Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça şu ýyl ilkinji gezek bellenilýän Demir ýol ulaglary pudagynyň işgärleriniň gününiň öň ýanynda täze neşir çapdan çykdy. Ýurdumyzyň demir ýol pudagynyň ösüşine bagyşlanan uly fotoalbom Polat ýollar täze sepgitlere tarap diýlip atlandyrylýar.
Kitap türkmen döwletiniň ulag ulgamynyň demir ýol pudagynyň häzirki gününiň ýaýbaňlandyrylan fotosynyň görnüşinde bolup, bu ugurda gazanylan uly üstünlikler örän aýdyň şöhlelendirilýär.
Türkmenistanyň demir ýol ulgamynyň ösüşi ykdysadyýetde döwrebaplaşdyrylan öňegidişlige itergi berýär, ýurduň geosyýasy bähbitlerini üpjün etmek wezipelerine gönüden-göni täsir edýär. Türkmenistanyň ulag aragatnaşyklarynyň geoykdysady mümkinçiligini açyp görkezmek milli bähbitleri durmuşa geçirmekde hem-de halkara hyzmatdaşlygyny giňeltmekde möhüm orun tutýar.
Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ulgam dörediji bu pudagyň ösdürilmegine berýän uly ünsi demirýol ulgamyny köptaraplaýynlygyň hem-de ygtybarlylygyň, gatnawyň özüne düşýän gymmatynyň pes ýagdaýynda hem-de Türkmenistany iri logistika merkezine öwürmek üçin çäk mümkinçilikleriniň bolmagynda ýükleriň ähli görnüşlerini daşamaga ukyplylygyň tapawutlandyrýandygy bilen şertlenendir. Munuň özi ÝewropaAziýa gatnawynyň esasy magistral ýollaryny birleşdirip biler.
Içerki we dünýä bazarlaryna harytlaryň çalt hem-de netijeli öňe ilerledilmegini üpjün etmäge mümkinçilik berýän ýokary guramaçylykly ulag ulgamynyň bolmagy ýurduň bazar ykdysadyýetini ösdürmegiň, onuň önümçilik – tehniki binýadyny hem-de eksport düzümlerini artdyrmagyň esasy şertleriniň biridir. Şu maksatlar bilen döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň häzirki zaman ulag-logistika düzümini kemala getirmäge gönükdirilen birnäçe iri taslamalaryň başyny başlady.
Bu taslamalaryň üstünlikli amala aşyrylmagy, olaryň durmuşa geçirilişiniň depgini täze neşiriň sahypalarynda aýdyň beýan edilýär.Ol täze demir ýollaryň düýbi tutulan, köpri gurluşyklaryň, täze menzilleriň hem-de beketleriň gurluşyk ýerlerinden, hereket edýän magistrallardan, depolardan, dürli tehniki, hojalyk hem-de durmuş maksatly desgalardan we beýleki ýerlerden fotosuratlaryň iki ýüz töweregini özünde jemleýär. Şöhratly işleriň hem-de amala aşyrylan özgertmeleriň bu ýylýazgysynda demirýol pudagyny ösdürmek boýunça geçilen uly ýoluň esasy tapgyrlary hem-de onuň geljegi, iň ajaýyp ýatda galan wakalar beýan edilýär.
Şunda fotosuratlaryň mazmuny örän köp dürli we köptaraply ýerleşdirilipdir. Munuň özi bu pudakda özgertmeleriň depgini, onuň kärhanalarynyň hem-de düzümleriniň işleriniň dürli ugurlary barada doly düşünje almaga mümkinçilik berýär.
Fotoalbom üçin baý maglumatlar tutuş ýurdumyz boýunça toplandy. Şu maksat bilen hemme künjeklere baryldy. Şunuň bilen baglylykda suratlary düşüreni agzamak ýerliklidir ol ýaş fotohabarçy, Türkmen döwlet medeniýet institutynyň talyby Süleýman Çaryýew. Neşir taslamasynyň bezegi Maksim Papanowa degişlidir. Onuň ýerine ýetiren bezeg hem-de düzmek işleriniň netijesinde pikir kitap görnüşinde tanyşdyryş häsiýetine eýe boldy.
Türkmenistanyň Demir ýol ulaglary ministrligi taslamanyň başyny başlaýjy bolup çykyş edip, dörediji toparyna ýazuw işleri üçin zerur bolan hemme maglumatlary berip, şeýle hem fotokamera bilen uly pudaklaýyn hojalygyň ähli ýerlerinde bolmaga mümkinçilik döretdi.
öňki habar
soňky habar