8.9 C
Aşkabat
24.11.2024
GÜNÜŇ WAKALARY

Prezidentimiz Ýaponiýanyň Adatdan Daşary we Doly Ygtyýarly Ilçisini Kabul Etdi

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanda diplomatik wezipesini tamamlaýan Ýaponiýanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi jenap Tikahito Haradany kabul etdi.

Dostlukly ýurduň doly ygtyýarly wekili wagt tapyp kabul edendigi üçin hoşallyk bildirip, Türkmenistanyň Baştutanyna we halkyna parahatçylyk, abadançylyk hem-de Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe özgertmeleri amala aşyrmakda täze uly üstünlikleri arzuw etdi. 

Jenap Tikahito Harada pursatdan peýdalanyp türkmen Liderine  şu ýylyň oktýabrynda Türkmenistana bolan sapary  mahaly bildirilen myhmansöýerlik hem-de göwnaçyklyk üçin hoşallyk bildirýän Ýaponiýanyň Premýer-ministri Sindzo Abeniň  mähirli sözlerini, şeýle hem ýakynlaşyp gelýän şanly sene—Türkmenistanyň  hemişelik Bitaraplygynyň 20 ýyllygy mynasybetli  iberen gutlagyny ýetirdi. Diplomat Ýaponiýada türkmen Lideriniň durmuşa geçirýän parahatçylyk söýüjilikli syýasatynyň we öňe sürýän  möhüm halkara başlangyçlarynyň doly goldanylýandygyny nygtady. Şol başlangyçlar bolsa tutuş dünýäde howpsuzlygyň, durnuklylygyň hem-de abadançylygyň esaslaryny pugtalandyrmaga gönükdirilendir. 

Milli Liderimiz Ýaponiýa bilen hyzmatdaşlygyň Türkmenistanyň daşary syýasat strategiýasynyň esasy ugurlarynyň biridigini hem-de onuň geljeginiň uludygyny nygtap, milli ykdysadyýetimiz üçin möhüm bolan taslamalary bilelikde durmuşa geçirmegiň hem-de maliýeleşdirmegiň hasabyna ýurdumyzyň durmuş-ykdysady taýdan okgunly ösmegine hemmetaraplaýyn ýardam berýändigi üçin ýapon tarapyna minnetdarlyk bildirdi. Şol taslamalary durmuşa geçirmäge dünýäde meşhur bolan “Itochu Corporation”, “Mitsubishi Corporation”, “Kawasaki Plant Systems Ltd.”, “Sojitz Corporation”  we beýleki ýapon kompaniýalary gatnaşýarlar. 

Döwlet Baştutanymyz soňky ýyllarda okgunly ösüşe eýe bolan türkmen-ýapon hyzmatdaşlygynyň ýokary derejesini kanagatlanma bilen belläp, jenap Tikahito Harada Türkmenistanda netijeli işländigi hem-de deňhukuklylyk we özara bähbitlilik esasynda guralýan köpýyllyk oňyn hyzmatdaşlygyň hem-de dostlugyň esaslaryny pugtalandyrmaga saldamly goşant goşandygy üçin minnetdarlyk bildirdi. 

Duşuşygyň barşynda hormatly Prezidentimiz hem-de  ýaponiýaly diplomat döwletara gatnaşyklarynyň ähli ugurlary boýunça pikir alyşdylar we ýokary derejedäki özara ynanyşmak hem-de birek-birege hormat goýmak esasyndaky gepleşikleriň, iki ýurduň halkara we sebit syýasatynyň meseleleriniň ençemesi boýunça garaýyşlarynyň ýakyndygynyň ýa-da gabat gelýändiginiň bu gatnaşyklary has-da berkitmäge ýardam edýändigini nygtadylar. Munuň özi dostlukly ýurtlaryň ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn esasda, şol sanda iri halkara guramalarynyň çäklerinde üstünlikli gatnaşyk etmegine ýardam edýär. 

Döwlet Baştutanymyz we myhman ýola goýlan ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin ägirt uly kuwwatyň bardygyny belläp,  ozal gazanylan ylalaşyklary hem-de taraplaryň hyzmatdaşlygy hil taýdan täze derejä çykarmak baradaky meýillerini nazara almak bilen, türkmen-ýapon gatnaşyklaryny ösdürmegiň geljegini ara alyp maslahatlaşdylar. Özara haryt dolanyşygynyň möçberlerini  artdyrmak, iki dostlukly ýurduň döwlet hem-de hususy düzümleriniň arasynda göni gatnaşyklary ýola goýmak, medeni-ynsanperwer alyşmalary işjeňleşdirmek gaýragoýulmasyz wezipeleriň hatarynda görkezildi. 

Türkmen Lideri Imperatora, Ýaponiýanyň Hökümetine  hem-de halkyna iň gowy arzuwlaryny beýan edip, ýurdumyzyň mundan beýläk hem özara bähbitlere laýyklykda, strategik hyzmatdaşlyk ugruna eýermäge taýýardygyny tassyklady. 

Ýaponiýanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi  hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa geçen ýyllaryň dowamynda beren kömegi hem-de öz  ýolbaşçylyk eden diplomatik wekilhanasynyň işine beren  goldawy üçin ýene-de bir gezek tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi. 

—Men Siziň ajaýyp, okgunly ösýän ýurduňyza haýran galýaryn hem-de doganlyk türkmen halkyna Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwrüniň ägirt uly meýilnamalaryny amala aşyrmakda täze üstünlikler arzuw edýärin. Men Ýaponiýa dolanyp barsam-da, Türkmenistanyň dosty hökmünde dürli pudaklarda ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmek maksady bilen, hyzmatdaşlygy dowam etmek isleýärin — diýip, jenap Tikahito Harada aýtdy. 

Degişli makalalar

Garagumyň Ummasyz baýlyklary

Häzirki döwrüň we gelejegiň ýangyjy bolan tebigy gazy tygşytlaň.

syrach

Hormatly Prezidentimiz Maryda Sadaka Berdi we Ministrler Kabinetiniň Göçme Mejlisini Geçirdi

turkmenhabargullugy