8.9 C
Aşkabat
22.11.2024
YKDYSADYÝET

Aşgabatda Türkiýäniň Eksport Harytlarynyň Sergisi Açyldy

Türkmen paýtagtynda Türkiýe Respublikasynyň eksport harytlarynyň däp bolan sergisi öz işine başlady, bu çäräni Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy “Meridýen Uluslararasi Fuarçilik” türk kompaniýasy bilen bilelikde gurdy. Ýöriteleşdirilen gözden geçiriliş türk hyzmatdaşlarymyzyň öndürýän önümleriniň giň görnüşlerini görkezmek üçin netijeli meýdançadyr, onda iň täze işläp taýýarlamalar we tehnologiýalar görkezilýär we iki dostlukly ýurduň söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyny ösdürmäge hem-de işewürligiň gerimini giňeltmäge ýardam berer.

Türkiýe Respublikasy Türkmenistanyň iri söwda ykdysady hyzmatdaşlarynyň biri bolup durýar. Türk işewürleri we kompaniýalary türkmen kärdeşleri bilen ýakyn hyzmatdaşlykda ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan giň möçberli maksatnamalary hem-de taslamalary durmuşa geçirmäge işjeň gatnaşmak bilen, hyzmatdaşlygyň köp ugurlary boýunça öz orunlaryny berkitmäge çalyşýarlar, bu hyzmatdaşlyk gurluşyk, energetika, himiýa we dokma pudaklaryny, oba hojalygyny öz içine alýar. Muňa amala aşyrylan we häzirki wagtda durmuşa geçirilýän bilelikdäki taslamalaryň onlarçasy aýdyň şaýatlyk edýär, haryt dolanyşygynyň möçberleri okgunly artdyrylýar,  işewürlik maslahatlary yzygiderli geçirilýär. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň 2015-nji ýylyň awgust aýynda Türkiýä  amala aşyran iş saparynyň barşynda Stambulda  bu ýurduň iri işewürler toparlarynyň wekilleri bilen bolan duşuşygy iki ýurduň işewürlik gatnaşyklaryny giňeltmek üçin täze ugurlary açdy. Iri türk kompaniýalarynyň ýolbaşçylary netijeli gatnaşyklary, şol sanda ykdysady hyzmatdaşlygy diwersifikasiýlaşdyrmagyň hasabyna ösdürmek boýunça anyk teklipler bilen çykyş etdiler. 

Türkmen telekeçileriniň her ýyl geçirilýän Halkara Izmir sergisine gatnaşmagy, şeýle hem Aşgabatda Türkiýe Respublikasynyň gurluşyk senagaty serişdeleriniň we eksport harytlarynyň   ýöriteleşdirilen sergileriniň guralmagy hyzmatdaşlygy giňeltmek boýunça ikitaraplaýyn tagallalaryň üznüksiz ösdürilýändiginiň subutnamasydyr. 

Dostlukly ýurduň paýtagtymyzyň Sergi köşgünde geçirilýän şu gezekki sergisi hem muňa nobatdaky gezek şaýatlyk edýär. Oňa gatnaşmak üçin paýtagtymyza Türkiýäniň döwlet düzümleriniň, iri senagatçylarynyň we telekeçileriniň, şol sanda 100-den gowrak kompaniýanyň we firmalaryň 200-den gowrak ýolbaşçylaryndan   hem-de hünärmenlerinden ybarat wekilçilikli topar geldi. Olar ýurdumyz bilen has netijeli hem-de uzakmöhletleýin hyzmatdaşlygy okgunly ösdürmäge uly gyzyklanma bildirýärler. Şu gezekki ykdysady gözden geçirilişde 32 kompaniýanyň öz mümkinçiliklerini we ýokary tehnologiýalaryny ilkinji gezek görkezýändikleri aýratyn bellenilmeli ýagdaýdyr. 

Serginiň açylyş dabarasyna hökümet agzalary, ýurdumyzyň ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň, Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalaryň, halkara guramalarynyň,  köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary we wekilleri gatnaşdylar.

Ýygnananlar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň sergä gatnaşyjylara we myhmanlaryna iberen Gutlagyny uly üns bilen diňlediler. Gutlagda iki doganlyk ýurduň arasyndaky özara bähbitli gatnaşyklaryň okgunly ösdürilýändigi bellenilýär. Milli Liderimiz  bu ykdysady gözden geçirilişiň iki halkyň arasyndaky dost-doganlyk gatnaşyklaryny has-da pugtalandyrmaga ýardam etjekdigine ynam bildirip, oňa gatnaşyjylara türkmen-türk hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de ösdürmäge gönükdirilen işlerinde uly üstünlikler arzuw etdi. 

Köpugurly sergi türk öndürijileriniň eksporta iberýän harytlarynyň dürli görnüşlerini görkezýär, onuň diwarlyklarynda maşyn gurluşygy, enjamlar we senagat hem-de oba hojalyk pudaklary üçin ätiýaçlyk şaýlaryň toplumlary, gurluşyk serişdeleri, durmuş tehnikasy we elektronika enjamlary, mebel, dokma önümleri, durmuş himiýasy, parfýumeriýa önümlerini, azyk önümleriniň dürli görnüşlerini, hojalyk harytlaryny öz içine alýan teklipleriň toplumlary hödürlenilýär.

Sergä gatnaşyjylaryň hatarynda generator we transformator enjamlaryny iri öndürijiler “Emsa Elektromotor”, “LTE Pano”, “Kaseri Trafo” kompaniýalary bar. Penjireleri we gapylary öndürýän “Pakpen plastik boru”, “Em-Ka Çelik kompaniýalary   gurluşyk serişdeleri ulgamynda işleýärler, sendwiç-panelleri, diwarlar we üçekler üçin ýokary goragly kompozit serişdelerini (“Assan Panel”), turba önümlerini öndürijiler (“Netbor Plastik Boru”, “Ufuk Boru”) önümlerini hödürleýärler. “Çuhadaroglu” kompaniýasy dürli desgalar üçin, şol sanda sport toplumlary we stadionlar üçin demir gurnamalaryny hem-de zerur enjamlar toplumlary önümçiligi ulgamynda işleýär.

“A.O.Smith”, “HSÇ Arytym” kompaniýalary suw üpjünçiligi, lagym we suwaryş, suwy arassalaýş ulgamlary üçin enjamlary hödürleýärler. “Frigo mehanik” kompaniýasy uly möçberlerde iri desgalarda azyk önümlerini doňdurmak we saklamak ulgamy boýunça Türkmenistanda bellidir. 

Gelşikli mebel önümleriniň dürli toplumlaryny öndürmäge ýöriteleşdirilen “Ladin Mob. Kanape” kompaniýasy ilkinji gezek öz önümlerini görkezýär. Sergide çagalar we bilim edaralaryny, okuw barlaghanalaryny, şeýle hem sport meýdançalaryny we stadionlary enjamlaşdyrmaga niýetlenen diwarlyklara aýratyn orun berilýär.

Ýurdumyzda durmuş tehnikasyny we aşhana enjamlaryny öndürmekde giňden belli sergi bölümleri gelýänleriň uly gyzyklanmasyna eýe bolýar. Olar sowadyjylaryň, ýuwujy enjamlaryň, gaz we elektrik enjamlarynyň, mikrotolkunly peçleriň, ýyladyjy abzallaryň, şeýle hem durmuş elektrik enjamlarynyň iň täze görnüşlerini öndürýän “Beko”, “Simfer”, “Fiesta”, “Senser”, “Baumak” kompaniýalarydyr. Şeýle hem sergide aşhana önümleriniň we jemgyýetçilik iýmiti kärhanalary üçin oňaýly mebelleriň dürli görnüşleri görkezilýär. 

“Vestel” kompaniýasynyň  3D şekilli iň häzirki zaman telewizorlary innowasiýa bezegi bilen köpleriň ünsüni çekýär. 

Sergide    durmuş himiýasy, dürli ýuwujy serişdeler hem-de kosmetiki önümler, çagalar üçin arassaçylyk maksatly serişdeleriň bölümleri giňden ýaýbaňlandyryldy. 

Dostlukly ýurduň eksport harytlarynyň   gözden geçirilişiniň aýratynlygy hökmünde ugurdaş kärhanalar bilen bir hatarda türk senagatçylarynyň we telekeçileriniň ol ýa-da beýleki ulgamda ýöriteleşmegi netijesinde birleşen kompaniýalaryň gatnaşmagyny bellemek bolar. Olaryň bu iri möçberli çärä gatnaşmagy diňe bir türk öndürijileriniň mümkinçiliklerini, olaryň    öndürýän önümleriniň köpdurluligini açyp görkezmek bilen çäklenmän, türkmen hyzmatdaşlary bilen göni gatnaşyklary ýola goýmak üçin hem şertleri döredýär. 

Bugdaýyň iň gowy görnüşlerinden ýarma we aş önümlerini taýýarlaýan,  şeýle hem deňiz önümlerini gaýtadan işleýän kärhanalaryň birleşigi obasenagat toplumy we azyk pudagy üçin önümleriň uly bölümini ýaýbaňlandyrdy. Bu bölümde dürli süýji – köke önümleriniň tagamyna baha bermek bolýar. 

Günüň ikinji ýarymynda “Mizan” işewürlik merkezinde Türkmen-türk işewürler maslahaty geçirldi, oňa iki ýurduň döwlet düzümleriniň we işewür toparlarynyň wekilleri gatnaşdylar. Türk wekiliýetiniň düzüminde Türkiýe Respublikasynyň Edaralar we biržalar birleşiginiň, Daşary ykdysady gatnaşyklar komitetiniň, şeýle hem Halkara ulag assosiasiýasynyň, Stambulyň Söwda edarasynyň, Izmiriň haryt biržasynyň, Türkiýe Respublikasynyň  Hazar strategiýasy institutynyň, gurluşyk, elektrik energetikasy, logistika, awtoulag senagaty, dokma senagaty, azyk pudagy, elektron enjamlary ulgamlarynda ýöriteleşdirilen otuza golaý iri kompaniýalaryň we firmalaryň  ýolbaşçylary hem-de hünärmenleri bar. 

Maslahatyň açylyş dabarasynda çykyş eden Türkiýe Respublikasynyň wekiliýetiniň ýolbaşçysy, ykdysadyýet ministri Mustafa Elitaş hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa türkmen-türk hyzmatdaşlygyny işjeň goldaýandygy üçin çuňňur hoşallygyny beýan edip, serginiň we işewürler duşuşygynyň geçirilmeginiň ýurtlarymyzyň hyzmatdaşlygyň dürli ugurlary boýunça ikitaraplaýyn özara bähbitli gatnaşyklary giňeltmäge özara gyzyklanma bildirýändiklerine şaýatlyk edýär.  

Sergi 11-nji fewralda öz işini tamamlar.    

Degişli makalalar

2017-nji Ýylda Ýurdumyzyň Ykdysadyýeti Okgunly Ösmegini Dowam Edýär

Prezidentimiz paýtagtymyz boýunça iş saparyny amala aşyrdy.

syrach

Ýurduň Ykdysadyýetiniň Ösüşi Boýunça Ylmy-Amaly Maslahat

syrach