15.9 C
Aşkabat
22.11.2024
DURMUŞ

Milli Mirasyň Sarpasy Belent Tutulýar

Häzirki döwürde ýurdumyzyň dürli künjekleinde hereket edýän muzeýlere gelýän adamlaryň sany barha artýar. Şu gün Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, ministrlikleriň we pudaklaýyn düzümleriň, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary, wekilleri Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde boldular. Munuň özi Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek ýylynda ýurdumyzda umumadamzat gymmatlygynyň aýrylmaz bölegine öwrülen taryhy-medeni we tebigy ýadygärlikleriň, olar barada giňden düşünje berýän muzeý gymmatlyklarynyň aýratyn ähmiýete eýe bolýandygynyň nobatdaky subutnamasyna öwrüldi.

Bu ýerde türkmen halkynyň baý medeni mirasyny öwrenmek, ony halka ýetirmek, şeýle hem muzeý gymmatlyklaryny ylmy esasda öwrenmek üçin zerur mümkinçilikler üpjün edilipdir. Türkmenistanyň özboluşly baý taryhy-medeni ýadygärlikleri, maddy medeniýeti, tebigy aýratynlyklary, ýurdumyzyň çäklerinde bar bolan gadymy şäherleriň, galalaryň galyndylary dünýäniň taryhçy alymlarynyň ünsüni özüne çekýär.

Türkmen topragynda döredilen kaşaň şäherler, sarsmaz galalar, halkymyzyň dünýä beren medeni gymmatlyklary barada, olaryň ylmy aýratynlyklaryny öwrenmek boýunça iş alyp barýan taryhçy alymlar ýurdumyzyň  muzeýlerinde örän gymmatly maglumatlaryň saklanýandygyny belleýärler. Gadymy döwürlerde döredilen medeniýetleriň döwründen şu günki güne çenli janly şaýat hökmünde saklanyp galan gymmatlyklar ýurdumyzyň muzeýlerinde jemlenýär.

Ýeri gelende aýtsak, soňky ýyllarda gönüden-göni milli Liderimiziň tagallasy bilen ýurdumyzyň welaýatlarynda häzirki döwrüň ruhuna we halkara ülňülerine laýyk gelýän taryhy-ülkäni öwreniş muzeýleri gurlup ulanmaga berildi. Olarda Gadymy Merw, Köneürgenç we Nusaý şäherleri, dünýäde ilkinji ekerançylyk ýerleri bolan Jeýtun, Änew, Garadepe, Namazgadepe, Altyndepe ýaly şäherler, Bezeglidepäniň gaýalaryna çekilen suratlar, Abiwerdde, Sarahsda, Amyderýanyň kenarlarynda, Köpetdagyň jülgesinde, Uzboýuň hanasynyň ugrunda hem-de Sarygamyş kölüniň ýakasynda uzak geçmişiň aýry-aýry binagärlik toplumlary barada giňişleýin maglumatlar berilýär. 

Häzirki döwürde ýurdumyzyň taryhçy alymlaryndan, arheologlaryndan düzülen toparlar halkara hünärmenleri bilen bilelikde Mary welaýatyndaky Goňurdepe, Ajyguýy, Gyzgala, Ahal welaýatynda Ýylgynlydepe, Ulugdepe, Köne we Täze Nusaý galalary, Parzdepe, Guýruklydepe, Topazdepe hem-de Daşlydepe, Balkan welaýatyndaky Maşat-Misserian ýaly dünýä belli ýadygärliklerde gazuw-agtaryş işlerini alyp barýarlar. 

Taryhçy alymlaryň, arheologlaryň alyp barýan gazuw-agtaryş we ylmy işleriniň netijesinde halkymyzyň gadymy medeniýetine, şöhratly pederlerimiziň döreden şäherlerine, galalaryna şaýatlyk edýän dürli derejedäki hem-de görnüşdäki gymmatlyklar ýurdumyzyň döwlet  muzeýleriniň serişdeleriniň üstüni ýetirýär. Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary Türkmenistanyň döwlet muzeýiniň Türkmenistanyň Prezidentiniň, Etnografiýa we ülkäni öwreniş muzeýleriniň gymmatlyklary bilen tanyşdylar. 

Bu ýerde ýurdumyzyň çäklerinde bar bolan taryhy we medeni ýadygärliklere degişli köpsanly maglumatlar bolup, olaryň üsti bilen taryhy döwür barada giňişleýin maglumat almak mümkinçiligi bar. Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, Türkmenistanyň ähli künjeklerinde taryhy we medeni ýadygärlikler örän köp bolup, olaryň köpüsi gadymy döwürlerden bäri saklanyp galypdyr. Bu ýadygärliklere dünýä jemgyýetçiliginiň, dürli döwletleriň ylmy ojaklarynyň alymlarynyň uly gyzyklanma bildirýändigi bellärliklidir.

Şunuň bilen baglylykda, häzirki döwürde milli Liderimiziň başlangyjy bilen öz taryhymyzy öwrenmek, taryhy we medeni ýadygärlikleri göwnejaý saklamak hem-de olara ýeterlik derejede üns bermek boýunça maksatnamalaýyn çäreler durmuşa geçirilýär. Şunlukda türkmen halkynyň taryhyny düýpli öwrenmek ugrunda ýörite işler alnyp barylýar. Döwlet Baştutanymyzyň tagallasy bilen taryhy ýadygärliklerimizi abadanlaşdyrmak we olary abat saklamak boýunça ýörite işler ýola goýuldy.

Munuň özi soňky ýyllarda Türkmenistana daşary ýurtlardan dürli derejedäki wekiliýetleriň, myhmanlaryň, alymlaryň we jahankeşdeleriň köp gelýändigini nazara alanyňda has-da ähmiýetlidir. Şu nukdaý nazardan ýurdumyzyň muzeýlerine ýörite syýahatlary guramak, 
aýratyn-da olara ýaşlaryň köp gelmegini ýola goýmak boýunça ýaýbaňlandyrylan işler özüniň oňyn netijesini berýär. 

Ýurdumyzyň welaýatlarynda gurlup ulanmaga berlen taryhy—ülkäni öwreniş muzeýleriniň paýtagtymyzdaky Hakyda ýadygärlikler toplumyndaky  Hatyra muzeýiniň, Balkan welaýatynyň Magtymguly etrabyndaky Magtymguly Pyragy muzeýiniň işjeň hereket etmegi, olaryň
il içinde iň bir gelim-gidimli künjeklere öwrülmegi hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen, milli taryhymyza ýokary derejede üns berilýändiginiň nobatdaky subutnamasydyr. 

Wise-premýerler muzeý gymmmatlyklary bilen tanyşlygyň barşynda bu ýerde görkezilýän gymmatlylar, olar baradaky maglumatlar, olaryň aýratynlyklary bilen içgin gyzyklandylar. Bu ýerde halkymyzyň taryhyna, şu gününe we Türkmenistanyň ýeten derejeisine, gazanýan üstünliklerine bagyşlanan bölümlerde giňişleýin maglumat almak üçin zerur mümkinçilikler üpjün edilipdir. 

Bellenilişi ýaly, dünýäniň dürli döwletlerinden gelýän myhmanlar, alymlar, taryhçylar muzeýlerde bolup, ýurdumyzyň çäginde bar bolan 
taryhy-medeni ýadygärlikler barada giňişleýin maglumatlar alýarlar. Şu nukdaý nazardan muzeý işini kämilleşdirmek, bu ýerdäki gymmatlyklary giňden wagyz etmek boýunça giň möçberli çäreler alnyp barylýar. Munuň özi Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek ýyly diýlip yglan edien şu ýylda has-da işjeň häsiýete eýe boldy. 

Häzirki döwürde gönüden-göni hormatly Prezidentimiziň başlangyjy we tagallasy esasynda ýurdumyzdaky ýadygärlikler bilen tanyşmak üçin zerur şertler döredilýär. Şu nukdaý nazardan taryhy we medeni ýadygärliklerde abadanlaşdyrylyş işlerine giň gerim berildi. Şeýle işler ozalky Parfiýa döwletiniň paýtagty bolan Köne we Täze Nusaý galalarynda, Parzdepede, Änewde ýerleşýän ýadygärliklerde has-da netijeli alnyp barylýar.  

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň döwlet muzeýiniň gaznasynda örän köpsanly gymmatlyklar bolyp, olar dürli döwürler boýunça toparlara bölünýär. Muzeý gymmatlyklaryny ylmy taýdan öwrenmek, olary resmileşdirmek, ylmy usulyýet we beýleki işleri alyp barmak boýunça maksatnamalaýyn çäreler durmuşa geçirilýär. Muzeý işi häzirki döwrüde muzeýlere gelýän adamlaryň sanynyň köpelendigi nukdaý nazaryndan has-da netijeli häsiýete eýe boldy. Muzeýde işleýän hünärmenler bu ýere gelýänler üçin türkmen, rus, iňlis, nemes, fransuz, türk we arap dillerinde tanyşdyrylyş işlerini alyp barýarlar. 

Ylmy ykrarnama laýyklykda, muzeýler halkyň dünýägaraýşynyň we medeni derejesiniň kämilleşmegine oňyn täsir etmek bilen bir hatarda  halkymyzyň taryhy-medeni mirasyna degişli gymmatlyklary gorap saklamak, olary geljek nesillere ýetirmek ugrunda hem netijeli işleri alyp barýarlar. Ýeri gelende aýtsak, döwlet muzeýine gelýänleriň hatarynda diňe bir ýurdumyzyň raýatlary däl, eýsem daşary ýurtly işewürleriň, syýahatçylaryň sanynyň artandygyny bellemeli. 

Ýurdumyzyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary gyzykly syýahat we muzeý gymmatlyklary bilen netijeli tanyşdyrylyş üçin muzeýiň işgärlerine hoşallyk bildirdiler. 

Şeýle hem günüň ikinji ýarymynda ýurdumyzyň ministrlikleriniň we pudaklaýyn düzümleriň, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary 
hem-de wekilleri Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde boldular. Bu ýerde taryhy we medeni ýadygärlikleri goramak, ylmy esasda öwrenmek hem-de olary giňden wagyz etmek boýunça ýörite işler alnyp barylýar. 

Häzirki döwürde milli taryhy-medeni mirasa degişli bolan ýadygärlikler, olary öwrenmek, şeýle hem saklanyp galan taryhy ýadygärlikleriň binagärlik aýratynlyklary barada gürrüň berýän maglumatlar, gymmatlyklar muzeýiň esasyny düzýär. Bu ýerde arheologik-gazuw agtaryş işleri netijesinde ýüze çykarylan gymmatlyklaryň örän köp mukdary bolup, olaryň üsti yzygiderli ýetirilýär. 

Ýurdumyzyň çäginde bar bolan taryhy-medeni ýadygärlikler döwlet tarapyndan hasaba alyp, olaryň üsti ylmy gözlegleriň netijesinde ýetirilip durulýar. Arheologik-gözlegler, ylmy açyşlar türkmen halkynyň baý medeni-taryhy mirasa eýedigini has aýdyňlygy bilen äşgär edýär. Häzirki döwürde Diýarymyzyň çäginde bar bolan ýadygärlikler, gadymy şäher galyndylary we taryhy ähmiýeti bolan depeler ylmy esasda öwrenilýäir.

Muzeý gymmatlyklary bilen tanyşlygyň barşynda dürli ministrlikleriň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary hem-de wekilleri bu ýerde görkezilýän gymmatlyklaryň üsti bilen halkymyzyň baý taryhy-medeni mirasyna göz ýetirmek üçin oňyn mümkinçilikleriň bardygyny bellediler. 

Bellenilişi ýaly, häzirki döwürde Türkmenistanyň taryhy-medeni ýadygärliklerinde geçirilýän işler üç ugur boýunça alnyp barylýar. Olar arheologik, gazuw-agtaryş, dikeldiş hem-de gorag-barlag ugurlaryndan ybaratdyr. Arheologiýa ugry ylmy maslahatlaryň we bu ugurda iş alyp barýan alymlaryň maglumatlarynyň netijesinde ýüze çykýar. Bu ugurda alnyp barylýan işleriň netijeleri döwürleýin metbugatda yzygiderli çap edilýär we teleradioýaýlymlarda bu barada gepleşikler taýýarlanylýar. 

Soňky ýyllarda ýurdumyzyň çäklerinde diňe bir Türkmenistanyň däl, eýsem tutuş sebitiň gadymy medeniýetiniň ösmegine uly goşant goşan hem-de taryhda ägirt  uly yz goýan taryhy wakalar, gymmatlyklar  ylmy esasda içgin öwrenilýär. Bu babatda birnäçe arheologik açyşlar ýüze çykaryldy. 

Mälim bolşy ýaly, arheologik gazuw-agtaryş işleri ýadygärlikleriň öwrenilmeginde möhüm orun eýeleýär. Şol işleriň barşynda tapylan zatlar ýurdumyzyň muzeýleriniň gaznalarynyň üstüni ýetirip, milletiň we tutuş dünýäniň gymmatly medeni baýlygyna öwrülýär. Mundan başga-da, degişli  dikeldiş çäreleriniň durmuşa geçirilmegi netijesinde ýadygärliklere täze ömür berilýär. 

Şunlukda, bu ugurda iş alyp barýan taryhçy alymlar, arheologlar 
gazuw-agtaryş işleriniň barşynda gadymy binalaryň asyl durkuna zeper ýetirmezden olar baradaky  maglumatlary giňişleýin ýüze çykarmak ugrunda zerur çäreleri alyp barýarlar. Uzak geçmişden galan gymmatlyklar, ençeme asyrlaryň saklan ýerleri ylmy esasda öwrenilip, olaryň ähmiýeti baradaky maglumatlar dikeldilýär.

Häzirki döwürde milli Liderimiziň tagallasy bilen gadymy 
taryhy-medeni we binagärlik ýadygärliklerini netijeli gorap saklamak, olary ylmy esasda öwrenmek hem-de geljek nesillere ýetrmek boýunça ägirt uly işler alnyp barylýar. Şeýle hem milli taryhy-medeni mirasyň desgalarynyň bir bitewi sanawyny döretmek, bu ugurda täze kanunlary işläp taýýarlamak boýunça maksatnamalaýyn çäreler durmuşa geçirilýär.

Hut şeýle işleriň alnyp barylmagy netijesinde ýurdumuzyň ähli künjeklerinde hereket edýän muzeýleriň gymmatlyklarynyň sany yzygiderli artýar. Bu bolsa asyrlaryň dowamynda türkmen halkynyň döreden milli gymmatlyklarynyň täzeden dikeldilmeginde, olaryň geljek nesillere ýetirilmeginde has-da ähmiýetldidir. 

Muzeý işgärleri ýurdumyzyň ministrlikleriniň we pudaklaýyn düzümleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylarynyň, wekilleriniň gyzyklanýan sowallaryna jogap berip, muzeý gymmatlyklary, olaryň aýratynlyklary hem-de ähmiýeti dogrusynda giňişleýin maglumatlar berdiler.

Bu ýerde bolanlar, halkymyzyň uzak geçmişine, şu gününe, ýurdumyzyň ýeten derejeisne degişli maglumatlar bilen tanyşmaga döredilen mümkinçilik üçin milli Liderimize tüýs ýürekden hoşallyk sözlerini aýtdylar. Şeýle hem olar Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek ýylynda bu ugurdaky alnyp barylýan işleri has-da kämilleşdirmek  boýunça öňde durýan wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegi ugrunda ähli tagallalaryny gaýgyrmajakdyklaryna ynandyrdylar.

Degişli makalalar

Palestinanyň Türkmenistandaky Medeniýet Günleri Dostluk Konserti Bilen Tamamlandy

Palwan Muhyýew

turkmenhabargullugy

Bathyz goraghanasynyň täsinlikläri

syrach