19.9 C
Aşkabat
25.11.2024
YKDYSADYÝET

«Türkmenistanyň nebiti, gazy we mineral serişdeleri» atly syýasy-jemgyýetçilik we ylmy-publisistik żurnalyň şu ýyldaky dördünji sany neşir edildi.

«Türkmenistanyň nebiti, gazy we mineral serişdeleri» atly syýasy-jemgyýetçilik we ylmy-publisistik żurnalyň şu ýyldaky dördünji sany neşir edildi. Żurnalyň ýurdumyzyň Nebitgaz senagaty we geologiýa işgärleriniň gününe bagyşlanan sanynda Türkmenistanyň energetika ulgamynda sebit we halkara derejesindäki hyzmatdaşlygynyň meseleleri giňişleýin beýan edilýär hem-de täze Galkynyş eýýamynda ýangyç-energetika toplumyna degişli kärhanalaryň gazanan esasy netijeleri barada gürrüň berilýär.

Türkmenistanyň gaz ulgamynda goňşy Eýran Yslam Respublikasy bilen sazlaşykly ösdürilýän hyzmatdaşlygy neşiriň şu sanynda beýan edilýän esasy meseleleriň birine öwrüldi. Bu neşir Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Sarahs-Sangbast» gaz geçirijisiniň açylyş dabarasyndaky çykyşy bilen başlanýar. Bu dabara noýabryň ahyrynda Eýranyň çägindäki Hangeran diýen ilatly ýerde geçirildi.

Milletiň Lideri türkmen «mawy ýangyjynyň» günorta we günorta-günbatar ugurlara iberilýän möçberlerini artdyrmak üçin niýetlenen täze gaz geçirijiniň halkara derejesinde möhüm ähmiýete eýedigini belläp, onuň ulanmaga berilmegi bilen, Eýranyň köp sanly ilatly ýerleriniň energiýa serişdeleri bilen ygtybarly üpjün ediljekdigini aýtdy. Mundan başga-da, gaz geçiriji tebigy gazy ýerlemek üçin täze mümkinçilikler döreder. Häzirki döwürde türkmen tebigy gazynyň Eýrana iberilýän möçberlerini ýylda 20 millard kub metre çenli ýetirmäge we şondan hem artdyrmaga ähli mümkinçilikler bar.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Mahmud Ahmadineżadyň gatnaşmagynda Sarahs-Sangbast gaz geçirijisiniň ulanmaga berilmegine bagyşlanan «Türkmenistan Eýrana iberýän gazynyň möçberini artdyrýar» diýen makalada özara peýdaly türkmen-eýran energetiki hyzmatdaşlygyna degişli gürrüň dowam etdirilýär. Şeýle hem bu makalada dostlukly iki ýurduň gazy ibermek üçin niýetlenen bilelikdäki gaz düzümini döretmek we ösdürmek boýunça möhüm ähmiýetli ädimleri görkezilýär.

Şu makalada Türkmenistandan Eýrana uzaýan gaz geçirijileriň uzakmöhletleýin esasda bolup, biziň ýurdumyza ýangyjy eksport etmek bilen bagly ugry giňeltmäge mümkinçilik berýändigi nygtalyp, öz gezeginde, bu ýagdaýyň ählumumy energetika howpsuzlygyny üpjün etmek maksady bilen, energiýa serişdelerini dünýä bazarlaryna durnukly ýagdaýda ugratmagy göz öňünde tutýan döwlet energetika syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegine ýardam berjekdigi aýdylýar.

«Ynsanperwerlikden gözbaş alýan taslama» atly makalada gazyň eksport edilmegini diwersifikasiýalaşdyrmagyň Türkmenistanyň energetika syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýandygy baradaky möhüm ähmiýetli mesele gozgalýar. Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan gaz geçirijisiniň gurluşygynyň taslamasyna bagyşlanan bu makalada türkmen döwletiniň Lideriniň Aziýa sebitinde täze energetiki köprüni döretmek barada öňe süren başlangyjynyň syýasy we ykdysady taýdan wajyp jähetlerine garalýar.

Hususan-da, bu makalada TOPH taslamasynyň türkmen tebigy gazynyň Aziýanyň sazlaşykly ösýän gaz bazaryna ýetirilmegine mümkinçilik berjekdigi bellenilip, ynsanperwerlige hem-de sebitde parahatçylygyň we abadançylygyň berkarar edilmegine gönükdirilendigi nygtalýar. Makalada «Uglewodorod gorlaryna baý bolan Türkmenistan, ýokary tehniki mümkinçilikli Hindistan, sarp ediş bazarynyň giňligi bilen tanalýan Pakistan we Owganystan ýakyn geljekde nebitgaz pudagynda öz ýurtlarynyň we tutuş sebitiň halklarynyň bähbitleri üçin hyzmatdaşlyk eder» diýlip aýdylýar.

Makalada TOPH taslamasyna gatnaşýan ýurtlaryň geçiren ägirt uly möçberdäki taýýarlyk işleriniň esasy tapgyrlaryna garalyp, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň infrastruktura degişli bolan hem-de sebit we halkara derejesinde uly ähmiýet berilýän bu taslamanyň çaltlandyrylan ýagdaýda amala aşyrylmagyna gönükdirilen möhüm ähmiýetli başlangyçlaryna aýratyn üns berilýär.

Bu makalada TOPH gaz geçirijisiniň taslamasynyň ykdysady jähetlerine degip geçmek bilen, geljekki gaz geçirijiniň esasy tehniki häsiýetnamalary, şeýle hem Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan gaz geçirijisine «mawy ýangyjyň» uzak möhletiň dowamynda ygtybarly ýagdaýda ýetirilmegini üpjün etmek üçin esasy çig mal binýady hökmünde kesgitlenen Günorta Ýolöten ýatagynyň gaz babatdaky kuwwatly gory barada gürrüň berilýär.

Nebitgaz senagaty we geologiýa işgärleriniň gününe bagyşlanan «Beýik Galkynyşyň ak ýoly bilen» atly makalada Türkmenistanyň ýangyç-energetika toplumynyň çig mal binýadyny pugtalandyrmak, uglewodorod serişdeleriniň çykarylýan we gaýtadan işlenilýän möçberlerini artdyrmak, şeýle hem şol serişdeleri içerki we halkara bazarlaryna ýetirmek üçin niýetlenen infrastrukturany toplumlaýyn ösdürmek boýunça uly möçberlerdäki maýa goýum taslamalaryny amala aşyrýan kärhanalarynyň gazanýan möhüm ähmiýetli netijeleri görkezilýär. Makalada bellenilmegine görä, ýurdumyzyň ýangyç-energetiki toplumynda gazanylan üstünlikleriň hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň oýlanyşykly energetika syýasatynyň netijesi bolup durýandygy bellenilip, olaryň diňe bir türkmen döwletiniň ykdysadyýetini ösdürmekde wajyp ähmiýete eýe bolmak bilen çäklenmän, halkara energetika howpsuzlygyny üpjün etmekde sebit we ählumumy derejede möhüm ähmiýete eýedigi aýdylýar.

Türkmenistanyň BMG-niň Ýewropa ykdysady toparynyň durnukly energetika boýunça Komitetiniň Býurosynyň wise-başlyklygyna saýlanmagyna bagyşlanan makalada türkmen döwletiniň energiýa serişdelerini ygtybarly ýagdaýda ýetirmek boýunça giň halkara hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegine gönükdirilen möhüm başlangyçlary barada aýdylýar. Makalada bu wakanyň hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ählumumy parahatçylygy, abadançylygy we durnuklylygy üpjün etmek maksady bilen doly möçberdäki hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine gönükdirilen daşary syýasy ugrunyň dünýä bileleşigi tarapyndan oňlanýandygyny aýdyň görkezýän nobatdaky subutnama öwrülendigi bellenilýär.

«Türkmenistanyň geologiýa ylmynyň merkezi» atly makalada żurnalyň okyjylaryna Ylmy-barlag geologiýa gözleg institutynyň işi barada gürrüň berilýär. Makalada bellenilmegine görä, bu edaranyň alymlary we hünärmenleri ugleworod serişdeleriniň işlenip çykarylyşyny artdymak, şeýle hem sahawatly türkmen topragynda ýeriň astynda saklanýan we gazylyp alynýan peýdaly zatlaryň ähli görnüşlerini ýüze çykarmak we toplumlaýyn ulanmak boýunça öňde goýlan wezipeleriň berjaý edilmegine önjeýli goşant goşýarlar. 

referans: www.turkmenistan.gov.tm

Degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidenti Sanly Wideoaragatnaşyk Arkaly Iş Maslahatyny Geçirdi

turkmenhabargullugy

Birža Täzelikleri

syrach

Türkmenistan we RF Ýokary Derejede Duşuşyklary Geçirmäge Taýýarlyk Görýär