere, şeýle hem ýurdumyzyň we BAE-niň arasyndaky gatnaşyklara bagyşlanan makalalar çap edildi. Şol gatnaşyklar bolsa mizemez dostluk däplerine hem-de özara bähbitli hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanyp, ýylsaýyn täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylýar. 

Syn berilýän neşirleriň çapdan çykmagy halkara jemgyýetçiliginiň Garaşsyz hem Bitarap  Türkmenistana gyzyklanmasynyň barha ýokarlanýandygynyň, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň abraýynyň artýandygynyň aýdyň subutnamasydyr. Milli Liderimiziň daşary syýasat strategiýasy dünýäde parahatçylygy we durnukly ösüşi üpjün etmäge, döwletleriň hem-de haklaryň arasynda dostluk gatnaşyklarynyň hem-de netijeli hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyna saldamly goşant goşýar

Degişli makalalar

TÜRKIÝE RESPUBLIKASYNYŇ STAMBUL ŞÄHERINDE BÜTİNDÜNÝÄ WELOSIPED GÜNI MYNASYBETLI WELOSIPEDLI ÝÖRIŞ GEÇIRILDI

Eýranyň Birtaraplaýyn Beýannamalary Delilsiz we Esassyz

turkmenhabargullugy

Türkmenistanyň Prezidenti Polat Bilbil Ogluny Gutlady

turkmenhabargullugy