8.9 C
Aşkabat
22.11.2024
GÜNÜŇ WAKALARY

Ministrler Kabinetiniň Mejlisi

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda käbir resminamalaryň taslamalaryna, şeýle hem ýurdumyzyň durmuşyna degişli möhüm meseleleriň birnäçesine garaldy. 

Milli Liderimiz mejlisiň gün tertibini yglan edip, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Hojamämmedowa söz berdi. Wise-premýer gözegçilik edýän düzümleriniň işleri barada hasabat berip, ilatyň iş bilen üpjünçilik meselesini çözmäge gönükdirilen işler hakynda habar berdi. 

Mälim bolşy ýaly, geçen ýylyň maýynda döwlet Baştutanymyzyň Karary bilen, “Türkmenistanda iş üpjünçilik ulgamyny kämilleşdirmegiň hem-de täze iş orunlaryny döretmegiň 2015-2020-nji ýyllar üçin maksatnamasy” hem-de ony amala aşyrmak boýunça çäreleriň meýilnamasy tassyklanyldy. Bu maksatnama anyk çäreleriň toplumyny, şol sanda degişli ugurda kanunçylyk binýadyny döwrebaplaşdyrmak işini öz içine alýar. Häzir ýurdumyzyň sebitlerinde zähmet we ilatyň iş bilen üpjünçiligi edaralary hereket edýär. Iş gözleýänleri hasaba almak, iş berijileriň işçi güýjüne bolan isleglerini öwrenmek, iş gözleýänleriň işe ýerleşmegine ýardam bermek we zähmet bazaryndaky meseleleri kadalaşdyrmak bu edaralaryň esasy wezipeleri bolup durýar. 

Hereket edýän milli kanunçylygyň esasynda “Türkmenistanda iş gözleýän adamlary hasaba almagyň we olary işe ýerleşdirmek boýunça hyzmatlary ýerine ýetirmegiň tertibiniň” taslamasy işlenip taýýarlanyldy. Degişli ugurda öňde goýlan wezipeleri çözmek maksady bilen ykdysadyýetiň dürli pudaklarynyň isleglerine laýyklykda, ýurdumyzda zähmet gorlaryny netijeli dolandyrmak, zähmete ukyply ilaty iş bilen üpjün etmek boýunça işler geçirilýär. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, täze taryhy döwürde Türkmenistanda ykdysady ösüşiň durnukly depginlerini gazanmaga hem-de halkyň durmuş derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilen giň gerimli maksatnamalaryň we taslamalaryň, şol sanda halkara ähmiýetli taslamalaryň üstünlikli amala aşyrylýandygyny nygtady. Senagat düzümini düýpli döwrebaplaşdyrmak, innowasion önümçilikleri döretmek döwlet ösüşiniň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda kesgitlenildi. Bu babatda zähmet bazarynyň iş netijeliligini ýokarlandyrmak, häzirki zaman talaplaryna laýyk gelýän ykdysady toplumy hem-de durmuş ulgamyny zerur işgärler bilen üpjün etmek aýratyn möhüm häsiýete eýe bolýar. 

Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz ýurdumyzda iş üpjünçilik ulgamyny, raýatlary işe ýerleşdirmek boýunça ilata degişli hyzmatlary etmegiň tertibini has-da kämilleşdirmek hem-de bu babatda wezipeleri üstünlikli çözmäge ünsi çekdi. Şunda hormatly Prezidentimiz adamlaryň abadançylygy baradaky aladanyň Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň esasy ugry bolmagynda galýandygyny aýratyn nygtady. 

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Nebitgaz serişdelerini dolandyrmak we peýdalanmak baradaky döwlet agentliginiň derektory Ý.Kakaýew döwlet Baştutanymyzyň nebitgaz toplumynyň işini we dolandyryş düzümini kämilleşdirmek bilen bagly beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi. 

Türkmenistanyň Adalat ministrligi bilen “Türkmenistanyň Nebitgaz ministrligi hakynda” Düzgünnamanyň taslamasy işlenip taýýarlanyldy. 

Şeýle hem wise-premýer iri maýa goýum taslamalarynyň birnäçesini ilerletmek boýunça işler hakynda hasabat berdi. Olaryň amala aşyrylmagy ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň eksport kuwwatyny artdyrmaga ýardam eder. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, nebitgaz senagatynyň düzümine girýän edara-kärhanalaryň işini has-da kämilleşdirmegiň möhümdigini belledi. Ýurdumyzy toplumlaýyn senagatlaşdyrmak, milli ykdysadyýetimizi diwersifikasiýalaşdyrmak, dünýä bazarlarynda isleg bildirilýän önümleri artdyrmak boýunça kabul edilen maksatnamalary amala aşyrmakda bu senagata ähmiýetli orun berilýär. 

Döwlet Baştutanymyz “Türkmenistanyň Nebitgaz ministrligi hakynda Düzgünnamany tassyklamak barada” Karara gol çekip, wise-premýere ýangyç- energetika toplumynyň dolandyryş ulgamyna öňdebaryjy dünýä tejribesini, häzirkizaman halkara ölçeglerini yzygiderli ornaşdyrmak babatda birnäçe anyk görkezmeleri berdi. 

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary E.Orazgeldiýew ýurdumyzda oba hojalyk işleriniň alnyp barlyşy barada hasabat berdi. Wise-premýer häzirki wagtda ýerleriň, tohumlaryň we tehnikanyň gök we bakja ekinleriniň ýaz ekişine taýýarlanylýandygyny habar berdi. 

Şunuň bilen birlikde, güýzlük bugdaýa ideg etmek boýunça zerur agrotehniki çäreler geçirilýär, şol sanda ösüş suwy tutulýar, mineral dökünler bilen iýmitlendirilýär. 

Wise-premýer hormatly Prezidentimiziň oba hojalyk toplumyny dolandyrmagyň düzümini kämilleşdirmek babatda beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berip, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna «Türkmenistanyň Oba we suw hojalyk ministrligi hakyndaky Düzgünnamany tassyklamak baradaky» hem-de «Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak we ýer serişdeleri baradaky döwlet komiteti hakyndaky Düzgünnamany tassyklamak baradaky» kararlaryň taslamalaryny hödürledi. 

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, bugdaýyň we gowaçanyň hasyllylygyny ýokarlandyrmaga, ekerançylyk ýerleriniň melioratiw ýagdaýyny gowulandyrmaga ünsi güýçlendirmek barada degişli görkezmeleri berdi. 

Munuň özi “ak altynyň” bol hasylyny almagyň möhüm şerti bolup durýar. Ýurdumyzyň obasenagat toplumynyň ekerançylyk pudagyna öňdebaryjy tehnologiýalary we usullary ornaşdyrmak babatda hem anyk tabşyryklar berildi. 

Şeýle-de döwlet Baştutanymyz bazarlarymyzy gök-bakja önümleri bilen ýeterlik mukdarda üpjün etmek, gaýtadan işlemek hem-de eksporta ibermek meselesini içgin seljermegiň zerurdygyna ünsi çekip, bu barada wise-premýere anyk görkezmeleri berdi. 

Hormatly Prezidentimiz «Türkmenistanyň Oba we suw hojalyk ministrligi hakyndaky Düzgünnamany tassyklamak baradaky» hem-de «Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak we ýer serişdeleri baradaky döwlet komiteti hakyndaky Düzgünnamany tassyklamak baradaky» Kararlara gol çekip, wise-premýere obasenagat toplumyny dolandyrmagyň netijeliligini has-da ýokarlandyrmak hem-de döwlet tebigaty goraýyş syýasatyny üstünlikli durmuşa geçirmek babatda anyk tabşyryklary berdi. 

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Ereşow gözegçilik edýän düzümlerinde işleriň ýagdaýy, milli ykdysadyýetimiziň senagat pudagyny diwersifikasiýalaşdyrmak hem-de döwrebaplaşdyrmak boýunça görülýän çäreler, döwlet Baştutanymyzyň daşary ýurtlardan getirilýän önümleriň ornuny tutýan önümçiligi ösdürmek boýunça ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi. 

Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynda Türkmenistanyň Senagat ministrligi bilen “Çaly” hususy kärhanasynyň arasynda baglaşylan şertnama laýyklykda, täze senagat toplumynyň ulanylmaga berilmegi netijesinde, ýurdumyzda içerki bazary hususy önümçiligiň çykarýan gidroizolýasiýa serişdeleri bilen doly üpjün etmek wezipesi çözülýär. 

Ýerli çig maly peýdalanmaga esaslanan iň döwrebap enjamlar bilen döwrebaplaşdyrylan önümçilik ýylda 10 million inedördül metr ýokary hilli önümçilik kuwwaty bolan izogam we folgaizol çykarmaga niýetlenendir. Pudagyň kärhanalarynda häzirki wagtda jemi ýylda 13 million inedördül metr gidroizolýasiýa serişdeleri öndürilýär hem-de onuň önümçiliginiň möçberlerini artdyrmak üçin hemme mümkinçilikler bar, çünki esasy çig mal hökmünde ýurdumyzyň nebit bitumy ulanylýar. Ol bolsa nebiti gaýtadan işleýän zawodynda ýeterlik möçberde öndürilýär. 

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, milli ykdysadyýetimiziň senagat pudagyny ösdürmek, şol sanda Türkmenistanyň çig mal serişdeleriniň mümkinçiligini durmuşa geçirmäge gönükdirilen täze kärhanalary döretmek boýunça geçirilýän işleriň depginini çaltlandyrmagyň hem-de bellenilen möhletinde tamamlamagyň zerurdygyny nygtady. Milli Liderimiz daşary ýurtlardan getirilýän we daşary ýurtlara iberilýän bäsdeşlige ukyply önümleri öndürmek, içerki bazary ýurdumyzda çykarylýan ýokary hilli harytlar, şol sanda gurluşyk serişdeleri bilen üpjün etmek boýunça kabul edilen döwlet maksatnamalaryny durmuşa geçirmekde hususy telekeçilige möhüm orun berilýändigini nygtap, pudaklaryň arasyndaky sazlaşykly işiň, kärhanalary dolandyrmaga hem-de olaryň düşewüntliligini ýokarlandyrmaga, innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmaga, bazary öwrenmegiň häzirki zaman usullaryny peýdalanmaga degişli guramaçylyk ugurlaryny üpjün etmegiň wajypdygyny belledi. 

Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzda öndürilýän sementiň möçberini artdyrmagyň zerurdygyna ünsi çekip, wise-premýerler B.Ereşowa hem-de P.Taganowa ýylda 100 müň tonna sement öndürýän kiçi zawodlary gurmagy telekeçilere tabşyrmak barada görkezme berdi. Bu kärhanalary gysga wagtyň içinde gurmak üçin, eger zerur bolsa, telekeçilere karz serişdelerini almaga ýardam etmelidigini aýtdy. 

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary S.Satlykow gözegçilik eýdän düzümlerinde işleriň ýagdaýy hem-de döwlet Baştutanymyzyň ulag we aragatnaşyk pudaklarynyň edara-kärhanalaryny paýdarlar jemgyýetlerine öwürmek boýunça ozal beren tabşyryklaryny ýerine ýetirmek babatda alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. 

Wise-premýeriň habar berşi ýaly, Türkmenistanyň Prezidentiniň Kararlaryna laýyklykda, ýapyk paýdarlar jemgyýetleriniň birnäçesi, şol sanda “Demirýolçy”, “Türkmen hemrasy”, “Deňiz söwda floty” jemgyýetleri döredildi. 

“Türkmenistan” awiakompaniýasy” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň zerur resminamalary degişli gulluklar bilen bilelikde doly taýýar edildi. 

Milli Liderimiz hasabaty diňläp, ulag-aragatnaşyk dolandyryş ulgamyna döwrebap usullary we tehnologiýalary giňden ornaşdyrmak meselelerine ünsi çekdi. Munuň özi döwrüň talabydyr we döwlet düzümleriniň öňünde goýlan wezipeleri nazara almak bilen, olaryň işini has-da kämilleşdirmegiň aýrylmaz şerti bolup durýar. 

Hormatly Prezidentimiz döwrebap ulag düzüminiň hem-de ýokary tehnologiýaly ulgamlaryň ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we üstünlikli halkara hyzmatdaşlygynyň aýrylmaz şertidigini belläp, bu pudaklary has-da döwrebaplaşdyrmagyň hem-de täze tehnikalary we enjamlary giňden ornaşdyrmagyň möhümdigine ünsi çekdi hem-de bu babatda wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary berdi. 

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň we Ministrler Kabinetiniň iş dolandyryjysy P.Taganow şu ýylyň 9–11-nji fewralynda Aşgabat şäherinde Türkiýe Respublikasynyň eksport harytlarynyň sergisini hem-de onuň çäklerinde türkmen-türk işewürler maslahatyny geçirmäge görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi. 

Şunuň bilen baglylykda, her ýyl geçirilýän sergä gatnaşmak üçin Türkiýe Respublikasyndan uly wekiliýet türkmen paýtagtyna geler. 

Dostlukly ýurduň wekiliýetiniň düzümine dürli ugurlarda – maşyn gurluşyk, himiýa senagaty, senagat, oba we suw hojalyk pudaklary üçin enjamlary öndürýän hem-de söwda, bilim, gurluşyk ugurlarynda we beýleki ulgamlarda işleýän 100-den gowrak türk kompaniýasynyň wekilleri girýär. 

Türkiýeli işewürlere diňe bir önümçilik kuwwatyny, iň täze tehnologiýalaryny hem-de öz kompaniýalarynyň mümkinçiliklerini görkezmäge däl, eýsem, türkmen hyzmatdaşlary – dürli ministrlikleriň we pudak edaralarynyň wekilleri, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça anyk teklipleri ara alyp maslahatlaşmaga mümkinçilik dörediler. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ikitaraplaýyn söwda-ykdysady gatnaşyklary has-da giňeltmek, iki ýurduň arasyndaky haryt dolanyşygynyň möçberlerini artdyrmak, gyzyklanma bildirýän türk kompaniýalarynyň ählisi we maýadarlar bilen gatnaşyklary pugtalandyrmak maksady bilen şeýle sergileriň we işewür duşuşyklaryň geçirilmeginiň ähmiýetini nygtady. 

Milli Liderimiz Türkmenistanyň hem-de Türkiýäniň halklaryny taryhyň dowamynda kemala gelen ruhy däpleriň umumylygynyň, hakyky doganlyk we dostluk gatnaşyklarynyň baglanyşdyrýandygyny, iki ýurduň ýola goýlan netijeli döwletara gatnaşyklaryny hemmetaraplaýyn ösdürmäge, uzakmöhletleýin hem-de özara bähbitlilik esasynda guralýan köpugurly hyzmatdaşlygy berkitmäge çalyşýandygyny belläp, bu çäreleri ýokary derejede geçirmek babatda wise-premýere anyk görkezmeleri berdi. 

Soňra döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň işine nägilelik bildirip, onuň işinde bar bolan kemçilikleri çalt aradan aýyrmagy tabşyrdy. 

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Ýazmuhammedowa Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli geçiriljek baýramçylyk çärelerine görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi. 

Şanly sene mynasybetli Aşgabatda hem-de ýurdumyzyň welaýatlarynda döwlet nyşany bolan milli Tugumyza bagyşlanan dürli baýramçylyk dabaralarynyň, konsertleriň, sergileriň, maslahatlaryň, medeni çäreleriň geçirilmegi göz öňünde tutulýar. 

Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde döwlet Baştutanymyzyň ählihalk tarapyndan Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine saýlanan senesi mynasybetli “Öňe, öňe, diňe öňe, jan Watanym Türkmenistan!” atly konsert geçiriler. 

Balkanabat şäherinde Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň sütüniniň açylyş dabarasynda welaýatyň sungat ussatlarynyň, döredijilik toparlarynyň çykyşlaryna taýýarlyk görülýär. 

Paýtagtymyzdaky “Abadançylyk” binasynda Türkmenistanyň Diplomatik işgärleriniň güni mynasybetli baýramçylyk dabarasy guralar. 

Baýramçylyk gününde däp boýunça Türkmenistanyň Baş baýdagyna gül goýmak dabarasyndan başlanýar, Maslahat köşgünde meşhur aýdymçylaryň, bagşylaryň, görnükli sazandalaryň, ýurdumyzyň folklor we tans toparlarynyň gatnaşmagynda döwlet konserti bolar. Uly konsert Türkmenistanyň Baş baýdagynyň öňündäki meýdançada hem geçiriler, dabaralar baýramçylyk feýerwerki bilen tamamlanar. Şol gün baýramçylyk çäreleri ýurdumyzyň ähli welaýatlarynyň merkezi meýdançalarynda hem guralar. 

Hormatly Prezidentimiz medeniýet ulgamynyň, ilkinji nobatda, ýaşlary ahlak hem-de watançylyk ruhunda terbiýelemekde örän wajyp orun tutýandygyny nygtap, ählihalk baýramçylygyna—Garaşsyzlygy, özbaşdaklygy, milli jebisligi alamatlandyrýan Döwlet baýdagynyň gününe bagyşlanan çäreleri ýokary guramaçylyk we döredijilik derejesinde geçirmegiň aýratyn ähmiýetini belledi hem-de bu babatda wise-premýere degişli görkezmeleri berdi. 

Soňra döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň çäklerinde taryhy we medeni ýadygärlikleriň örän köpdügini, olaryň köpüsiniň gadymy döwürlerden bäri saklanyp galandygyny, bu ýadygärliklere dünýä jemgyýetçiliginiň, dürli döwletleriň uniwersitetleriniň alymlarynyň uly gyzyklanma bildirýändigine ünsi çekdi. Milli Liderimiz bu barada özüniň öň hem aýdandygyny belläp, gynansak-da, öz taryhymyzy öwrenmegi talaba laýyk ýola goýup bilmeýändigimizi, taryhy we medeni ýadygärliklerimizi göwnejaý ýagdaýda saklamaga hem ýeterlik üns berilmeýändigini nygtady. Ýurdumyzyň çäginde ýerleşýän taryhy ýadygärliklere syýahatçylaryň gezelençlerini guramaga hem az üns berilýär. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow wise-premýerler M.Ýazmuhammedowa hem-de S.Toýlyýewe ýüzlenip, türkmen halkynyň taryhyny düýpli öwrenmek üçin Ylymlar akademiýasynda ýörite topar döretmegiň zerurdygyny tabşyrdy. Şeýle hem, döwlet Baştutanymyz taryhy ýadygärliklerimizi abadanlaşdyrmak we abat saklamak üçin ýörite gazna döredilse, peýdaly bolar diýip belledi. 

Paýtagtymyzda geçiriljek V Aziýa oýunlary mynasybetli 2017-nji ýylda ýurdumyza köp sanly myhmanlar geler diýip, milli Liderimiz sözüni dowam etdi. Dünýäniň dürli döwletlerinden gelen myhmanlaryň ýurdumyzdaky ýadygärlikler bilen tanyşmaklary üçin hem zerur şertleri döretmeli. Şoňa görä-de, taryhy we medeni ýadygärliklerde abadanlaşdyryş işlerini geçirmeli. Bu işleri ozalky Parfiýa döwletiniň paýtagty Nusaýdan başlasak, maksadalaýyk bolar diýip pikir edýärin. Ýurdumyza gelýän syýahatçylaryň Änewde ýerleşýän ýadygärliklere hem baryp görmekleri üçin şertler döredilse gowy bolar diýip, döwlet Baştutanymyz belledi. 

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Toýlyýew gözegçilik edýän ulgamlarynda geçirilýän işler, “Türkmen diliniň düşündirişli sözlügini” hem-de “Türkmen diliniň orfografik sözlügini” taýýarlamak boýunça geçirilen işler barada hasabat berdi. 

Dilçileriň iş topary tarapyndan 50 müň töweregi sözi, täze adalgalary hem-de söz düzümlerini özünde jemleýän “Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi” hem-de dürli sözleriň 110 müň töweregini özünde jemleýän “Türkmen diliniň orfografik sözlügi” işlenip taýýarlanyldy. 

Döwlet Baştutanymyz mejlise gatnaşyjylara ýüzlenip, häzirki döwürde islendik diliň sözlük goruny öwrenmegiň, sözlükleri düzmegiň ähmiýeti örän uludyr diýip belledi. Şunda ähli sözlükleri düzmekde esasy wezipe bu ugurda dünýä tejribesini netijeli ulanmak we milli diliň söz baýlyklaryny öwrenmek bolup durýar. Şoňa görä-de, sözlükler düzülende milli dilimiziň aýratynlyklaryny öwrenmäge, sözlük goruny baýlaşdyrmaga, toplamaga we aýawly saklamaga aýratyn üns bermeli diýip, milli Liderimiz belledi. Dilimiziň baýlyklaryny hemişe aýawly saklap, nesilden-nesle geçirmek hem esasy wezipeleriň biridir. Häzirki döwürde jemgyýetiň ruhy durmuşynda sözlükleriň möhüm orny barha aýdyň duýulýar. Halkyň medeni mirasyna baha bermekde hem sözlükleriň örän uly ähmiýeti bar. Sebäbi, sözlükler adamlaryň durmuşy, başdan geçiren kynçylyklary hem-de şatlykly wakalary barada taryhy çeşmeler esasynda anyk gürrüň berýän maglumatlar toplumydyr diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy. 

Islendik sözlükde ýerleşdirilen her bir söz milli dili döreden halkyň ýaşaýyş-durmuşy we asyrlaryň dowamynda alyp baran işleri bilen berk baglanyşyklydyr diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi. Sözlükler halkyň milli medeniýetiniň aýrylmaz bir bölegi bolup durýar. Her bir adamyň durmuşynda hem sözlükleriň örän uly ähmiýeti bar. Sözlükleri özleşdirmek, olary yzygiderli ulanmak sözleýiş medeniýetini ýokarlandyrýar diýip, milli Liderimiz belledi. Sözlükler her bir adamyň öň bilýän, ulanýan we düşünýän sözleriniň we durnukly söz düzümleriniň sanyny artdyrmaga ýardam edýär. Diliň kadalary bilen tanyşmaga şert döredýär. Sözlükleriň ulanylmagy sözleri, grammatik kadalary talaba laýyk peýdalanmagy we sözleri dogry aýtmagy öwredýär. Sözlükler dil baradaky bilimleri hem artdyrýar. Sözleriň manysyna has düýpli düşünmäge mümkinçilik berýär. Dogry pikirlenmek endiklerini ösdürmäge ýardam edýär. 

Häzirki taýýarlanan «Türkmen diliniň düşündirişli sözlüginiň» we «Türkmen diliniň orfografik sözlüginiň» örän uly ähmiýetiniň bardygyny bellemek bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu sözlükler Garaşsyzlyk ýyllarynyň dowamynda taýýarlanan ilkinji sözlükler bolup durýar diýip nygtady. Bu sözlükleri taýýarlamaga gatnaşan alymlaryň we ylmy işgärleriň ählisine tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirmek bilen, milli Liderimiz Ylymlar akademiýasynda bu sözlükleriň tanyşdyrylyş dabarasyny geçirmegi, sözlükleri her bir edarada işleýän adamlar, ýokary we orta okuw mekdepleriniň mugallymlary, talyplar we okuwçylar ulanyp biler ýaly ýeterlik möçberde neşir etmegi tabşyrdy. 

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Durdylyýew gözegçilik edýän ulgamlaryndaky işleriň ýagdaýy, hususan-da, Aşgabat şäherini abadanlaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer paýtagtymyzda öňden bar bolan ýollary düýpli abatlamak hem-de täze ýollary gurmak, ýaşaýyş jaýlaryny we olara ýanaşyk ýerleri abadanlaşdymak, elektrik geçiriji ulgamlary döwrebaplaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada aýtdy. 

Şeýle hem döwlet Baştutanymyzyň garamagyna Türkmenistanyň Hökümetiniň we Eýran Yslam Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda Mary– Maşat elektrik geçirijisini gurmak boýunça hyzmatdaşlyk etmek barada özara düşünişmek hakynda gol çekilen Ähtnamanyň çäklerinde taýýarlanan täze elektrik geçirijisini we transformator bekedini gurmak boýunça teklipler hödürlenildi. 

Wise-premýer slaýdlary görkezmek arkaly türkmen elektrik energiýasynyň goňşy Eýrana iberilýän möçberlerini artdyrmak maksady bilen amala aşyrylýan bu taslamanyň çäklerinde elektrik geçirijileriň 2-siniň – Mary DES-inden Sarahs şäherine çenli 500 kW kuwwatlykdaky 150 kilometrlik elektrik geçirijisini, soňra bolsa Sarahsdan Eýranyň serhedine çenli 400 kW kuwwatlykdaky 15 kilometrlik elektrik geçirijisini gurmagyň meýilleşdirilýändigini aýtdy. 

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, paýtagtymyzy mundan beýläk-de okgunly ösdürmek maksady bilen, bu ýerde geçirilýän abadanlaşdyryş işleriniň ähmiýetini belledi. Döwlet Baştutanymyz Aşgabadyň ähli babatda nusgalyk şäher bolmalydygyny aýdyp, abadanlaşdyryş we gurluşyk işleriniň bellenen möhletlerde hem-de ýokary hilli ýerine ýetirilmelidigini nygtady. 

Şeýle hem milli Liderimiz öňden bar bolan elektrik stansiýalaryny döwrebaplaşdyrmak we täzelerini gurmak, ýokary woltly elektrik geçirijileri çekmek boýunça ýurdumyzda amala aşyrylýan taslamalaryň wajypdygyny belledi. Munuň özi ýurdumyzyň elektroenergetika pudagynyň okgunly ösmegine hem-de önümçilik we eksport kuwwatynyň artmagyna ýardam edýär. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýollaryň gurluşygyna täze tehnologiýalary ornaşdyrmagyň hem möhümdigini belledi. Nygtalyşy ýaly, häzirki wagtda nebitgaz pudagy ýol gurluşygyny zerur bolan ýokary hilli bitum bilen üpjün edip bilmeýär. Şoňa görä-de, biz ýokary hilli bitumy walýuta töläp, daşary ýurtlardan getirmeli bolýarys. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýerler Ş.Durdylyýewe we S.Toýlyýewe bu meseläniň üstünde işlemek, bu işe Ylymlar akademiýasyny hem çekmek, öňdebaryjy daşary ýurt tejribelerini öwrenmek tabşyryldy. Döwlet Baştutanymyz ýol gurluşygyny zerur bolan çig mal bilen üpjün etmek meselesiniň gysga wagtyň içinde çözülmelidigini nygtap, geçirilen işler barada Ministrler Kabinetiniň indiki mejlisinde hasabat bermegi tabşyrdy. 

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň daşary işler ministri R.Meredow ýurdumyzyň Daşary işler ministrliginiň amala aşyrýan işleri, hususan-da, Türkmenistanyň halkara guramalary bilen hyzmatdaşlygyny ösdürmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Munuň özi ýurdumyzyň daşary syýasat strategiýasynyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar. 

Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň halkara guramalarynyň 44-siniň agzasy bolup durýandygy, olaryň 15-siniň Aşgabatda wekilhanalarynyň bardygy bellenildi. Mälim bolşy ýaly, ýurdumyzyň Birleşen Milletler Guramasy we onuň BMGÖM, UNISEF, UNESKO, BSGG, BMG ÝYK, EKOSOS ýaly iri ýöriteleşdirilen edaralary hem-de düzümleri we beýleki guramalar bilen gatnaşyklary strategiki häsiýete eýedir. 

Netijeli häsiýete eýe bolan bu hyzmatdaşlyk soňky ýyllarda hil taýdan täze derejä çykaryldy. 2007-nji ýyldan başlap, Bitarap Türkmenistanyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň mejlisleriniň wise-başlyklygyna ençeme gezek saýlanylmagy hem munuň aýdyň subutnamasydyr. Ýurdumyz BMG-niň geňeşleriniň we iş toparlarynyň 13-siniň başlygy, başlygynyň orunbasary ýa-da agzasy bolup durýar. 

Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 20 ýyllyk baýramyna bagyşlanyp, geçen ýylyň 12-nji dekabrynda Aşgabatda geçirilen halkara maslahatyna halkara guramalarynyň 27-siniň wekiliýetiniň gatnaşmagy hem ýurdumyzyň halkara giňişliginde abraýynyň barha artýandygyna şaýatlyk edýär. 

Şunuň bilen baglylykda, şu ýyl hem halkara guramalarynyň wekilleriniň gatnaşmagynda köpsanly çäreleriň meýilleşdirilýändigi bellenildi. Şol çäreler möhüm ugurlaryň ençemesi boýunça netijeli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak meselelerine bagyşlanar. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzyň geljekde hem halkara düzümleri bilen ýola goýlan netijeli gatnaşyklary hemmetaraplaýyn ösdürmegi göz öňünde tutýandygyny tassyklady. Şol guramalar bilen özara gatnaşyklaryň köp ýyllyk baý tejribesi toplanyldy, dürli ulgamlarda bilelikdäki maksatnamalar hem-de taslamalar üstünlikli durmuşa geçirildi we amala aşyrylýar. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz halkara guramalary bilen köpugurly hyzmatdaşlygyň Bitarap Türkmenistanyň milli bähbitlerine, sebit we dünýä möçberinde abadançylygyň hem-de rowaçlygyň maksatlaryna laýyk gelýändigini belledi. 

Döwlet Baştutanymyz häzirki döwürde bu däp bolan gatnaşyklaryň has netijeli we okgunly häsiýete eýe bolandygyny kanagatlanma bilen belläp, ýurdumyzyň häzirki döwrüň wajyp meselelerini çözmek boýunça dünýä bileleşiginiň tagallalaryna işjeň gatnaşmaga meýillidigini nygtady. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu baradaky gürrüňi dowam edip, Türkmenistan tarapyndan öňe sürlen we tutuş dünýäde abadançylygyň bähbidine netijeli hyzmatdaşlygy höweslendirmäge hem-de ösdürmäge gönükdirilen oňyn başlangyçlary ilerletmek we durmuşa geçirmek boýunça möhüm çäreleriň görülmeginiň ähmiýetini belledi. 

Milli Liderimiz halkara guramalary bilen netijeli gatnaşyklary has-da çuňlaşdyrmak hem-de giňeltmek üçin uly kuwwatyň bardygyna ünsi çekip, wise-premýere, daşary işler ministrine degişli tabşyryklary, şol sanda öňümizdäki çärelere ýokary guramaçylyk derejesinde taýýarlyk görmek we geçirmek babatda anyk görkezmeleri berdi. 

Döwlet Baştutanymyz daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen gatnaşyklar baradaky gürrüňi dowam edip, Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň arasyndaky gatnaşyklar barada durup geçdi. Şol gatnaşyklar öňden gelýän dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk däplerine, deňhukuklylyk, uzakmöhletleýin we özara bähbitlilik ýörelgelerine esaslanýar. Mälim bolşy ýaly, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Aşgabada gelen Russiýa Federasiýasynyň daşary işler ministri Sergeý Lawrow bilen 28-nji ýanwarda geçiren duşuşygynyň barşynda türkmen-rus gatnaşyklarynyň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. 

Milli Liderimiz Russiýanyň ýurdumyzyň strategiki hyzmatdaşlarynyň biri bolup durýandygyny, onuň bilen hyzmatdaşlygyň netijeli häsiýete eýedigini belledi. Biziň döwletlerimiziň arasyndaky gatnaşyklar söwda-ykdysady hem-de ynsanperwer–medeni ulgamlarda ägirt uly kuwwata we mümkinçiliklere eýedir. Soňky ýyllarda türkmen-rus gatnaşyklary sebit derejesinde hem has işjeň ösdürilýär. Türkmenistan Russiýa Federasiýasynyň iri senagat we medeni merkezleri, aýry-aýry sebitleri, şol sanda Tatarystan Respublikasy, Sankt-Peterburg şäheri, Astrahan we Swerdlowsk oblastlary bilen ysnyşykly gatnaşyklary ýola goýdy. 

Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň we Russiýa Federasiýasynyň ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn görnüşde, BMG-niň we beýleki abraýly halkara guramalarynyň hem-de düzümleriniň çäklerinde däp bolan hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmaga gyzyklanma bildirýändiklerini nygtap, wise-premýere, daşary işler ministrine türkmen-rus gatnaşyklaryny ösdürmäge degişli anyk tabşyryklary berdi. 

Türkmenistanyň Mejlisiniň Başylygy A.Nurberdiýewa ýurdumyzyň kanunçylyk-hukuk binýadyny kämilleşdirmek boýunça milli parlamentiň alyp barýan işi barada çykyş edip, “Türkmenistanyň käbir kanunçylyk namalaryna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň taslamasynyň taýýarlanýandygy barada habar berdi. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow habary diňläp, kanunçylyk işiniň döwrüň talabyna hem-de halkara ölçeglerine kybap gelýän täze kadalaşdyryjy-hukuk namalarynyň işlenip taýýarlanylmagynyň zerurdygyny nygtady. 

Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow wise-premýerlere ýüzlenip, 2016-njy ýylda ýurdumyz boýunça ençeme iri hem-de möhüm desgalaryň ulanylmaga berilmeginiň göz öňünde tutulýandygyny nygtady. Milli Liderimiz desgalaryň ýokary hilli gurulmagyna hem-de olary ulanmaga bermegiň möhletlerine aýratyn üns bermegi talap edip, bir hepdäniň dowamynda gözegçilik edýän düzümlerinde alnyp barylýan gurluşyklaryň barşyny hem-de ýagdaýyny seljermek boýunça iş maslahatyny geçirmegi tabşyrdy hem-de bu ulgamda ähli işleri berk gözegçilikde saklamalydygyny nygtady. 

Soňra döwlet Baştutanymyz ençeme ýyllaryň dowamynda türkmen halkynyň ruhy medeniýetiniň dürli çeşmelerinden maglumatlary toplandygyny we häzir bu bahasyna ýetip bolmajak maglumatlaryň “Paýhas çeşmesi” ady bilen neşir edilendigini habar berdi. Milli Liderimiz neşirde jemlenen pähimleriň öz ähmiýetini häzirki güne çenli saklap galandygyny hem-de türkmen halkynyň däp-dessurlaryna we medeniýetine sarpa goýýanlaryň ählisi üçin gymmatly gollanma boljakdygyny nygtap, mejlise gatnaşyjylara bu ýygyndynyň nusgalaryny gowşurdy. Häzirki wagtda halkymyzyň gadymdan gelýän däplerini we medeniýetini dikeltmek döwlet ähmiýetli wezipe bolup durýar. 

Ministrler Kabinetiniň mejlisinde döwlet durmuşynyň beýleki käbir möhüm meselelerine hem garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi. 

Hormatly Prezidentimiz mejlisi tamamlap, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegi, mähriban halkymyzyň abadan we bagtyýar durmuşda ýaşamagy ugrunda alyp barýan işlerinde üstünlikler arzuw etdi.

Degişli makalalar

AŞGABAT MAGLUMATY – SEBITDE PARAHATÇYLYGY WE DURNUKLYLYGY PUGTALANDYRMAGA TARAP TÄZE ÄDIM

syrach

Gülçilik we Bagçylyk Sergisi

syrach

Prezidentimiz milli emeli hemranyň Dolandyryş merkezine baryp gördi.

syrach